Aşgabatda GDA-nyň Elektroenergetika Geňeşiniň mejlisi boldy
Şu gün paýtagtymyzyň “Mizan” işewürlik merkezinde GDA-nyň Elektroenergetika Geňeşiniň 41-nji mejlisi boldy, şonda 2011-2012-nji ýyllaryň güýz-gyş döwründe Arkalaşygyň döwletleriniň milli energiýa ulgamlarynyň işiniň jemleri we Orta Aziýanyň energiýa ulgamynyň utgaşdyrylan işiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşmak üçin GDA-niň 11 ýurdundan energetika ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary Aşgabada geldiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mejlise gatnaşyjylara Gutlagynda belleýşi ýaly, “Türkmenistanyň 2012-nji ýylda GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Elektroenergetika Geňeşiniň 41-nji mejlisi tejribe alyşmaga, gyzyklanýan taraplaryň arasynda gepleşikleri geçirmäge, elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitlemäge mümkinçilik berer”. Döwlet Baştutany şu mejlisde taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berjek möhüm hem-de özara peýdaly çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.
Mejlisiň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň esasy düzgünleri, işläp gelýän elektrik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, energiýa kuwwatlyklary we daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmegiň ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe önümçiligiň çalt döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda strategkii pudaklary, şol snada energetika senagatyny hem ösdürmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Häzirki wagtda türkmen elektroenergetikasy ösüşiň durnukly ýokary depginlerini saklaýar hem-de dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilişini artdyrmaga ukyplydyr.
Gysga möhletlerde ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda gurlan kuwwatly elektrik stansiýalary we täze elektrik geçiriji ulgamlar netijesinde pudagyň köp esse artan kuwwatlylygy ýurdumyzyň ähli sarp edijilerini doly üpjün etmek bilen bir hatarda, elektrik energiýasyny Eýrana we Owganystana ibermäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň energiýa ulgamynyň esasynda pudagyň öňbaşçysy bolan Mary GES-inden başga-da, Aşgabatda, Ahalda, Balkanabatda, Lebapda, Daşoguzda we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ulanylmaga berlen döwrebap enjamlardan ybarat bolan kuwwatly elektrik stansiýalarynyň birnäçesi işleýär. Mary GES-inde soňky ýyllarda önümçilik kuwwatlyklary ep-esli artdyryldy. Häzirki wagtda türkmen energiýa ulgamynyň kuwwatlylygy 4173,2 megawatta barabardyr.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan bu pudagy ösdürmegiň uzakmöhletli strategiýasyna laýyklykda Aşgabat-Balkanabat-Türkmenbaşy ugrunda 500 kilowolt kuwwaty bolan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy amala aşyrylar. Ikinji tapgyrda Aşgabat-Mary ugrunda şunuň ýaly ulgamy gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Daşoguzda 500 kW podstansiýasynyň gurluşygynyň taslamasyny dowam etdirmek, soňra bolsa Daşoguz şäherinden Türkmenbaşy şäherine çenli 500 kW ýokary woltly ulgamy gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň energiýa ulgamy 500 kilowolt kuwwatly elektrik geçiriji ulgamlar bilen halkalanar.
Energiýanyň çykdajysy az we ekologiýa taýdan arassa alternatiw çeşmelerini, mysal üçin, ýeli we Güni peýdalanmak boýunça, energiýany az harçlaýan täze tehnologiýalary döretmek hem-de olary önümçilige ornaşdyrmak boýunça uly işler geçirlýär. Energiýanyň alternatiw çeşmelerde işleýän dürli toplumlaýyn enjamlar eýýäm tebigy gaz, bakja ekinleriniň tohumlary guradylan mahaly, çöllük ýerlerde, uzakda ýerleşýän daýhan hojalyklaryna hyzmat etmekde özüniň netijeliligini görkezdi. Howpsuz energiýa üpjünçiliginiň transmilli düzümlerini ösdürmek boýunça milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasaty, türkmen döwletiniň Baştutanynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden aýdan başlangyçlary babatda Türkmenistanyň artýan energetika kuwwatlylygy häzirki wagtda çuňňur sarpa goýulmaga mynasypdyr we maýadarlarda, işewür toparlaryň, beýleki döwletleriň iri kärhanalarynyň wekillerinde uzakmöhletleýin esasda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de giňeltmäge uly gyzyklanma döredýär. Bu babatda diňe bir ykdysady taýdan özüni ödemegi däl, eýsem, global energetiki meseleleri çözmäge ýardam etmegi möhümdir.
Häzirki döwrüň global anyk ýagdaýlary täze çemeleşmeleriň, ylalaşylan hereketleriň, dürli taraplaryň bähbitlerini nazara almagyň, garaýyşlaryň ýakynlaşmagynyň zerurdygyny, mahlasy, Türkmenistanyň özüne mahsus işjeň parahatçylygy üpjün ediji garaýyşy bilen belent ynsanperwer pikirler arkaly baýlaşdyrýan hyzmatdaşlyk edilmegini öňe sürýär.
Elektroenergetiki Geňeş (EEG) we onuň işçi edarasy bolan Ýerine ýetiriji komitetiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Elektrikenergetikasy babatda döwletara gatnaşyklaryny utgaşdrmak baradaky Ylalaşyga laýyklykda döredilendigini ýatlap geçmek gerek.
GDA EEG-nyň düzümine Geňeşiň agzalary bolan elektroenergetika döwletleriň: Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň, Ukrainanyň dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we Geňeş tarapyndan bellenilýän Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy girýär. Elektroenergetika Geňeşiniň prezidenti we wise-prezidenti Geňeşiň agzalaryndan salýlanylýar.
Elektroenergetikanyň bir bitewi tehnologiki binýadyny peýdalanmagyň hem-de milli elektrenergetika ulgamlarynyň durnukly ýagdaýda ugurdaş işlmegini guramagyň hasabyna Arkalaşygyň döwletleriniň ygtybarly energiýa üpjünçiligini gazanmak Geňeşiň esasy maksady bolup durýar.
Mejlisiň barşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Elektroenergetika Geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy S.Mişuk we wekiliýetleriň ýolbaşçylary 2011-2012-nji ýyllaryň güýz-gyş döwründe Arkalaşygyň döwletleriniň energiýa ulgamlarynyň işiniň jemleri barada çykyş etdiler. GDA gatnaşyjy döwletleriň energiýa ulgamlaryna birleşdirmek bilen respublikanyň energiýa ulgamynyň ugurdaş işlemegini dikeltmek hakynda Ermenistan Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministriniň orunbasarynyň habary diňlenildi.
Şeýle hem mejlisiň çäklerinde degişli çözgüt kabul edilen şu meseleler, ýagny Arkalaşygyň döwletleriniň elektrik energiýasynyň akymlarynyň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň energiýa ulgamlarynyň arasyndaky kuwwatlyklaryň meýilleşdirilmedik gyşarmalaryna degişli meseleleri düzgünleşdirmekde özara gatnaşyk edilmegine; GDA gatnaşyjy döwletleriň energetika babatda gözegçileriniň ýolbaşçylarynyň “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklaryny guramak we hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnamany taýýarlamak boýunça belli bir maksatly işçi toparynyň işine; GDA-nyň Elektroenergetikasynda işgärler bilen iş alyp barmak we işgärleri taýýarlamak meseleleri boýunça işçi toparynyň işine; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Elektroenergetika Geňeşiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady toparynyň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň taslamasyna garamaga; GDA-nyň Elektroenergetika Geňeşiniň ÝEWRELEKTRIK bilen hyzmatdaşlyk etmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga hem energiýa öndürmegiň ekologiýa tarapy, energiýa babatda netijelilik, dikeldilýän energetikany ösdürmek, iri tehnologiki bozulmalar we tebigy hem-de tehnogen häsiýetindäki adatdan daşary ýagdaýlar ýok edilen mahaly we başga ýagdaýlarda GDA-nyň ýurtlarynyň elektroenergetika kompaniýalarynyň özara gatnaşyklary ýaly möhüm meseleler hem gozgaldy.
GDA-nyň Elektroenergetika Geňeşiniň mejlisinde onuň prezidenti wezipesine Russiýa Federasiýasynyň energetika minsitri A.Nowak saýlandy.
Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler, şonda GDA-nyň Elektroenergetika Geňeşiniň 41-nji mejlisini üstünlikli geçirmäge ýardam we goldaw berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.