“Türkmen tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri” atly halkara ylmy maslahatyndan
Şu gün Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Türkmen tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri” atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady, bu maslahat ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny hem-de tebigatymyzyň täsin galdyrýan gözel künjeklerini öwrenmek bilen bagly bolan wajyp meselelerine bagyşlanýar. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň sekretariaty, ýurdumyzyň Tebigaty goramak ministrligi, Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Lebap welaýatynyň häkimligi tarapyndan bilelikde guraldy.
Bu maslahata dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan -- ABŞ-dan, Kanadadan, Beýik Britaniýadan, Italiýadan, Ispaniýadan, Finlýandiýadan, Russiýadan we beýleki ýurtlardan alymlaryň we bilermenleriň 60-dan gowragy we olaryň türkmen kärdeşleri ýygnandylar. Şeýle hem maslahata gatnaşýanlaryň hatarynda şonuň öňüsyrasyndaky halkara ylmy ekspedisiýanyň çäklerinde Köýtendaga ylmy-barlaglary geçiren hünärmenler bar. Ekspedisiýanyň barlaglaryna ÝUNESKO-nyň bilermenleri, şeýle hem dürli ugurlar boýunça hünärmenler we tanymal alymlar—paleontologlar, minerologlar, speleologlar, botanikler we zoologlar, ekologlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bu maslahatyň açylyş dabarasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky drama teatrynyň uly zalynda boldy. Şonuň öňüsyrasynda teatryň binasynyň öňündäki meýdançada welaýatyň tanymal tans toparlarynyň maslahata gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň öňündäki täsirli çykyşlary boldy. Teatryň eýwanynda Köýtendagyň we tutuş welaýatyň gözel künjekleri, onuň baý etnografik we medeni mirasy, baý tebigatynyň gözelligi, ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsiniň täsin galdyrýan dürli görnüşleri barada söz açýan giňişleýin sergi guraldy.
Maslahata gatnyşyjylar döwlet Baştutanynyň Gutlagyny uly gyzyklanma bilen diňlediler. Şonda döwlet Baştutany şu halkara ylmy maslahatyň Köýtendagyň tebigatyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak, şeýle-de bu täsin künjegi syýahatçylygyň merkezine öwürmekdäki wezipelerini kesgitlemek babatda ähmiýetli hem-de örän netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti häzirki döwürde dünýä taryhynyň we medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi, ylmy esasda düýpli öwrenilmäge we barlaglar geçirilmäge, ylmy-populýar, dokumental filmleri surata düşürilmäge hem-de halkara jemgyýetçiligine ýetirilmegine mynasyp görülýän Köýtendagy hem şol sanawa goşup bolar.
Umumy mejlisde alymlar Türkmenistanyň we ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna, ýitip giden süýrenijileriň we ýer-suw jandarlarynyň yzlaryny saklap galan gadymy landşaftlara hem-de olaryň geologik mirasa degişli ýadygärlikler hökmündäki ýagdaýyna, şunuň ýaly ýerleriň goralyş derejesiniň geljekki mümkinçiliklerine baha berilmegine degişli meseleler boýunça çykyş etdiler. Şonda dinozawrlaryň Hojaýpiliň golaýyndaky yzlaryna degişli täze maglumatlar bilen tanyşdyryldy hem-de dünýädäki şunuň ýaly ýerleri ylmy taýdan öwrenmek boýunça toplanan tejribä garaldy. Alymlar Köýtendagyň gowaklaryny daşky gurşawyň täsin galdyrýan ýerleri hökmünde öwrenmek, olaryň ähmiýeti, ylmy - barlaglaryň taryhy, bu ýeriň haýwanat dünýäsini, ýerasty suw ulgamlaryny öwrenmek we goramak hem-de beýleki wajyp ähmiýetli meselelere aýratyn üns berdiler.
ÝUNESKO-nyň Tährandaky sebitleýin edarasynyň direktory hanym Tarýa Wirtanen maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň baý medeni tebigy mirasy bilen meşhurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň taryhy-medeni, şeýle hem täsin galdyrýan tebigy künjekleriniň nobatdaky nominasiýasy boýunça Türkmenistanyň we ÝUNESKO-nyň arasynda işjeňleşen hyzmatdaşlygyň möhümdigi bellenildi. Köýtendagyň gözelliginiň dünýä ýaýylmagyna bagyşlanan şu halkara maslatynyň guralmagy hem şu ugurda geçirilýän işleriň giň gerime eýe bolandygyna we bilelikde uly işleriň geçiriljekdigine şaýatlyk edýär.
Soňra maslahat birnäçe bölümler boýunça mejlisleri geçirmek arkaly dowam etdirildi, şonda Köýtendagyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygyna, onuň mineral serişdelerine we ekologiýasyna, tebigy-medeni we etnografik taýdan täsirli ýerlerine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Köýtendagyň tebigy we medeni baýlyklarynyň goralmagyny düýpli öwrenmek üçin halkara ylmy hyzmatdaşlygyň orny we mümkinçilikleri hem-de sebitde halkara syýahatçylygyny ösdürmek barada pikir alşyldy.
Halkara maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar bu maslahatyň öňüsyrasynda geçirilen ekspedisiýanyň barşynda Köýtendagyň özboluşly tebigy landşaftlary, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň dürli-dürlüdigi, onuň tebigy we etnografik taýdan täsirli ýerleri boýunça toplanan gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyryldy.
Ozal habar berlişi ýaly, 23-26-njy maý aralygynda dowam eden ylmy ekspedisiýa gatnaşyjylar Hojaýpil atly daglyk obanyň ýanynda dinozawrlaryň aýak yzlarynyň galan ýerini, Umbar atly şaglawugy, Kyrkgyz gowagyny, Şeýle hem Gapkotan gowagyny, Daraý deräniň tebigy dünýäsini jikme-jik öwrendiler. Köýtendagyň döwlet goraghanasynda şu ýerlere mahsus bolan ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duşýan we gymmatly görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilýän we köpeldilýän ýerlerinde-de ylmy-barlaglar geçirildi. Ekspedisiýanyň dowamynda toplanan maglumatlar şu gün başlanan maslahatda pikir alyşmagyň barşynda ylmy esasa öwrüldi.
Maslahatyň barşynda alymlar we hünärmenler Köýten deresinde Milli geologik seýilgähi döretmek we ony ÝUNESKO-nyň geologiki seýilgähleriniň ählumumy ulgamyna goşmak, Köýtendag goraghanasyny Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin onuň nominasion maglumatlaryny taýýarlamak boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilermenler şu ugra degişli geljekki ädimleri bellediler.
Maslahatyň işiniň birinji güni tamamlanandan soňra myhmanlar üçin medeni çäreler guraldy. Maslahata gatnaşyyjlar Lebap welaýatynyň ülkäni öwreniş muzeýine bardylar we bu ýerdäki giňişleýin ekspozisiýa bilen tanyşdylar.
Ertir “Türkmen tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri” atly halkara ylmy maslahat öz işini dowam eder.