Ï Türkmenistanyň ylmynyň ekologiýa ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ylmynyň ekologiýa ugry

view-icon 1703
Şu gün, Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynda Agajan Babaýewiň “Çölleriň we çölleşmegiň meseleleri” atly kitabynyň tanyşdyryş çäresi boldy, bu kitap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýardam bermeginde çapdan çykdy.

Tanyşdyryş çäresine ylmy jemgyýetçilik, tebigaty goraýyş ulgamynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Häzirki döwürde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän Türkmenistanyň döwlet tebigaty goraýyş syýasaty tebigy serişdelere aýawly çemeleşilýän mahaly ykdysady hem-de durmuş wezipelerini toplumlaýyn çözmäge esaslanýan ekologiýa taýdan howpsuz ösüşe gönükdirilendir.

Kitabyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly sözleri bilen açylýandygy guwançlydyr, şol sözlerde tebigy serişdeleri goramakda hem-de netijeli peýdalanmakda ylmyň orny nygtalyp geçilýär. “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” döwletiň ýakyn geljek üçin ekologiýa syýasaty kesgitlendi. Onda ýurdumyzyň milli we tebigy-howa aýratynlyklary, şeýle hem Türkmenistanyň tassyklan, halkara ekologiýa maksatnamalaryndan we konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin çäreler nazara alyndy.

Mälim bolşy ýaly, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça global meseleleri çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen EKSPO-2012 Bütindünýä sergisinde biziň ýurdumyzyň ekspozisiýasy bilen tanyşdyryldy. Ol ekologiýa abadançylygyny gorap saklamagyň, suw gorlaryny netijeli peýdalanmagyň, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramagyň milli tejribesini uly üstünlik bilen görkezdi. Şu aýda Rio-de-Žaneýroda /Braziliýa/ BMG-niň durnukly ösüşi boýunça “Rio+20” atly maslahaty geçiriler. Şonda daşky gurşawy goramagyň meseleleri boýunça çekişmeleriň esasy meseleleriniň biri bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistan bu sammite durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmagyň ýoly bilen öňe tarap ilerlemekde döwürleýin waka hökmünde garap, birnäçe anyk teklipler bilen çykyş etmegi göz öňünde tutýar diýip belledi.

Tanymal türkmen alymy A.Babaýewiň “Çölleriň we çölleşmegiň meseleleri” atly täze ylmy işinde Ýer şarynyň çöllerini toplumlaýyn öwrenmegiň we örän baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmagyň meseleleri öz beýanyny tapdy. Bu işde çölleşmegiň öňüni almak boýunça barlaglara aýratyn üns berildi, Orta Aziýanyň we Türkmenistanyň çölleriniň tebigy şertleri we serişdeleri jikme-jik seljerildi.

Türkmen we rus dillerinde aýratynlykda çykarylan bu kitap geograflar, ekologlar, oba hojalyk işgärleri we ykdysadyýetçiler üçin niýetlenip, diňe häzirki zamanyň ählumumy ekologiýa meseleleriniň biri bolan çölleşmä garşy göreşde ylmy işleri netijeli peýdalanmagyň meseleleri bilen meşgullanýan ýurdumyzyň hünärmenlerinde däl-de, eýsem, daşary ýurtly hünärmenlerde hem uly gyzyklanma döretjekligi şübhesizdir.