Ï Türkmenistan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi belläp geçdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi belläp geçdi

view-icon 1165
Şu gün türkmen paýtagtynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanylyp guralan dabaraly çäreleriň çäklerinde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň tebigatyny goramak ulgamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Bu maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan guraldy.

Paýtagtymyzdaky “Prezident” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň we suw hojalygynyň, esasy alymlary, bilermenleri, ekologlary, hünärmenleri, halkara guramalarynyň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň tebigaty goramak ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Milletiň Lideriniň aýratyn belleýşi ýaly, daşky gurşawy goramak, tebigatymyza aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir.

Biziň ýurdumyz ekologiýa, daşky gurşawy goramak babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ähli zerur işleri yzygiderli amala aşyrýar we bu ugurda täze kanunlary kabul edýär. Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan taslamalaryň, gurulýan täze binalaryň, kärhanalaryň ekologiýa nukdaýnazardan ygtybarly bolmagy hökmany şerte öwrüldi diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara hyzmatdaşlygy meselesine degip geçip, öz Gutlagynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň daşky gurşawy goramak boýunça halkara konwensiýalarynyň, ylalalşyklarynyň, taslamalarynyň çäklerinde dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan meseleleriň oňyn çözülmegine saldamly goşandyny goşup gelýändigini we bu ugurda birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny aýratyn nygtady.

Şu maslahatyň çäklerinde tebigatdan rejeli peýdalanmagyň we daşky gurşawy goramagyň, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we bu ulgamda öňdebaryjy tejibäni ornaşdyrmagyň ileri tutulýan meselelerine seredildi. Çykyşlarda tebigaty goramak baradaky goraghanalaryň işi, seýrek duş gelýän haýwanlary we ösümlikleri goramak we köpeltmek boýunça alnyp barylýan işler, tebigatdan rejeli peýdalanylmagyny, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ulanylmagyny, giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän çäreleriň amala aşyrylyşy barada durlup geçildi. Türkmenistanda oazislerde topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekologiýa ulgamlaryny dikeltmek, zeý suwlary gaýtadan ulanmak ulgamynda iri taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirilýär. Olar dünýä bileleşiginiň, hünärmenleriň we bilermenleriň uly gyzyklanmasyny döredýär.

Maslahata gatnaşyjylara görkezilen “Türkmenistanyň tebigaty” atly film hem uly gyzyklanma döretdi. Şol filmde türkmen topragynyň gözelligi onuň özboluşly we gaýtalanmajak tebigaty, haýwanat we ösümlik dünýäsi barada gürrüň berilýär.

Netijeli pikir alyşmalaryň barşynda maslahata gatnaşyjylar tebigaty goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigini, bu ulgamda örän ähmiýetli halkara başlangyçlary bilen çykyş edýändigini nygtadylar. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň biologik köpdürlüligi we ozon gatlagyny aýawly saklamaga, çölleşmäge we howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge we beýleki möhüm meselelere degişli konwensiýalarynyň birnäçesine goşuldy. Täze taryhy eýýamda halkara hyzmatdaşlygy aýratyn ösüşe eýe boldy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar konwensiýasyna, biologiki howpsuzlyk boýunça Kartahen protokolyna (Biologiki köpdürlülik hakyndaky konwensiýa), Kopengagen, Monreal we Pekin düzedişlerine (ozon gatlagyny dargadýan maddalar boýunça Monreal protokolyna) goşuldy.

Maslahatda edilen çykyşlarda türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, sebitleýin we ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn daşary syýasat başlangyçlaryna aýratyn orun berildi. Şunuň bilen baglylykda, Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek “Rio+20” duşuşygynyň ähmiýeti bellenildi. Şol duşuşykda Türkmenistan häzirki wagtda bütin adamzadyň öňünde durýan global ekologiki meseleleri çözmek bilen baglanyşykly örän ähmiýetli başlangyçlary dünýä bileleşigine hödürlemegi göz öňünde tutýar. Hususan-da, biziň ýurdumyz BMG bilen hyzmatdaşlykda Aşgabatda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitleýin merkezi döretmegi teklip edýär.

Maslahatyň çäklerinde şeýle hem mähriban topragymyzyň baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak işinde uly üstünliklere eýe bolan tebigaty goramak ulgymynyň has tapawutlanan işgärlerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, tebigaty goramak çärelerine, tebigatdan rejeli peýdalanylmagyny, daşky gurşawyň netijeli goralmagyny üpjün etmek maksadynda ekologiýa babatda örän ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilişine uly üns berýändigi üçin milletiň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Şu gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, welaýatlarda, bilim, tebigaty goraýyş we ylmy-barlag edaralarynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan dürli çäreler geçirildi. Mysal üçin, Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde “Türkmen tebigatynyň gözelligi” atly fotosergi açyldy. Onda mähriban topragymyzyň gözelligi, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygy barada gürrüň berilýär.

Agşam “Altyn asyr” seýilgähinde ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we paýtagtymyzyň häkimligi tarapyndan guralan baýramçylyk konserti boldy. Estrada aýdymçylary we döredijilik toparlary, ýurdumyzyň iň gowy sungat ussatlary köp sanly tomaşaçylara - aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna öz döredijiligini hödürlediler.

Olar özleriniň çykyşlarynda mähriban topragymyzyň – uç-gyraksyz Garagumuň, gülzarlyga beslenen oazisleriň, Köpetdagyň we Köýtendagyň üsti garly gerişleriniň, Jeýhunyň çyrpynyp akýan suwunyň we Hazaryň aňyrsyna göz ýetmeýän tolkunlarynyň özboluşly we köp öwüşginli gözelligini beýan etmäge çalyşdylar. Mähriban topragymyza çäksiz söýgä beslenen, häzirki berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän milli aýdym-sazlarda türkmen halkynyň hemişe tebigat bilen sazlaşykda ýaşandygy, ondan ruhlanandygy baradaky hakykat öz aýdyň beýanyny tapdy.