Ï Alymlaryň halypaçylygynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Alymlaryň halypaçylygynda

view-icon 1645
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-gözleg institutynyň hünärmenleri bilen Aýratyn zehinli çagalar üçin Döwlet mekdep-internatynyň arasynda indi birnäçe ýyl bäri işjeň hyzmatdaşlyk saklanylýar. Bu ylmy-gözleg institutynyň belli işgärleri we alymlarynyň halypaçylyk etmeklerinde ylym dünýäsine ilkinji gadamlaryny basýan çagalaryň ylmy gyzyklanmasy emele gelýär.

Mekdep okuwçylarynyň gözleg işlerini guramak bu günki gün ylmy institutlaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Muny mekdep-internatynda terbiýelenýänleriň gönüden-göni halypasy, bilimleriň dürli ulgamlarynda ýaş zehinlileriň özboluşly merkezi, türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institunyň hünärmeni Göwher Geldiýewa hem tassyklaýar: - Alymlaryň bu halypaçylyk işiniň maksatnamasynda, adaty okuw duşuşyklaryndan we okuwçylar bilen şahsy işi guramakdan başga hem, çagalaryň özbaşdak taýýarlanýan ylmy-amaly maslahaty ýaly bilelikdäki işiň görnüşleri hem bar. Özi hem olaryň şeýle maslahatlarda çykyşlary baý suratlar bilen bezelen materiallary peýdalanmak bilen, interaktiw görnüşde geçýär.

Meselem, „Ýaş taryhçy“ gurnagynyň gatnaşyjylarynyň bir maslahaty gadymy Amula, beýlekisi – dünýä siwilizasiýasynyň merkezleriniň biri bolan Marguş ýurduna bagyşlandy. Bu tema Wiktor Sarianidiniň arheologini ekspedisiýasynyň ajaýyp tapyndylarynyň gyzykly fotoönümleriniň görkelişi bilen geçirildi. Beýleki çagalar öz işlerini orta asyr beýik türkmen alymy Abdyseýit Abdylhaýyra bagyşladyalr.

„Türkmenistanyň orta asyr şäherleri ýewreaziýa siwilizasiýa ulgamynda“ ady bilen geçirilen Mekdep okuwçylary Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak bilen, maglumatlar tehnologiýasynyň kömegi bilen medeni mirasy öwrenmek meselelerine bagyşlanan dokladlary taýýarladylar.

Mekdep okuwçylarynyň ylmy-amaly we döwlet we halkara möçberinde geçirilýän maslahatlaryna gatnaşmagynyň ilkinji tejribesi şular ýaly hyzmatdaşlyk, ilkinji nobatda çagalaryň ylmy gyzyklanmalaryny artdyrmak bilen, özüniň oňaýly netijelerini berýär. Olaryň köpüsi ülkäni öwreniş işlerine aýratyn gyzyklanma bildirýärler. Taryhy-medeni goraghanalary, taryhy we arhitektura ýadigärlikleri öwrenmek boýunça ylymy hyzmatdaşlygyň netijeleri barada ýaş žurnalistleriň milli habar beriş serşdelerinde çap edilen onlarça makalalary boýunça hem görmek bolýar.

Taryh institutynyň alymlarynyň mekdep okuwçylary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça ýakyn wagtlarda amala aşyrjak maksatnamasynda – nobatdaky ylmy-amaly maslahatlara, „tegelek stollara“, şeýle hem Beýik ýüpek ýoluna bagyşlanan we onuň häzirki döwürde gaýtadan dikeldilmegine bagyşlanan bilelikdäki çykyşlary taýýarlamak çäresi bar. Şeýle hem institutyň işgärleriniň halypaçylyk işi boýunça maksatnamasynda – çagalary Nusaýda we beýleki taryhy-medeni ýadigärliklerde alnyp barylaýan arheologiki işelere gatnaşdyrmak, şahsy ylmy temalara çekmek ýaly wezipeler bar.

Çagalara gözleg işlerini alyp barmak üçin Türkmenistanyň taryhyny öwrenmekde orta asyr çeşmeleri, Akgoýunly döwletiniň türkmenleriniň daşary syýasaty, halakara ylmy hyzmatdaşlyk, ХIХ-ХХ asyr türkmenleriniň öý-hojalyk önümçiligi, Anadoly döwletinde pul dolanyşygy, türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, seljuk miniatýuralary we beýleki köp sanly ugurlar boýunça temalar hödürlenilýär.

Mekdep okuwçylary bilen netijeli hyzmatdaşlykda biziň institutymyzyň aspirantlaryna uly orun berilýändigini bellemelidiris. Olar okuwçylara mekdep partasyndan başlap, öz hünär ýoluňy nädip özbaşdak „gurmalydygy“ boýunça nusga bolup durýarlar. Alymlar bolsa, täze bilimleri almagyň çylşyrymly, ýöne şeýle gyzykly ýolunda ýaşlary goldamaga elmydama taýýar.