Ï Süri üçin „gök bassyrma“
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Süri üçin „gök bassyrma“

view-icon 1456
Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hünärmenleri ýurduň maldarçylygyna „gök bassyrma“ tehnologiýasyny ornaşdyrmak meselesini öwrenýärler. Onuň maksady tebigy öri meýdanlarynda bakylýan goýun sürülerini tomusda gije-gündüziň dowamynyň yssy döwründe has amatly ýerde – ýörite gurulan gök bassyrmalaryň saýasynda saklamakdan ybaratdyr.

Bu bolsa goýun sürülerine diňe bir ýaz we güýz pasyllarynda täsirini ýetirmän, eýsem günüň gyzgyn şöhleleriniň astynda mallaryň endamy has gyzýan wagtynda – tomus paslynda hem öz agramlaryny işjeň artdyrmaga şert döreder. Bu bolsa olaryň öndümliligini we semizligini saklamaga özüniň oňaýly täsirini ýetirer.

Alymlar „gök bassyrmanyň“ netijeliligini görkezen planetanyň beýleki sebitleriniň, hususanda Russiýanyň günortasynda ýerleşýän Astrahan oblastynyň, tejribelerini öwrendiler. Alymlar „gök bassyrmalaryň“ Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde, haçan-da bu ýerde tomsuň has yssy howasynda, has uly ykdysady netije berer diýen netijä geldiler. Garagumda „gök bassyrmalaryň“ melioratiw netijeliligi has ýokary bolar.

Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutyň hünärmenleri geljekde kärendeçi maldarlaryň we çopanlaryň işinde ygtybarly goldaw berjek şeýle nahallary ekmegi meýilleşdirmek boýunça maslahatlary işläp düzýärler. Olaryň pikirine gör-ä, iň gowusy nirede yzygiderli suwaryp bolýan ýa-da çuň bolmadyk ýerasty suwly düzüminde şory az bolan ýerlerde ýerli görmüşli baglaryň we gyrymsy ösümlikleriň iki we üç ýaşan nahallaryny ekmeklik gowy netijesini berer. Ol şorly topraklaryň golaý ýerlerinde çerkez, gara sazak we gandymdyr, arassa suw bilen suwarylyp bolýan ýerlerde bolsa – ýaprakly we pürli görnüşleri – eldar sosnasyny, tudy, uzyn aýlant, garagaç, igde agajyny, derek, dagdan, ýapon soforasydyr.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň baş hünärmeni Öwezniýaz Gurbanowyň nygtaýşy ýaly, agaç ekmekligiň birnçe görnüşleri göz öňünde tutulýar. Olar 7-8 ýylyň dowamynda suwarymsyz bolmaly, takyrlarda tebigy ýagnyň, kollektor-drenaž suwlarynyň çyglylygynyň hasabyna bolmaly. Olaryň edilşiniň gurluşy göni bakylýan goýunlaryň we geçileriň sanyna laýyk gelýär. Bassyrmalar takmynan şeýleräk bolar: 800-1200 baş süri üçin her biri meýdany 600-900 inedördül metr bolan birnäçe inedördül 8-16 mikro-bassyrma döredilýär.Agaçlary emele getirýän pürleriň aşagynda süriniö ýerleşjek ýerinde uly çäkli göklüge bürenen umumy çäk emele geler. Haçan-da baglaryň boýy 3-4 metre ýetende we pürleriň boýy mallaryň iýmäge boýy ýetmez ýaly derejä ýetende „gök bassyrmalary“ ulanmaga tabşyryp bolar.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä bag ösümlik şertlerine we ösümlikleriň boý almagyna baglylykda bag nahallaryna we köp ýyllyk edilen hyzmatlar üçin ähli çykdajysy ýene-de üç-ýedi ýyldan özüni ödär, soňra bolsa maldarlara goşmaça agram, ýüň gyrkymy hökmünde, guzylaryň sagdyn ösmeklerini gowlandyrmakda girdeji getirip biler. Şeýle hem „gök bassyrmalaryň“ durmuşda ulanyş tejribesi ekoulgamyň biodürliligini saklamak üçin has öňaýly gurşawy döretjekdigine alymlar uly ynam bildirýärler.