Ï Beýik Ýüpek ýoly – döredijilikli däpleriň täzeden dikeldilmeginiň ýoly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik Ýüpek ýoly – döredijilikli däpleriň täzeden dikeldilmeginiň ýoly

view-icon 3063
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň mejlisler zalynda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi: çuňňur kökler we häzirki zaman mümkinçilikleri” atly halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty gurady.

Bu iri maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 20-den gowrak döwletinden, şol sanda Italiýadan, Germaniýadan, Koreýadan, Ýaponiýadan, Ispaniýadan, Wengriýadan, Fransiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Polşadan, Çehiýadan, Marokkodan, GDA ýurtlaryndan we beýleki ýurtlardan alymlar, esasy hünärmenler biziň ýurdumyza geldiler.

Maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara Gutlagy okaldy, onda, hususan-da, Beýik Ýüpek ýolunyň dünýä taryhyndaky orny diňe bir ykdysady serişdeler bilen däl, eýsem, Ýewraziýa giňişliginde ýaşan halklaryň adamzadyň medeni-taryhy mirasynyň bir bölegi bolup durýan baý medeni, ylym we bilim kuwwaty, döredijilik mümkinçilikleri bilen hem kesgitlenilýär diýlip bellenilýär. Bu halkara ýol dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, medeni-ruhy ýörelgeler esasynda ençeme halklary baglanyşdyryp, Ýewraziýa nusgawy medeniýetleriniň döremegine täsirini ýetiripdir.

Türkmenistan öz ösüşiniň täze taryhy zamanasynda—Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe dünýä döwletleri bilen parahatçylyk, dostluk hem-de agzybirlik ýollaryny gurýar, ählumumy parahatçylygy, durnukly ykdysady ösüşi berkitmäge ýardam edýär. Biz Ýewraziýa giňişliginde halkara ulag ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek maksady bilen, “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ulag geçelgelerini – awtomobil ýoluny, demir ýol, howa we deňiz ýollaryny gurmak başlangyjy bilen çykyş edýäris. Munuň özi köpşahaly we köpugurly Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekdäki aýgytly ädimlerdir.

Asyryň iri taslamasy bolan “Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý” gaz geçirijisi gadymy Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge we dünýäniň halklarynyň arasynda özara düşünişmegiň berk binýadyny esaslandyrmaga mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar” halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky Aşgabat ylalaşygyna gol çekilmegi, şeýle hem ýakyn geljekde “Gazagystan- Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň Türkmenistanyň çäklerinden geçýän “Bereket-Gyzylgaýa-Serhetýaka” böleginiň gurluşygynyň tamamlanmagy Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna Günorta Aziýa, Pars aýlaglaryna amatly we gysga ýol bilen çykmaga, sebitiň halklarynyň bähbitlerine hyzmat eder.

Döwlet Baştutanymyz işjeň hem-de netijeli hemmetaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini nygtap, Türkmenistanyň innowasion ösüş ýoluny seçip almak bilen, öz mysalynda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge hem-de medeniýetleriň özara baýlaşmagyna çagyryp, Gündogaryň hem-de Günbataryň halklarynyň arasynda giňden medeni gatnaşyklara we ylmy alyş-çalşa taýýardygyny görkezýär, munuň özi bütin adamzat üçin parahatçylygyň we ösüşiň esasyny düzýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan parahatçylygy üpjün ediji we şunuň bilen birlikde, sebitiň iri medeni merkezi hökmünde ykrar edilýär diýip, milli Liderimiz belleýär. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek taglymy giň möçberli ösüş meýillerine hem-de gadymy türkmen topragynyň taryhy wezipesini ýerine ýetirmegine—siwilizasiýanyň çatrygy bolmagyna, şol sanda ýurdumyzyň häzirki zaman ulag aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek babatda hem şeýle bolmagyna hyzmat eder.

Medeniýetleriň we halklaryň gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, gumanitar hyzmatdaşlyk hakykatda bu iri halkara ylmy maslahatynyň gün tertibini kesgitlän Beýik Ýüpek ýolunyň täsinligini giňden we hemmetaraplaýyn öwrenmäge ýardam eder.

Maslahatyň dabaraly açylyşyndan soň umumy mejlisde ABŞ-dan, Russiýadan, Türkiýeden, Polşadan we Germaniýadan alymlar-- Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň direktorynyň orunbasary, taryh ylymlarynyň doktory, professor, Durmuş we pedagogika ylymlary akademiýasynyň hakyky agzasy Marina Martynowa ýüpekçiligi ösdürmegiň mysalynda Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginiň taryhynyň käbir taraplary hakynda çykyş etdi. Hususan-da, rus alymy ýüpegiň taryhyna Gündogaryň we Günbataryň siwilizasiýalarynyň çatrygy hökmünde, diňe bir ykdysady däl, eýsem, medeni gatnaşyklaryň köpasyrlyk ýoly hökmünde garamak mümkindir diýip belleýär. Şeýlelikde, Beýik Ýüpek ýoly adamzat bileleşiginiň ösüşiniň gadymy goşulyşmak nusgalarynyň biridir.

Izmiriň Ykdysadyýet uniwersitetiniň türk dili meseleleri boýunça utgaşdyryjysy, ylymlaryň doktory, professor Fikret Türkmen öz habaryny bu taryhy ýoluň türkmen we beýleki kowumdaş medeniýetleriň ösüşindäki ornuna bagyşlady. Polşanyň Aziýa we Ýuwaş ummany ýurtlary muzeýiniň işgäri Korolina Krzywikianyň, russiýaly hünärmen Sergeý Laptewiň we Gamburg muzeýiniň ylmy işgäri Silwiýa Winkelmanyň çykyşlarynda sungat eserlerini döretmekde, ýarym gymmat bahaly daşlardan we aýnadan türkmenleriň zergärçilik önümlerini, monjuklary ýasamakda hünär babatdaky usullar bilen baglanyşykly meseleler gozgaldy, munuň özi hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň halklarynyň medeniýetine hem uly täsir edipdir.

Kaliforniýa uniwersitetiniň Gündogar Ýewropany we Merkezi Aziýany öwrenmek boýunça merkeziniň hünärmeni Liladhar Ramçandra Pendseniň ylmy-barlaglary işi Döwletmämmet Azadynyň we Magtymgulynyň şygyrlarynyň seljermesine esaslanýar, munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlarynyň çäginiň türkmen şygryýetine ösüşine täsiri hakynda netije çykarmaga mümkinçilik berdi.

Şu gün Ylymlar akademiýasynyň we onuň düzümine girýän Taryh, Arheologiýa we etnografiýa institutlarynyň binýadynda guralan dört sany bölümleýin mejlislerde “Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmeginiň häzirki zaman mümkinçilikleri”, “Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlary we olary öwrenmek”, “Beýik Ýüpek ýoly we türkmenleriň maddy medeniýetiniň ösüşi”, “Beýik Ýüpek ýoly we türkmenleriň ruhy medeniýetiniň ösüşi” ýaly mowzuklaýyn ugurlar bilen birleşen habarlara garaldy.

Dünýäniň alymlarynyň ileri tutulýan ylmy agtaryşlarynyň we özara peýdaly geljegi uly hyzmatdaşlygynyň bu ugurlary ertir, “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi: çuňňur kökler we häzirki zaman mümkinçilikleri” atly halkara ylmy maslahatynyň işiniň jemleýji gününde hem ara alnyp maslahatlaşylar.