Şu gün türkmen paýtagtynda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi: çuňňur kökler we häzirki zaman mümkinçilikleri” atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady . Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen bu wekilçilikli maslahat tamamlanyp barýan ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we onuň düzümine girýän ylmy-barlag instiutlary tarapyndan geçirilen halkara duşuşyklarynyň hataryndaky ýene-de bir möhüm ähmiýetli waka öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda we uzakda ýerleşýän daşary ýurtlaryň alymlarynyň we esasy hünärmenleriniň gatnaşmagynda guralan ylmy maslahatlaryň tapgyryna mart aýynda badalga berildi, şonda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty tarapyndan orta asyrlarda Türkmenistanyň Ýewraziýa siwilizasiýasynyň ulgamyndaky şäherlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Şu maslahat hem şol meseläniň dowamyna öwrülip, ýurdumyzyň taryhçy alymlarynyň türkmen halkynyň orta asyrlara degişli taryhy we şol döwürdäki baý ylmy mirasy boýunça wajyp ähmiýetli ylmy-barlaglary yzygiderli amala aşyrýandygyny görkezýän nobatdaky subutnama boldy.
Ýeri gelende aýtsak, halkara derejeli şu duşuşyga türkmen kärdeşleri bilen birlikde, dünýäniň 20-den gowrak ýurtlarynyň alymlary gatnaşdylar. Olaryň arasynda Italiýanyň, Germaniýanyň, Eýranyň, Koreýanyň, Ýaponiýanyň, Ispaniýanyň, Wengriýanyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň, Polşanyň, Çehiýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Marokkonyň, GDA ýurtlarynyň we dünýäniň beýleki sebitleriniň wekilleri bar. Şolaryň aglabasynyň diňe bir türkmen topragynda geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryna gatnaşmak bilen çäklenmän, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bilen bilelikde ylmy barlaglary geçirmegi asylly däbe öwrüldi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlag hatynda bu ylmy maslahatyň Beýik Ýüpek ýolunyň dünýä taryhynda tutýan ornuny kesgitlemekde, şeýle hem häzirki zaman şertlerinde bu beýik taryhy ýoly täzeden dikeltmegiň ylmy esaslaryny öwrenmekde örän möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirişi ýaly, bu forumyň işi diýseň netijeli boldy.
Iki günüň dowamynda Ylymlar akademiýasynyň we onuň Taryh, Arheologiýa we etnografiýa institutlarynda geçirilen ylmy maslahatyň umumy mejlisiniň we bölümleriň 4-si boýunça mejlisleriň barşynda gyzykly maglumatlaryň onlarçasy diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň ýapylyş dabarasynda çykyşlaryň täze ylmy maglumatlary aýan etmäge, gadymy döwürlerde Aziýanyň we Ýewropanyň siwilizasiýasyny baglanyşdyran kerwen-söwda ýollarynyň täsin ulgamy hasaplanýan Beýik Ýüpek ýoluny öwrenmek we ony gaýtadan dikeltmegiň usullary boýunça has möhüm ähmiýetli ylmy meseleler babatda jikme-jik pikir alyşmaga ýardam berendigi bellenildi.
Iki günläp dowam eden maslahatyň barşynda täze gatnaşyklar ýola goýuldy, geljegine has uly umyt baglanýan bilelikdäki ylmy barlaglara degişli meseleler hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň binasynyň eýwanynda guralan ýörite sergi hem ylmy gatnaşyklaryň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna ýardam berdi, şonda görkezilen zatlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň ählisiniň işi we häzirki döwürde gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Aşgabadyň we onuň daş-töweregindäki gözel künjeklere gezelençler hem şol ylmy maksatlara, şeýle hem ýurdumyzyň baş şäheri – Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam etdi. Ýurdumyza gelen myhmanlar Türkmenistanyň Baş milli muzeýini, Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýini, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýini, Türkmen halysynyň milli muzeýini, Döredijilik we Ykdysadyýet şäherjiklerini, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk we Konstitusiýa binalaryny, “Nusaý” döwlet-taryhy goraghanasynyň ýadygärliklerini, Seýitjemaletdin metjidini synladylar hem-de “Ylham” seýilgähine gezelenç etdiler, bu seýilgäh ýurdumyzyň täsin galdyrýan ruhy-medeni mirasynyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi.
Türkmen döwletiniň Baştutany gadymy medeniýetleri dikeltmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dürli-dürlňligini gorap saklamak biziň döwletimiziň örän möhüm wezipeleri bolup durýar diýip belleýär. Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolunyň wajyp merkezleri bolan gadymy we orta asyr ýadygärlikleriniň 2,5 müňe golaýyny, şol sanda Türkmenistanyň çäginde ýerleşen kerwensaraýlary, köşkleri, metjitleri, keramatly ýerleriň 25-e golaýyny BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin zerur işler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işlerdäki täzeçe çemeleşmeleriň halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine uly ynam döredýändigini belleýär.
Türkmenistan öz ösüşiniň täze taryhy zamanasynda -- Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe dünýä döwletleri bilen parahatçylyk, dostluk we agzybirlik ýollaryny gurýar, ählumumy parahatçylygy, durnukly ykdysady ösüşi berkitmäge ýardam edýär. “XXI asyr ägirt uly ykdysady, syýasy, medeni, bilim we ylym mümkinçilikleriniň asyrydyr. Bu asyrda Beýik Ýüpek ýoly halklary we medeniýetleri ýakynlaşdyrsyn, dostlugy, hyzmatdaşlygy, hoşniýetli goňşuçlygy, ýürekdeş gatnaşyklary has-da pugtalandyrsyn!”. Milli Liderimiziň bu sözleri işjeň we netijeli ýagdaýda halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhümdigini hem-de şunda Türkmenistanyň innowasion ösüş ýoluny saýlap almak arkaly, dünýä bileleşiginiň ähli halklarynyň arasynda giň medeni hyzmatdaşlygy we ylmy gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny aýdyň görkezýär.
Iki günläp dowam eden şu halkara maslahatynda türkmen we daşary ýurtly alymlaryň çykyşlary olaryň ylmy maksatlarynyň türkmen döwletiniň Baştutanynyň oý-pikirine laýyk gelýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi. Maslahata gatnaşyjylar Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynyň dünýä bileleşiginiň halklarynyň arasynda özboluşly medeni hyzmatdaşlygynyň we özara gatnaşyklarynyň taryhy bolup durýandygyny biragyzdan bellediler. Alymlar forumyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul edip, türkmen Lideriniň halklary we döwletleri parahatçylygyň, dostlugyň we raýdaşlygyň gadymy döwürde meşhur bolan bu ýoluny innowasion esasda täzeden dikeltmek arkaly, ählumumy parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, yzygiderli ykdysady ösüşe ýardam bermek baradaky çagyryşynyň döwrebapdygyny bellediler.