Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we durkuny täzelemek boýunça milli müdirliginiň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň etnologiýa we antropologiýa instituty bilen bilelikde döreden Halkara Margian ekspedisiýasynyň nobatdaky meýdan gazuw agtaryş işleriniň tamamlanandygy barada ekspedisiýanyň tejribeli ýolbaşçysy, taryhy ylymlarynyň doktory, professor Wiktor Iwanowiç Sarianidi gürrüň berýär:
- Men hökzmdaryň ýaşan ýeri, mümkin ruhanylaryň ýaşan ýeri bolan Goňur özüni gutardy we nämedir bir täsin zatlary diňe bu ajaýyp şäherden başga ýerden tapyp bolardiýip, birnäçe gezek aýtdym. Ýöne men her sapar hem özümiň nädogrydygymy boýun almaly bolýaryn. Ynha indi bolsa öňki çykarylan netijelere garamazdan, bürünç eýýäminiň aristokratlarynyň öz ýaşaýyş jaýlaryny käýarym „mukaddes şäheriň“ göniden göni golaýynda gurandyklaryny takyk kesgitläp bolýar. Muny toplumyň demirgazyk-günbataryndan ýazky tapylan tapyndylar, şeýle hem demirgazyk gündogarda başlanan işler tassyklady. Bu ýerde biz iki günüň dowamynda iki kameraly möhürli däp-dessurlary bilen birnäçe jaýlary gazyp aldyk.
Günbatar ýurtlarda hususy toplamalaryň ählisi „gizlin görnüşde gazylayp“ alynan zatlaryň hasabyna, ýagny döwlet tarapyndan degerli gözegçilik bolmandygy sebäpli gündogar ýurtlarynda arheologiki ýadygärlikleri ýok etmek, talamak netijesinde üsti ýetirilýär. Şonuň üçin hem ABŞ-da hat-da geliň çykyşy näbelli bolan tapyndylara bagyşlanan ylmy makalar neşire kabul etmezlik barada ýörite Karar hem kabul etdiler. Şonuň üçin hem şolar ýaly zatlardan ybarat bolan husuy toplamalar kanundan daşgary ýagdaý bolup durýar, olaryň ylmy gymmatlylygy bolsa hiç zat bolup galýar. Ýöne şular ýaly gadagan edilmeler „sypaýy we edepli adamlary“ saklap bilermikä?
Bu meseläniň biziň ekispedisiýamyza näme dahyly bar? Ýöne, beýleki ýurtlara garanyňda, gadymy möhürleriň we doga-tumarlaryň (diňe olar hem däl) ählisiniň gelip çykyşy boýunça ylmy arheologiki gazyp agtaryşdandygyna Türkmenistan guwanyp biler. Türkmen muzeýlerindäki her bir eksponatyň gelip çykyşy barada, haýsy medeni gatlakdan, kim we haçan ony tapylandygy baradaky maglumatlary biz bilýäris. Ylym üçin bu maglumatlaryň bahasy ýokdur. Hut şonuň özi tapyndyny bilmage we onuň nämä niýetlenedigini, ondaky şekillendirilen zatlaryň ornuny bilmäge kömek edýär. Meselem, margian we baktriýa möhürlerinde bar baolan şekilleri seljermek bilen, maňa olaryň esasy ideýasynyň ýagşylyk we erbetlk bolandygyny kesgitlemek başartdy. Bu bolsa gadymy Gündogaryň dininiň zoroastrizmde has doly beýan edilýän dualizmine takyk gabat gelýär.
Geçen möwsümde Goňurdepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriň netijesinde tapylan tapyndylaryň arasynda iki sany seýrek duş gelýän heýkeljikleriň bardygy barada eýýäm köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berdiler. Olaryň biri – mermerden bolup, haçan-da bir wagtlar „gurnama heýkeljik“ diýlip atlandyrylana degişli, beýlekisi bolsa, ýakylan toýundan. Eger-de olary biri-birine ýakyn goýsaň olaryň dürli-dürlidigi görüner. Mermerden ýasalanyň erkek kişiniň portretidigi anyk bildirýär. Gadymy ussa şeýle kiçijik heýkelde (kellesiniň beýikligi 2 santimetrden sähelçe gowrak) onuň özüne mälim bolan adamyň şahsy aýratynlyklaryny ussatlyk bilen beýan edip bilipdir! Ikinjisi, terrakotadan taýýarlanan kelle, düýbünden başgaça. Bary-ýogy ujy ýiteldilen guralda birnäçe gaty we ynamly hereket bilen heniz çyg toýunda ýüzüniň ýarysyna golaý ýerini tutup duran örän uly gözler we ýaý berip duran gaşlar görkezilipdir. Heýkeljikleriň şeýle umumylaşdyrylmagy haýsydyr bir hudaýylylygyň keşbi barada söhbet açýar. Bu tapyndylary nämäniň birleşdirýändigine-de üns berilmelidir. Olar hem mermerden, hem toýundan ýaslan – burny öňe çykyp dura uly ýüzi görkezýär. Munda hem başga kelleleriň ikisi hem süýri däl-de togalak. Margiana ekspedisiýasynyň antropologiýa toparynyň ýolbaşçysy N.A.Dubowanyň aýtmagyna görä, Türkmeitanyň ýadygärlikleri üçin Goňur nekropolýasy öwrenilende bürünç eýýamynda brahikefallaryň galyndysy – kelleriniň uzynlygy onuň togalaklygyndan azrak uzyn bolan adamlar gabat geldi, şol döwürde dolihokefallar döwründe uzyn kelleliler, ýagny süýri kelleli admlar iň ýaran görnüşli bolupdyr. Onuň pikiri bilen beýleki antropologlar hem ylalaşýarlar: häzirki zaman türkmenlere mahsus bolan daşky görnüşi dürli-dürli bolan adamlar baryp bürünç eýýamynda emele gelipdir. Iki sany täze tapyndy bu netijäni ýene-de bir gezek tassyklaýar.
W.I.Sarianidi bilen hoşlaşamyzda ol N.A.Dubowanyň awtordaşlyk etmeginde „Margiananyň genji-hazynasy“ atly täze kitaby tamamlandygyny aýtdy. Ol owadan bezelen albom bolup, 40 ýylyň dowamynda Goňurdan tapylan iň gymmatly tapyndylary özünde jemleýär. Russiýanyň meşhur suratçysy Kirill Samurskiý bu neşiri ýörite bezedi. Elbetde, gözleg işleri mundan beýläk hem dowam etdiriler hem-de Goňurdepe ýaly bürünç eýýamynyň ajaýyplygy barada köp sanly kitaplar we makalalar ýazylar. Özi hem olaryň ählisi hut şu ýyllarda düýbi tutulan ylmy binýada daýanar.