Ýüz ýyldan gowrak döwrüň dowamynda taksonomiki dilemma – Türkmenistanyň çäklerinde bürgüdiň haýsy görnüşi – şahinmi ýa-da algyr höwürtgeleýär diýen sowal çözülmän gelýär. On dokuzynjy asyryň 80-90-njy ýyllaryndan başlap Köpetdagda ornitologlar esasan hem sary kelleli algyra gabat geldiler. Şonda belli alymlar, Merkezi Aziýanyň guşlary gowy bilýän adamlary algyry Türkmenistanyň ýyrtyjy guşlarynyň sanawynda aýyrdylar. Bu bolsa gözleg işlerini alyp barýan soňky nesliň ählisi üçin esas boldy. Olar Köpetdagda diňe şahin höwürtgeleýär diýip olaryň çykaran netijelerini gaýtaladylar.
Köp ýyllar geçenden soňra alymalr Berlin uniwersitetiniň algyr guşlarynyň toplumynyň arasyndan Günorta-Günbatar Türkmenistandan alynan guşy tapdylar. Soňra Türkmenistanyň ornifaunasyna goşmaça hökmünde bellik edildi. Netijede bolsa şol wagta çenli höwürtgeleýän ýeriniň alymlar tarapyndan entek tapylmandygyna garamazdan ,bu Köpetdagda algyr guşunyň bardygyna abraýly şaýat boldy.
Meniň ugrum Köpetdagyň çuň we owadan jülleriniň üsti bilen boldy. Birden maňa ýiti bürgüt sesi eşdildi. Dürbi arkaly gaýalara seredip, tagçalaryň birinde oturan iki sany ýaşajyk guşjagazlary gördüm. Kesekiniň bardygyny duýup, mürgütleriň ulusy meniň kellämiň üstünden uçup geçip, birnäçe gezek hüjüm etmäge synanyşdy. Jeňňelligiň saýasynda uzak bolmadyk wagtlap gizlenmeli boldy.
Guş birnäçe wagtlap howada howsalaly aýlanmagyny dowam etdirdi, soňra bolsa çagalarynyň ýanynda oturdy. Dürbüde onuň ak „çekgejikleri“ gowy görünýärdi. Gözünden aşaklygyna tarap dilkawjyk – „murt“ gaýdýardy. Onuň gara kellesi bardy, ýeňsesinde sarymtyl ýelekleri zordan görünýärdi, arkasyny we eginlerini gök şekil bezeýärdi, garyn tarapynda sarymtyl tegmilli ýelekler bardy. Bu algyr bürgüdiniň höwürtgesidi, bu seýrek duş gelýän bürgüt bilen ýatda galyjy duşuşuk otuz ýyla golaý wagt mundan ozal bolupdy.
Söňra, Köpetdagda, Kiçi we uly Balkana we Köýtendaga gezelenç etmek bilen, algyr bürgüdiň sesini birnäçe gezek eşitmek, täze höwürtgelenen ýerlerini tapmak, olara sagatlap syn etmek, ene bürgüdiň ýumurtgasyny nähili basýandygyny, ene-atalaryň ak ýelekli jüýjelerini nähili iýmitlendirýändiklerini, soňra bolsa olary höwürtgäni taşlamaga, aw etmäge we azyk tapmagy öwredişlerini syn etmek başartdy.
Alymlar häzirki wagtda Türkmenistanyň çäklerinden algyrlaryň iki görnüşini tapawutlandyrýarlar. Olar bir-birilerinde ýaşaýan ýerleri we iýmitleniş usullary bilen tapawutlanýarlar. Tundra görnüşi diňe günorta-gündogar Hazarda gyşlaýar, soňra öz höwürtgeleýän ýerleri bolan demirgazyga dolanyp gelýärler. Beýlekisi bolsa, Türkmenistanyň daglarynda ýaşaýar, barmasy kyn bolan jülgeleriň gaýalarynda, ýa-da sakalaryň eňňit düzlüklerinde höwürtgeleýär. Häzirki günlerde Köpetdagda, Köýtendagda, Uly Balkanda we Körendagda algyrlaryň birnäçe onlarça jübüdi höwürtgeleýär. Guşlar höwürtgelerini täzelemäge fewral-mart aýlarynda girişýärler, onda aprel äýynyň ahyrlarynda üçe çenli jüýjeleri emele gelýär. Ýaş bürgütleriň ene-atalary bilen bilelikde ilkinji uçuşlaryna maý aýynyň ortalaryndan iýul aýynyň ahyrlaryna çenli synlap bolýar.
Algyry şeýle hem GDA ýurtlarynyň çäklerinde Krymda, Kawkazda we Täjigistanda ýüze çykaryldy. Algyr Halkara Gyzyl kitabyna we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Sary kelleli şahin bürgüdi barada näme aýdyp bolar? Soňky 25-30 ýylyň dowamynda ýärduň çäklerinde ony köplenç antropagen landşaftynda güýz-gyş döwründe görüp bolýardy. Bürgüt derýanyň ugurlry boýunça giňden göçüp-gonýar, käwagtlar özlerine mahsus bolmadyk ýerlerde ýylyň höwürtgelenilýän döwründe duş gelmek bolýar. Şahiniň aýratyn bolýan ýerleri Köpetdagyň dag eteklerinde hasaba alyndy. Mümkin, Demirgazyk-Günbatar Köpetdagda käwagtlar şahiniň algyr bilen çakyşdyrylan görnüşi höwürtgeleýär. Bu ýerde 100 ýyl ozal geçirilen barlag işleri özüniň ylmy ähmiýetini ýitirmedi we bu gün bolsa, Türkmenistanda algyrlaryň we şahinleriň ýerli ýaýrawlarynyň öwrenilmegi dowam etdirilýär.