Ï Suw – Garagumda ýaşaýşyň gözbaşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Suw – Garagumda ýaşaýşyň gözbaşy

view-icon 2257
Kim ýagyş ýagan döwri çölde bolan bolsa, güýçli ýagan ýagyşdan soň gumuň tebigy oý ýerlerinde suwuň ýygnanýandygyny bilýän bolsa gerek. Bu suwlar ol ýerde az wagtlyk saklanyp galýar. Şeýle suwlary uzak wagtlaýyn saklanyp galmagyna hem-de netijeli peýdalanmagyna şertleri döredýän tehnologiýalar asyrlar boýy döredilipdir. Ýerüsti akýan suwlary ulanmak boýunça gadymdan saklanyp gelinýän tejribe bu günki gün hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Ylmy gözlegler, iş synaglary geçirilýär, öri meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we suwlandyrylmagy üçin ýerüsti suwlaryny netijeli ulanmak mysallar arkaly görkezilýär. Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli bilim institutynda geçirilen gözlegleriň görkezişi ýaly, Garagyma mahsus bolan öri meýdanlarynyň iýmitlik çäklerini göz öňünde tutanyňda, gidrotenhikanyň kiçi göwrümlileri aýratyn tygşytly bolup durýar.


Ýerüsti akymly ýagyş suwlaryny ýygnamakda öňki ulanylýan usullar, tebigatyň kanuny ýagdaýlaryny, lanşaft aýratynlyklaryny nazarda tutmak bilen, ony saklamagyň we ulanmagyň usullary asyrlaryň dowamynda täzelenipdir we kämillişdirilipdir. Türkmenistanyň dag etek sebitlerinde suw toplamak wagtlaýyn suw akýan ýerlerinde amala aşyrylypdyr – ýagyş suwy dag eňňitlerinden jülgelerinden akýar, ondan hem eňaşaklygyna akýan suw düzlüklere çykarylypdyr. Netijede ýerli ilat tarapyndan toplanan bu köp asyrlyk tejribe suwy toplamagyň özboluşly tejribesi işlenilip taýýarlanypdyr, özboluşly halk gidrotehnikasy emele gelipdir. Bu tejribeler çöllük ýerlerde ýaşaýan ilat tarapyndan köp asyrlaryň dowamynda ulanylyp gelnipdir.

Ýerüsti akýan suwlary ýygnamagyň we saklamagyň birnäçe artykmaçlyklary bar. Ol ilkinji nobatda, ýönekeý ulanyşdyr. Ýerüsti suwununy toplamagyň takyrlary tebigy ýa-da emeli usulda çuňlaşdyryp ulanmak – „kak“ usuyly onuň giň ýaýran görnüşidir. Eger-de suw toplamak üçin suw ýygnaýjy desga ulanylýan bolsa, onuň üstki gatlagy şorlaşmadyk bolsa, onda suwuň minerallaşmagy ýokary bolmaýar. Eger-de toýunly gatlak uly bolsa, onuň ýokarky gatlagyny gazmaly bolýar. Bu bolsa suwuň süzülip we buga öwrülip gitmegine getirýär hem-de suwuň hilini ýaramazlaşdyrýar.

Suwuň durnukly we uzak wagtlap saklanyp galamgyny üpjün etmek üçin ilkini suw hünärmenleri has çylşyrymly usullaryny ulanyp başlapdyrlar. Şeýlelikde, kerwen ýollarynyň ugurlarynda sardobalary gurupdyrlar. Olar köp ýüz ýyllyklaryň dowamynda ygtybarly agyz suwyny saklaýan desga hökmünde hyzmat edipdir. Sardobalar – ýagyş suwy ýygnanýan ýörite desga bolup, onuň iç ýüzi kerpiç we hek daşy bilen ýylmanylan agzy ýapyk desgadyr.


Gümmez şekilli sardobalaryň has kämilleşdirilen görnüşlerinde howa çalyp durar ýaly ýer we içine girmek üçin gapyly ýer bardyr. Sardobalaryň suwlaryna haýwanlar baryp bilmändirler, onuň suwy sowuk halda bolupdyr we uzak wagtlap saklanypdyr. Ýöne bular ýaly desgalary gözegçilik astyynda saklamaly bolupdyr, gyrmançalardan yzygiderli arassalap durmaly bolupdyr. Şular ýal desgalarynyň gurluşugunuň gymmat düşýändigi we çylyşyrymlidi öz-özünden düşnüklidir. Seäbi ony gurmak üçin gerek bolan gurluşyk önamleri köp halatda çölüň üsti bilen getirilipdir. Şeýle hem sardobalaryň ätiýaçlyk suwy mallary ýylyň dowamynda yzygiderli suw bilen üpjün etmäge mükinçilik bermändir.Hazirki äagtda işleýän sardobalar örän azalypdyr. Birnäçe sebitlerde olaryň ýerine inženerçilik usulyndaky gurluşyk bolan betondan ýa-de kerpiçden taýýarlanan guýylar hereket edýär . Şeýle guýulara suw ýörite suw daşaýan awtoukglar bilen eltilýär.

Ýerüsti suwlaryny uzak wagtlap saklamagyň ýene-de bir usuly – ol hem bolsa takyryryň aşagynda arassa agyz suwuny toplamakdyr. Ol indiki usullar boýunça gurulýar. Ýagyn ýagan döwri akym giň çukurdan ýa-da onuň çäginde ýerleşen „çirle“ görnüşindäki birnäçe suw guýulýan guýulardan – ýersaty suw saklanylýan ýerden ybarat bolan süzgüçli- çümme ulgamyna düşýär. Köp babatda olar uly eňňidi bolmadyk takyryň ýokary gatyndan akýan suwuň toplanýan ýerinde ýerleşipdir.

Şular ýaly suw ýygnanýan takyrda toplanýa „takyr“ guýular toplumy diňe bir suwuň ýygnanmagyna däl, eýsem onuň süzülmegine hem-de onuň uzak wagtlap saklanmagyna şert döredýän netijeli ulgamy döredýär. Daşgynly akymlary toplamagyň şeýle usuly – Garagumyň ýerli ilaty tarapyndan işlenilip taýýarlanylan türkmen halk gidrotehnikasynyň hakyky gazananydyr. Şular ýaly guýularda minerallaşdyrylan suwda ýüzýän linza arassa agyz suwynyň emele gelmegi täsin ýagdaýdyr.

Wagtlaýyn ýerüsti akymy dünýäniň köp ýurtlarynda oba hojalyk maksady bilen ownuk oazisli we oýtaç ekerançylygyny, ot-iým ösümlilkleini ösdürip ýetişdirmek, takyrlary özleşdirmegi we tebigy öri meýdanlaryny gowlandyrmagy alyp barmak üçin giňden ulanylýar. Türkmenistanda ownuk oazisli ekerançylyk Günbatar garagumda giňden ýaýrandyr. Bu ýerde okara şekilli yzgarly oýtaklarda bakja ekinleri, esasan hem gawumuň giçki görnüşleri ösdürilip ýetişdirilipdir. Merkeüi Garagumda şular ýaly şertlerde bakja ekinlerinden hem başga üzüm we beýleki miweli baglar ösdürilip ýetişdirilipdir. Geçen asyryň 50-60-njy ýyllaryndan başlap, Türkmenistanda takyrlardaky emeli uzulda döredilýän arassa agyz suwuny emele getirmek we peýdalanmaklygy kämilleşdirmek boýunça gözleg işleri geçirildi.


Meselem, Garrygulda, öri meýdanlaryny suwlandyrmak üçin emeli usulda takyrasty linza döredildi. Onuň möçberi ýylyň bütin dowamynda mallary suw bilen üpjün edýär. Onuň az suw berijilik häsiýetini göz öňünde tutmak bilen, adaty däl energiýa bilen işleýän – günden we ýelden alynýan energiýanyň güýji bilen işelýän az öndürijilikli suw çykaryjy dürli enjamlar işlenilip taýýarlanyldy.Häzirki wagtda bu ýerde ýerüsti suw toplaýjy emeli desgalary döretmek boýunça ylmy-amaly gözleg işleri geçirilýär . Hususanda, tejribe geçirilýän düýbi çäge bilen örtülen we oňa hem suw geçirmeýän örtükler – çäge-bitum asfalty, kömür-şepbikli we polimer plýonkalar bilen örtülýän emeli suw toplanýan meýdançalar döredildi.

Bu ýerde miweli we bezeg ösümliklerini ösdürip uýgunlaşdyrmak boýunça ownuk-oazis gözleg işleri utgaşykly ýaýbaňlandyryldy. Aşgabadyň botanika bagynda ösdürilip ýetişdirilen ýukka we opunsiýanyň görnüşleriniň dördüsi, gyrymsy agaçlardan sübselik ýa-da ispan drogy çöl şertlerine has çydamlylary bolup çykdy. Naryň we maklýuranyň Garagumyň ýowuz şertlerine ýydamly bolup çykmagy hem garaşylmadyk ýagdaý boldy. Ýöne pisse agajy çöl şertlerinde wagtlaýyn ýerüsti akymyň hasabyna suwarmak boýunça ösdürip ýetişdirmekde has geljegi uly bolan ösümlikdir. Bu ösümlikleriň Garagumyň oazislerini gök baglyga öwürmekde giňden peýdalanmaga mümkinçiligi bardyr.

Ösmäge uýgunlaşan pisse agajynyň nahallary hiç-hili suw akymy bolmazdan iki ýyllyk gurakçylyga çydamagy başardy. Pisseler 12-13 ýylynda gülläp başlady, bir ýyldan soňra bolsa köpçülikleýin miwe berip başladylar. Ekilen 36 pisse agajynyň bäşisinde miweleriniň agzynyň gowy hilli açylaýndagy hasaba alyndy. Bu bolsa olary mundan beýläk hem köpeltmäge mümkinçilik berdi. Eýýän bir çärýek asyr bäri geçirilýän gözleg işleri Garagumyň howa-toprak şertlerine enelik tohumlaryň ösmäge gowy uýgunlaşýadygyny tassyklady. Seçgi işlerini geçirmek üçin pissäniň täze görnüşleri saýlanyp alyndy. Häzirki wagtda garagumyň şertlerinde pisse agajyny kollektor-drenaž suwlary bilen suwlandyrmak arkaly tejribe meýdançasynyň düýbüni tutmak işlerine başlandy. Bu bolsa „Altyn asyr“ türkmen kölüniň gurluşygy bilen baglanyşykly tokaýlaşdyrmaga gönükdirlen geljegi uly bolan işleriň biri bolar.

Şeýle-de bolsa, wagtlaýym ýerüsti suw akymlary bilen öri meýdanlaryny suwlandyrmak we çöldäki uly bolmadyk ilatly ýerleri suw bilen üpjün etmek barha azalýar. Yzgarlandyryjy ulgamy gurmaklyga garanyňda, awtoulaglar bilen suwlary daşamak, suwlandyryjy akabalary çekmek ýa-da suw geçirijileri çekmek ýygjamlaşdy.

Muňa garamazdan, Garagumyň köp sebitlerinde wagtlaýyn ýerüsti serişdeler häzirki wagtda diňe bir öri meýdanlaryny suwlandyrmakda däl, eýsem az sarp edijileri agyz suwy bilen üpjün etmekde ýeke-täk elýeterli, ýönekeý we ykdysady taýdan tygşytly, ekologiki taýdan arassa bolup durýar.