Ï Maldarçylykda uly özgertmeler amala aşyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maldarçylykda uly özgertmeler amala aşyrylýar

view-icon 1925
Ýurduň maldarçylyk pudagynyň guramalary täze iş usulyna eýe bolýarlar. Bu özgertmeleri wagtyň özi talap edýär. Bu özgertmeler Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 11-nji ýanwarynda kabul eden Döwlet maldarçylyk birleşigini döretmek baradaky Permany esasynda durmuşa geçirilýär.

Öňki „Türkmenmallary“ Assosasiýasynda, häzirki wagtda Döwlet birleşigine öwrülen, döwlet oba hojalyk mallarynyň ählisi hususy maldarlara uzak möhletleýin kärendesine bermek ýaly önümçilik gatnaşyklary bardy. Häzirki wagtda bu iş usuly öz möwrütini geçirdi.

Bu, ilkinji nobatda tohumçylyk işlerine degişlidir. Sebäbi döwlet oba hojalyk mallarynyň hususy hojalyklara dagydylandygy sebäpli ony geçirmek kyn düşýärdi. Bu entek hemmesi däl. Kynçylyk ähli babtda bardy – mallary ýokumly iým bilen üpjün etmekde, olary saklamak üçin zerur gerek bolan şertleri döretmekde bardy. Aýratyn hem, bu mesele gara mallara degişli bolanda. Bu ýerde mallary gyşlatmak üçin üsti ýapyk fermalaryň, iri iýmlik otlary ekmek üçin ekin meýdanlarynyň bolmagy, şeýle hem ýokary hilli weterinar hyzmatlaryny geçirmekde, möwsümleýin iýmitlendirmegi sazlamakda kynçylyklar bardy. Kärendeçileriň hemmesi bu aýdylanlaryň ählisini ýeterlik derejede üpjün edip bilmeýärdiler.


Özüni ödäp bilmedik paýdarlar jemgyýetçilik gatnaşyklary geçmişde galdy, ýöne maldarlar işliň täze usuly boýunça işleşmäge hem taýýardyrlar. Häzirki wagtda mallaryň baş sany bölündi, husuy we döwlet sürüleri aýratyn sürülerde saklanylýar. Şeýlelik bilen, öňki kärendesine alynan gara mallar ýa-da dowarlar häzirki wagtda döwletiň eline geçirildi. Sürülerde oba hojalyk mallarynyň tohumçylyk hasaby geçirilip, olarayň tohumçylyk hiline baha berildi.

Döwlet maldarçylyk birleşiginiň önümçilik bölüminiň uly hünärmeni, baýry zootehnik Galandar Seýidowyň belleýşi ýaly, hojalygy alyp barmagyň bu görnüşi tohumçylyk işini, döwlet mallarynyň baş sanyny idetmegi ýeterlik derejä galdyrar. Döwlet maldarçylyk birleşiginiň düzüminde Tohumçylyk gullugy döredilýär. Ýurduň ähli seçgiçilik-tohumçylyk işini dolandyrmak onuň wezipesi bolar. Ýurt boýunça hem tohumçylyk hojalyklary üçin, hem Tohumçylyk gullugy üçin işgärleri saýlap almak geçirilýär. Bu zootehniki we weterinariýa ulgamynda hünärmenleri toplar.

Tohumçylyk gullugynyň köp ugurly işleriniň bire hem - welaýat merkezleriniň ählisinde gara mallary emeli usulda tohumlandyrmak bolup durýar. Häzirki wagtda tohumlaryň hilleriniň gowlandyrmaga gyzyklanma bildirýän hususy maldarlara hem bähbitli bolar ýaly bu merkezleriň çykdajyalrynyň hasaby düzülýär.

Tohumçylyk işi neijäni çalt bermeýär. Ol inçe dowamly iş bolup, köp ýyllary, hatda on;arça ýyly, talap edýär. Onuň şowly bolmagy netijesinde hem maldarçylygyň ýagdaýy hem gowlanýar. Maldarçylykda emele geliş mümkinçiliginiň özara çalyşygy durnukly bolar ýaly hem-de süýt-et berýän maldarçylykda durnukly netije gazanmak üçin, şol bir wagtyň özünde hem baş sanynyň köpeldilmegi üçin azyndan iki sany generasiýa ýa-da nesil gerek bolýar. Döwlet birleşiginiň meýilnamasynda golaý geljekde - indiki üç-bäş ýylyň dowamynda ete tabşyrmasyz tohumçylyk sürüsini döretmek maksat edinilýär. Bu wagtyň dowamynda diňe ösdürilip ýetişdirilýän tohum mallary saklamak, dikeltmek we hil taýdan derejesini ýokarlandyrmak geçiriler. Maddy nukdaý nazardan bu iş Oba hojalyk ministrliginiň ýörite gaznasyndan goldalynylar.

Häzirki wagtda Köpetdagyň etegi gara mallaryň şwis tohumy, Lebap we Mary welaýatlary gyzyl sähra tohumy, Daşoguz welaýaty bolsa gyzylymtyl-goňur latwiýa tohumy bilen gowlandyryldy. Şeýlelik bilen hem, seçgiçilerde bar bolan tohumçylyk ugurlaryny Türkmenistanyň dürli howa şertlerini hasaba almak bilen, mundan beýläkki edilmeli işler ýüze çykýar.


Her bir maldara, hünärmene zerur bolan maldarçylyk çäreleriniň ählisi boýunça gollanma çapa taýýarlanylýar. Bu uly göwrümli gollanma düşündiriş berýän, illýustrasiýaly, suratly neşirdir. Ol diňe bir maldarlaryň arasynda ýaýradylman, eýsem ýokary okuw mekdepleriniň kitaphanalaryna hem ýaýradylar.

Ýurtda Ylymlar akademiýasynyň maldarçylyk instituty işleýär, Döwlet maldarçylyk birleşiginiň weterinarlary we zootehnikleri bar, Oba hojalyk ministrliginiň düzümine girýän Döwlet weterinar gullugy işleýär. Bu edaralaryň her biri möhüm wezipeleri – maldarçylykda ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmakda, pudagyň netijeliligini ýokarlandyrmakda öz tagallalaryny birleşdirmek bilen, öz borjuny ýerine ýetirýär.