Ï Mähriban topragymyzyň baýlygyny artdyrmagyň bähbidine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mähriban topragymyzyň baýlygyny artdyrmagyň bähbidine

view-icon 1328
Şu gün Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanylan dabaraly çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigaty goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy” atly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen wekilçilikli maslahata esasy alymlar, bilermenler, ekoloklar, tebigaty goraýyş düzümleriniň, ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň we suw hojalygynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatda şeýle hem iri halkara we sebitleýin guramalaryň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň, Türkmenistandaky “Ýewropa öýüniň” we beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar hem-de çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, daşky gurşawy goramak ulgamynda oňyn hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz bolsa ählumumy ekologiýa meselelerini çözmegiň başyny başlaýjy bolup çykyş edýär.

Forumyň barşynda ata Watanymyzyň tebigatynyň baýlyklaryny we gözelligini saklap galmak hem-de artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýlip nygtaldy. Milli tebigaty goraýyş strategiýasy ykdysady, durmuş ulgamlarynda we ekologiýada wezipeleri toplumlaýyn çözmäge esaslanýar. Munuň özi ähli babatda adamlaryň durmuşynyň abadan bolmagynyň möhüm şertidir.

Türkmenistanyň BMG-niň tebigaty goramak bilen baglanyşykly konwensiýalarynyň birnäçesini, şol sanda biologiki köpdürlülik hakyndaky, çölleşmäge garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi hakyndaky, ozan gatlagyny goramak hakyndaky, serhetýaka suw akabalaryny we halkara kölleri ulanmak we goramak baradaky konwensiýalary tassyklamagy biziň ýurdumyzyň ekologiýa taýdan howpsuz we durnukly ösüşe ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk bu ugurda oňyn halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň esasy meseleleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Häzirki wagtda milli we sebit derejesinde durmuşa geçirilýän hem-de abraýly halkara düzümleri, hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy, Global Ekologiýa Gaznasy we beýlekiler tarapyndan goldanylýan dürli taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň onlarçasy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Dünýäniň halklarynyň Ýeriň biziň umumy öýümüzdigine düşünmegi netijesinde XXI asyrda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesi aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Biz bu umumy öýümizi goramalydyrys we bütin adamzadyň bagtyýar durmuşynyň hem-de abadançylygynyň bähbidine geljekki nesiller üçin aýawly saklamalydyrys. Dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp başlangyçlary we pikirleri öňe sürýän döwlet hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bu babatda hem öňdäkileriň hatarynda çykyş edip, ýöriteleşdirilen halkara guramalary we beýleki döwletler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda bar bolan ekologiki meseleleri çözmäge täze çemeleşmeleri teklip edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň baş Assambleýasynyň 65-nji we 66-njy mejlislerinde hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň 2012-nji ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýro (Braziliýa Federatiw Respublikasy) şäherinde bolan durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, beýleki iri halkara forumlarynda öňe süren oňyn başlangyçlary bütin dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy. Olaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanşykly meseleleri çözmek baradaky sebitara merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek baradaky ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny aýawly saklamak, sebitiň suw serişdelerini rejeli ulanmak başlangyçlary bar.

Biziň ýurdumyz şu başlangyçlary öňe sürmek bilen, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ädýär. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda tebigaty goramak, biologiki köpdürliligi we tebigy landşaftlary aýawly saklamak boýunça, şol sanda golaýda kabul edilen “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň” we “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasynyň” çäklerinde uly işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Konstitutiýasynda tebigy serişdeleri rejeli ulanmaga we daşky gurşawy goramaga döwletiň gözegçilik edýändigi berkidilendir. Esasy Kanunymyza laýyklykda milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk gelýän “Tebigaty goramak hakyndaky, “Tebigatyň aýratyn goralýan çäkleri hakyndaky”, “Ozon gatlagyny goramak hakyndaky” Kanunlar, “Tokaý Kodeksi”, “Balyk awlamak we suw biologiki serişdelerini saklap galmak”, “Ösümlik dünýäsi hakyndaky”, “Haýwanat dünýäsi hakyndaky” we beýleki Kanunlar kabul edildi.

Ýurdumyzyň ylmy - tehniki kuwwatynyň artdyrylmagy ekologiýa abadançylygyny saklamaga hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda häzirki wagtda innowasion, serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalar ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlanmak, gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologiýa standartlaryna we talaplaryna laýyk gelmegi maksady bilen anyk çäreler görülýär. Kärhanalaryň ählisi hökmany suratda olaryň daşky gurşawa howpsuzlygy babatda degişli barlagdan geçirilýär.

Anyk mysal hökmünde ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň öňdebaryjy kärhanasyny – Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işelýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak we ony täze tehnikalar bilen üpjün etmek, Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmak ýaly iri maýa goýum taslamalaryny görkezmek bolar. Çölüň içinde döredilýän köl suwarymly ýerleriň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga, ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge ýardam eder.

Häzirki wagtda ýurdumyzda giň möçberli bagy-bosanlyga öwürmek maksatnamasy amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde her bir şäheriň, ilatly ýerleriň töwereginde gür tokaýlyklar peýda bolýar, akabalaryň we derýalaryň kenarlary gök baglara bürenýär. Hazaryň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky taslama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl kabul edilen milli “Türkmenistanyň tokaý maksatnamasyna” laýyklykda ýurdumyzyň demirgazyk böleginde, Daşoguz welaýatynda, Botendag sebitindäki Sarygamyş kölüniň kenarynda 20 müň gektara barabar bolan meýdanda tokaý zolaklaryny döretmek boýunça ägirt uly taslama durmuşa geçirilýär.

Aýratyn goralýan çäkleri- tebigy, ylmy, medeni we syýahatçylyk babatda aýratyn ähmiýete eýe bolan goraghanalary ösdürmäge uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň, Milli çöl, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutynyň, welaýatlaryň tebigaty goramak baradaky müdirlikleriniň, “Hazarekogözegçilik” ýöriteleşdirilen gullugynyň, beýleki tebigaty goraýyş düzümleriniň üstüne möhüm wezipeler ýüklenildi. Häzirki wagtda türkmen hünärmenleri tarapyndan Döwlet Merkezi Garagum goraghanasyny döretmek, ony biosfera goraghanalarynyň halkara ulgamyna, şeýle hem UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin ekologiki – ykdysady esaslandyrma taýýarlanyldy.

Häzirki döwürde tebigaty goramak çäreleriniň tejribesi hem-de türkmen ylmynyň ägirt uly kuwwaty bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Munuň şeýledigini biziň ýurdumyzyň ençeme gezek iri ykdysady forumlaryň, maslahatlaryň we okuw maslahatlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde seçilip alynmagy hem tassyklaýar. Şol forumlaryň arasynda şu ýylyň mart aýynda Daşoguz şäherinde geçirilen “Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara ylmy maslahat, şeýle hem 2012-nji ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazar ekologiýa forumy bar.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan neşir edilýän “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly täze žurnal hem biziň ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak işinde toplan tejribesini we gazanan üstünliklerini bütin dünýäde giňden wagyz etmäge, ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri şöhlelendirmäge ýardam etmelidir.

Türkmenleriň bütin taryhy mähriban ülkämiziň tebigaty – uç-gyraksyz Garagum çöli we gülläp ösýän oazisler, Köpetdagyň äpet gerişleri we gojaman Hazaryň täsin kenarlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Biziň halkymyz gadymdan bäri mähriban topragymyza aýawly garaýar, çünki, türkmenler alada bilen gurlaşyp alnan hem-de zähmet siňdirilen topragyň bereket eçilýändigine oňat düşünýärler.

Berkrar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy maksady hem mähriban topragymyzy gülledip ösdürmekden, türkmen halkynyň oňa mukaddeslik hökmünde garamak baradaky gadymy däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmekden ybaratdyr. Türkmenistan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi tebigaty goramak ulgamynda anyk işleri bilen garşylaýar, onuň ýer ýüzünde tebigatyň gözelligini doly saklap galmaga gönükdirilen sesi dünýä bileleşiginde barha ynamly we belentden ýaňlanýar.

Şu günki ekologiýa forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan tebigaty goramak ulgamynyň has tapawutlanan, mähriban topragymyzyň baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak işinde uly üstünliklere eýe bolan işgärlere gymmat bahaly sowagtlary gowşurmak dabarasy boldy.

Maslahata gatnaşyjylyr tebigaty goramak çärelerine uly üns berýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi Berkrar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigatdan rejeli peýdalanylmagyny, mähriban Watanymyzyň daşky gurşawynyň netijeli goralmagyny üpjün etmek baradaky örän ähmiýetli ekologiýa taslamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.