Ï Türkmenistanyň kosmiki barlaglardaky mümkinçilikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň kosmiki barlaglardaky mümkinçilikleri

view-icon 6355
Ylmy-tehniki ösüşde Älemi öwrenýän düýpli ylymlar hem möhüm orun eýeleýär. Alymlaryň pikirine görä, käbir kosmiki obýektler tebigy laboratoriýa bolup hyzmat edýär, şol ýerde Tebigatyň özi ýer şertlerinde mümkin bolmadyk synaglary geçirýär. Mundan başga-da, düýpli kosmiki barlaglar tehnologiýalaryň ösmegine gönüden-göni täsir edýär. Häzirki wagtda kosmiki barlaglar zerur işe öwrüldi, onuň netijesi boýunça ösen ýurtlar özleriniň ylmy-tehniki meýilnamalaryny kesgitleýärler.


“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara sergisine gatnaşyjy, Odessanyň milli uniwersitetiniň Astronomiýa obserwatoriýasynyň uly ylmy işgäri Nikolaý DOROHOW TDH-niň habarçysy bilen bolan söhbetdeşlikde Türkmen kosmiki ylmyny ösdürmek babatda açylýan mümkinçilikler barada gürrüň berdi:

--Dünýä bileleşigi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym ulgamynda amala aşyrýan giň möçberli özgertmelerini uly üns bilen synlaýar. Öz döwründe astronom—alymlar türkmen döwletiniň Baştutanynyň Milli kosmos agentligini döretmek baradaky örän wajyp başlangyjyny goldadylar. Munuň özi türkmen ylmyny öňdäki hatara çykarmak babatda möhüm ädim bolmak bilen, häzirki zamanyň ählumumy meselelerini çözmäge saldamly goşant goşmaga mümkinçilikleri döretdi.

2004-nji ýylda astronomlar biziň planetamyza tarap sagatda 45 müň kilometr tizlik bilen okdurylyp gelýän, agramy 50 million tonna barabar bolan Apofis asteroidini ýüze çykaran mahaly, dünýä bileleşigi bütin adamzada howp salýan anyk wehim barada çynlakaý pikirlenmeli boldy. Biziň bagtymyza, soňky hasaplamalara görä, Apofisiň Ýer bilen çaknyşmak mümkinçiligi aradan aýryldy. Ýöne häzirki wagtda Ýeriň töweregindäki älem giňişliginde 100 müňden gowrak beýleki asteroidleriň hereket edip ýörendigini ýatdan çykarmaly däldiris. Şoňa görä-de köp ýurtlaryň astronomlary Ýer üçin howp döredýän asteroidleri ýüze çykarmak we olaryň hereketine gözegçilik etmek üçin birleşip başladylar. 2012-nji ýyldan bäri şeýle işler Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda alnyp barylýar. “ÝUNISON” (UN-ISON) diýlip atlandyrylýan taslamada dünýäniň dürli künjeklerinde teleskoplaryň we obserwatoriýalaryň onlarçasy ulanylýar.

Türkmenistanyň astro—howa şertleriniň astronomiki barlaglary geçirmek üçin has amatlylaryň biridigi ylym dünýäsinde mälimdir. Şunuň netijesinde gadymy döwürlerde-de türkmen topragy beýik astronom—alymlaryň geçiren işleri bilen şöhratlanypdyr. Şol alymlaryň hatarynda Biruni, Al-Horezmi, Omar-Haýýam, Şemsetdin Maryly we beýlekiler bolupdyr.

Türkmenistanyň çäginde geçirilýän astronomiki barlaglaryň artykmaçlyklary nämeden ybarat?

Türkmen asmany üçin atmosferanyň durnuklylygy we aýdyňlygy, deňagramly ýagtylyk, kadaly şemal ýagdaýy häsiýetlidir. Bu ýagdaýlar ýylda 2 müň sagatdan gowrak wagtyň dowamynda has takyk astronomiki gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň netijesinde, ilkinji nobatda bolsa, ajaýyp we öňdengörüji alym bolan siziň milli Lideriňiziň ýakyndan goldaw bermegi bilen Türkmenistanyň astronomiki barlaglar bilen meşgullanýan dünýäniň esasy ylmy merkezleri bilen netijeli halkara gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçiligi bardyr.

Türkmenistanda, Duşak-Erekdag dagynda enjamlar bilen üpjün edilen astronomiki obserwatoriýa bar. Ol täzeden enjamlaşdyrylandan soň, diňe bir milli derejedäki barlaglara däl, eýsem, iri halkara taslamalaryna hem gatnaşyp biler. Öň Duşak-Erekdag obserwatoriýasynda şeýle ylmy barlaglar geçirilipdir, olaryň netijeleri Awstriýada, Italiýada, Hindistanda, Russiýada, Çehiýada we beýleki ýurtlarda geçirilen halkara maslahatlarynda uly üstünlik bilen görkezilipdir. Duşak-Erekdag obserwatoriýasynda geçirilen barlaglaryň materiallary boýunça abraýly ylmy neşirlerde otuzdan gowrak işler çap edildi.

Häzirki wagtda Duzak-Erekdagda uly bolmadyk döwrebaplaşdyrmak işlerinden soň, gysga döwrüň içinde özboluşly gurluşly iki sany teleskopy işe girizmek mümkinçiligi bar. Bu obserwatoriýanyň günortada ýerleşmegi örän amatlydyr, çünki munuň özi günorta, şeýle hem demirgazyk ýarym şarlaryň asmanyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berip, bu obserwatoriýany täsin we özboluşly syn ediş merkezine öwürýär.

Türkmenistanyň Halkara ylmy optiki ulgam (ISON) hem-de BMG-niň Älem giňişligi meseleleri baradaky müdirliginiň (UNOOSA) Düýpli kosmiki ylym baradaky başlangyjy (BSSI) bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikleri bardyr.

Türkmen alymlarynyň Gün ulgamynyň obýektlerini barlamak boýunça halkara taslamalaryna, şol sanda Ýere howply ýakynlaşýan kometalary we asteroidleri ýüze çykarmak baradaky halkara maksatnamasyna gatnaşmagy bütin adamzat üçin örän wajypdyr.Iş alyp barýan kosmiki apparatlara howp salýan kosmiki zibilleriň böleklerini ýüze çykarmak we olara gözegçilik etmek baradaky maksatnamanyň çäklerinde gözegçiligi geçirmek hem dünýä ylmy üçin möhümdir. Ýeri gelende aýtsak, bu maksatnama Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan makullanyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň işjeň hyzmatdaşy bolup durýar.

Iri ylmy-barlag maksatnamalarynyň we taslamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek häzirki zaman dünýäsiniň globallaşmak prosesleriniň netijesidir. Munuň özi olara gatnaşyjylara düýpli ylmy ösdürmegiň geljegi uly ugurlary barada ylmy maglumatlary yzygiderli alyşmaga, iň häzirki zaman enjamlarda we abzallarda geçirilýän ylmy synaglara gatnaşmaga, ylmy gözlegleriň iň öňdebaryjy usullary blen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hyzmatdaşlyk giň möçberli, kä halatlarda bolsa, täsin ylmy materialy hem-de tejribäni, iň täze ylmy açyşlary ulanmaga we şol bir wagtyň özünde ýurtlaryň öňünde durýan möhüm ylmy we durmuş-ykdysady wezipeleri, şol sanda ekologiýa howpsuzlygy, geljegiň energetika we biologiki serişdeleri babatdaky wezipeleri çözmäge mümkinçilik döredýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan barlaglarda belli bir orny eýeläp, bu ulgamda haýsydyr bir strategiki ugurlary kesgitläp hem-de olara esasy tagallalary gönükdirip biler. Türkmenistanyň tebigy – howa şertlerini nazara almak bilen, siziň ýurduňyz üçin gün işjeňliginiň adamyň saglygyna ýetirýän täsirini öwrenmek örän wajypdyr. Adamyň abadançylygy bolsa Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ählisiniň esasy maksady bolup durýar.

Türkmenistan Ýeriň golaýyndaky älem giňişligine öz emeli hemrasyny çykarmaga uly umyt edýär. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Türkmen döwletiniň Baştutany munuň diňe bir aragatnaşyk ulgamynyň, Internetiň we telewideniýäniň ösüşini çaltlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady häsiýetli giň möçberli wezipeleri hem çözmäge ýardam etjekdigini nygtaýar. Kosmos barlaglarynyň kömegi bilen gazylyp alynýan peýdaly zatlary, şol sanda nebite we gaza baý ýataklary gözlemek işlerini has netijeli alyp barmaga, oba hojalyk meýdanlarynyň barlaglaryny amala aşyrmaga we beýleki möhüm işleri geçirmäge ajaýyp mümkinçilik döreýär.

Duşak-Erekdag obserwatoriýasynda geçirilýän barlaglaryň netijesinde täze asteroidleriň we kiçi planetalaryň açyljakdygy şübhesizdir. Olara türkmen halkynyň geçmişdäki, şeýle hem häzirki döwürdäki ajaýyp ogullarynyň ady dakylsa, örän ýerlikli bolardy. Munuň özi olaryň atlaryny ebedileşdirmäge mümkinçilik berer.

Çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistan gadymy döwürlerde Gündogara we Günbatary birleşdirip, adamzadyň taryhynda möhüm orun eýeledi. Indi bolsa, köp asyrlar geçenden soň, Türkmenistan häzirki zaman siwilizasiýasynyň ösüşine özüniň saldamly goşandyny goşup, häzirki we geljekki döwrüň kosmos epopeýasynda esasy orunlaryň birini eýeläp biler.