Ï Köýtendagyň täze tapyndylary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köýtendagyň täze tapyndylary

view-icon 2180
ÝUNESKO-nyň halkara bilermenleriniň türkmen ornitologlary bilen Köýtendaga bolan üçünji ekspedisiýasynyň çäklerinde geçirilen meýdan gözlegleri netijesinde guşlaryň ýerli görnüşleri üçin iki sany räze görnüşini ýüze çykardylar

Zoolog professor E.Rustamowyň belleýşi ýaly, Hojagurban şäherçesiniň töwereginde günbatar gerişleriň eňňitlerinde ikatýok görnüşli topara degşli bolan ene aziýa koeli ýüze çykarydy. Guşlaryň bu görnişi Hindistanyň çäklerinde ýaşaýar, Türkmenistanyň we bütin Orta Aziýanyň çäklerinde bolsa ilkinji sapar ýüze çykaryldy. Onuň golaý ýaýran sebtleri gündogar Päkistandyr, ýagny Köýtendagdan 600 km günortadadyr. Koeliň adaty ikatýokdan çalaja uly göwresi bar. Alymlar bu guşa gözegçiligi dowam etdirýärler. Ol ýaş ýorunjaly we tut agajy, maklýura, garagaç we garaly ekilen 4 ga uly bolmadyk çäklerde ýaşaýar. Görlüp otyrylsa koel özüniň köp wagtyny tut şahalarynda geçirip, onuň miwelerini işdämen iýýär ekeni.



Ýakynda neşir edilen Türkmenistanyň guşlarynyň 420-si barada maglumat-kesgitleýji kitapçasynda eýýäm aziýa koelesi barada gysgajyk oçerk hem taýýarlanyldy. Guşlar baradaky bu kesgitleme golaý wagtda Magtymgulay adyndaky Baş milli kitaphana, ýurduň beýleki kitaphanalaryna, okuw we ylmy ojaklaryna gowşar. Ornitologlar sebit üçin täze görnüşi täsin tapyndy hökmünde surat şekilleri bolsa Türkmenistanyň Milli taryh muzeýine bermegi göz öňünde tutýarlar.

Köýtendag goraghanasynyň günorta-günbatar böleginiň 2 müň metre golaý belentligindäki Maýdan tebigy çäklerde öň diňe Badhyz pisseliginde gabat gelýän hindi žulany hasaba alyndy. Häzirki wagtda bolsa ol Köýtendagyň arçalyklaryna aralaşan bolmagy mümkin.

Köýtendag özüniň ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen şöhratlanýar. Karst gowaklar ulgamynyň ýerasty köllerinde köýtendag kör balygy ýaşaýar. Bu endemiki balyk Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Bu ýerleriň biodürliliginiň endemiki wekilleriniň köp sanlysy Milli gyzyl kitaba girizildi. Kitaba girizilen bu ýeriniň ösümliklerden Hohlowyň ýyrtyk ýaprakly ösümligini, Lipşisanyň şorasyny, Gordýaginiň kleomesini, Nikitiniň esparsetini, çigildemi we Wiktoryň ungerniýasyny görkezmek bolar. Haýwanat dünýäsinden bolsa – Fedçenkonyň we Doliniň tomazaklaryny, garlyk mollýusklaryny, täjik agsylyny we gündogar gömülgenini, owadan guşlaryň biri bolan – mör-möjek iýýän behişdi guşy we burma şahly geçini ýa-da marhury görkezmek bolar. Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan we ösýän häýwanat we ösümlik dünýäsini bu sanawlary diňe Köýtendagyň dag gerişleri we Köýten derýasynyň jülgesi bilen baglanyşyklydyr.