Ï Milli Liderimiziň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri hakyndaky ensiklopediýasynyň bäşinji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli Liderimiziň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri hakyndaky ensiklopediýasynyň bäşinji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

view-icon 6611
Şu gün ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Gurbanguly Berdimuhamedowyň ”Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň bäşinji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Dabara ýurdumyzyň iri lukmançylyk merkezleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylar, hünärmenleri, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri we talyp ýaşlar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Olar öňi bilen binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan kitap sergisi bilen tanyşdylar. Sergide hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary we şolara bagyşlanyp döwürleýin neşirlerde çap edilen makalalar görkezilýär.


Gadymy döwürlerden bäri adamlar dürli keselleri bejermek üçin ösümlikleriň melhemlik güýjüni ýüze çykarypdyrlar we olary ulanypdyrlar. Häzirki döwürde asyrlaryň dowamynda toplanylan we nesilden-nesle geçirilen halk lukmançylygynyň tejribeleri öz ähmiýeti ýitirmän, eýsem, häzikri zaman ylmynda we tejribesinde giňden ulanylýan ugra öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezilentimiziň täze ylmy işiniň fitoterapiýanyň ösdürilmegine kuwwatly itergi bermek bilen bir hatarda täze gözlegler we bu ulgamdaky möhüm açyşlar üçin ygtybarly binýat boljakdygyny nygtadylar. Çünki neşirde türkmen topragynda bar bolan dermanlyk ösümlikleriň ýüzlerçesi görkezilýär we olaryň bellei bir ýerleşen çäginiň aýratynlygy beýan edilýär.

Köp jiltli düýpli ylmy işiň dowamy bolan nobatdaky ylmy gollanmanyň çapdan çykmagy giň okyjylar köpçüliginde, şol sanda daşary ýurtly alymlarda uly gyzyklanma döretdi. Onda türkmen topragynda bitýän we milli lukmançylyk tejribesinde ýüzýllyklaryň dowamynda netijeli peýdalanylýan dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik aýratynlyklary barada gürrüň edilýär. Abu Reýhan Biruny, Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmen, Muhammet Huseýn hem-de bütin dünýä belli bolan we türkmen topragynda ýaşan Abu Ali ibn Sina ösümlik, haýwanat we mineral serişdeleriniň dermanlyk häsiýetleri barada ylmy işleri ýazypdyrlar. Şeýle hem olar dermanlyk ösümlikler bilen halk lukmançylygynyň binýadynda uzak wagtlap ösdürilen fitoterapiýa ylmynyň esasyny düzüpdirler.

Häzirki zaman barlaghanalary hem tebigatyň ösümlikleriň düzüm birlikleriniň özboluşlylygyny utgaşdyryş derejesiniň deňine ýetip bilmeýär. Tebigatda aň ýetirmäge kynçylyk döredýän gudratlar bolup geçýär. Mundan başga-da, ösümlikler ynsanyň kesellere garşy durnuklylyk derejesini ýokarlandyrýar we şol bir wagtyň özünde kesellere garşy göreşmek ukybyny artdyrýar. Munuň özi belli bir derejede häzirki döwürde uly meşhurlyga eýe bolan fitoterapiýa ulgamynyň, şeýle hem halk lukmançylyk usullarynyň täzeden dikeldilýändigini we onuň giňden ulanylýandygyny alamatlandyrýar.

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” ylmy kitabyň bäşinji jildinde milli lukmançylyk mirasy hakynda giňişleýin maglumat berilýär. Şeýle hem kitapda ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň 150 görnüşiniň bejerijilik aýratynlyklary giňişleýin beýan edilýär hem-de ylmy hem-de halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri hakynda aýdylýar. Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi örän baýdyr. Biziň ýurdumyzda ösümlikleriň 3550 görnüşi ösýär. Esasan-da, Köpetdag we Köýtendag goraghanalaryndaky daglyk ýerleriň ösümlik dünýäsi has-da köpdür. Bu ýerde ýabany dermanlyk ösümlikleriň 1600-den gowragy bar. Olaryň 330 görnüşi diňe şu künjekde ösýän ösümliklerdir.

Kitap üç bölümden ybarat bolup, onuň birinjisinde elipbiý tertibinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümliklere umumy häsiýet berilýär. Ikinji bölüminde Türkmenistanyň şypahanalarynda dermanlyk ösümlikleriň ylmy esaslary we ony ulanmagyň usullary barada gürrüň berilýär. Şunlukda, ösümlikleriň beýan edilişi ýörite suratlar bilen utgaşyklykda alnyp barylýar. Bu kitap düýpli ylmy iş bolmak bilen bir hatarda onda örän köp peýdaly maglumatlar, şol sanda türkmen-rus-latyn dillerinde dermanlyk ösümlikleriň sözlügi, olary ýygnamagyň senesi barada maglumat berilýär.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, mazmuny boýunça ylmy iş bolan döwlet Baştutanymyzyň bu kitaby milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan we üstünlikli durmuşa geçirilýän ”Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň möçberlerine ýene bir ýola göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ilatyň saglygyny goramak ulgamynda düýpli özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň hakyky ensiklopediýasyna öwrulendigini we onuň diňe bir hünärmenler üçin däl, eýsem, giň okyjylar köpçüligi, şol sanda daşary ýurtly okyjylar üçin niýetlenendigini bellediler.

Täze neşiriň çuňňur öwrenilmeginiň we giňden wangyz edilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen lukmançylyk ulgamynyň wekilleri bu kitabyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň düýp özeni we giň okyjylar köpçüligi üçin aýratyn ähmiýetlidigini nygtadylar.

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň nobatdaky jildiniň tanyşyrylyş dabarasynda eserden parçalar okaldy. Bu ýere ýygnananlar täze kitabyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek bilen, onuň awtory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işinde uly üstünlikler arzuw etdiler.