Däp bolşy ýaly, okuw ýylynyň tamamlanmagynyň öň ýanynda “Ýylyň mugallymy” we “Ýylyň terbiýeçisi” döwlet bäsleşikleriniň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu hünär bäsleşiklerini Türkmenistanyň Bilim ministrligi halypaçylyk we şägirtlik ýörelgelerini ösdürmek maksady bilen yzygiderli geçirýär.
Paýtagtyň we welaýatlaryň etrap bäsleşikleriniň ýeňijileri – dalaşgärleriň onikisi, her ugur boýunça alty dalaşgär gatnaşdy.
«Ýylyň mugallymy»
“Ýylyň mugallymy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 89-njy orta okuw mekdebinde geçirildi. Bäsdeşler iki günüň dowamynda iň gowy sapaklaryny berdiler, okuwçylar bilen köp ugurly okuw-terbiýeçilik işlerini guramakda kömek edýän özleri tarapyndan işlenilip taýýarlanan iň gowy okadyş usullaryny bilen tanyşdyrdylar, köp ugurly döredijilik ukyplaryny görkezdiler
Köp ýyllyk mugallymçylyk tejribesi bolan ýokary okuw we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim institutynyň hem-de Türkemnistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hünärmenleri emin agzalygynyň düzümine saýlanyldy.
Bäsdeşleriň ählisiniň hünär kämilligine emin agzalary ýokary baha berdiler. Ýöne şeýle-de bolsa “bäş plýus” baha iň ýaş mekdep okuwçylarynyň – alty ýaşly birinji synp okuwçylarynyň halypasy Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Gül Annanurowa mynasyp boldy. Oňa hormatly lenta dakyldy, bäsleşigiň ýeňijisi diýen ýörite diplom we gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.
Gül indi ýigrimi ýyl bäri bir mekdepde işleýär, ol diňe bir mugallymçylyk käriniň ussady bolman, eýsem şigyr ussadydyr hem, dutari oňat hilli çalmagy başarýar. Ol dürli hünär bäsleşiklerine birnäçe gezek üstünlikli gatnaşdy. Olardan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan 2012-nji ýylda welaýat derejesinde guralan “iň gowy okuw otagy” bäsleşiginiň baş baýragynyň gowşurylyşyny görkezmek bolar.
«Ýylyň terbiýeçisi»
Çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň arasynda 128-nji çagalar bagynda geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda aşgabatly pedagog Gylyçdurdy Töräýewa ýeňiji boldy.
Gylyçdurdy indi onalty ýyl bäri aşgabadyň 33-nji çagalar bagynda terbiýeçi bolup işläp gelýär. Birnäçe ýyl mundan ozal ol eýýäm “Ýylyň terbiýeçisi” bäsleşigine gatnaşyp, onuň şäher tapgyrynyň ýeňijisi bolmagy başardy. Ynha indi bäş ýyldan soň hem, hünär we bilim tejribesini baýlaşdyryp, bu bäsleşigiň ähli tapgyrlarynda üstünlik gazanyp, ýeňiji boldy.