Ï Tohumyň hili gowulandyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tohumyň hili gowulandyrylýar

view-icon 3557
Türkmen alymlary garaköli we saryja tohumly goýunlaryň hilini gowlsndyrmak, genofondyny saklamak boýunça gözleg işlerini dowam etdirýärler. Bu gözleg işlerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa institutynyň ýüň we deri çig mal barlaghanaly goýundarçylyk bölümine uly orun degişlidir.

Gözleg işleri birnäçe ylmy ugurlar boýunça geçirilýär. Bu tohumlaryň gowulygy olaryň et-ýaglylygyndan we ýüňliliginden ybaratdyr. Ýaş guzylar çalt ösýär hem-de ýetişýär, dört aýlyk guzular 30 kilogramdan hem agyr gelýär. Saryja tohumly goýunlaryň ýüňi haly önümlerini öndürmekde ulanylýar, olaryň ýüňüniň gurluşy haly önümleriniň uzak wagtlap saklanmagyny üpjün edýär.

Saryja tohumly goýunlaryň genofonduny kämilleşdirmek boýunça gözleg işleri Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň goýundarçylyk fermalarynda alnyp barylýar. Hünärmenler, hususan-da, saryja tohumly goýunlaryň ýüňüniň reňkini onuň önümliligi bilen gatnaşygyny öwrenýärler. Gara-goňrumtyl reňkli guzularyň geljekde et-ýag önümliligi has ýokary bolýar. Ýagty-goňur reňk has köp çykmagyny, hiliniň boljakdygyny aňladýar.

Gözleg işleriniň ýene bir ugry – garaköli goýunlaryň et-ýag önümliligini gowlandyrmak üçin goýunlaryň gissar tohumynyň genetiki hilini peýdalanmakdyr. Uly göwrümli bolmagy goýunlaryň gissar tohumynyň tapawutlanýan aýratynlygydyr. Bu tohum Orta Aziýanyň dag öri meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirldi. Türkmenistanda bolsa Lebap welaýatynda, köplenç Köýtendagyň eteklerinde, ösdürilip ýetişdirlýär. Bu ýerde tohumçylyk çäreleri geçirilýär. Gissar tohumly goýunlar diňe dag ýerleriniň ýumşak howaly otluk ýerlerinde özlerini gowy duýýarlar. Bölümiň ylmy işgärleri ýerli maldarçylyk hojalyklarynyň hünärmenleri bilen bilelikde 2006-njy ýyldan bäri iri gatyşyk guzylary alýarlar. Bu guzylar 8 aýlykda graköli guzylaryň agramyndan 25 göterim agyr gelýärler.

Garaköli tohumly goýunlaryň genofonduny saklamak boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Esasy üns ýurduň azyk maksatnamasynyň talaplaryna laýyklykda mallaryň baş sanyny artdyrmaga berilýär. Gözleg işleri Mary welaýatynyň Serrşhetabat etrabyndaky “Garaköli” hojalygynda – baýry milli garakölçülik merkeziniň binýadynda alnyp barylýar. Bu ýerde alnyp barylýan ylmy işleriň esasy maksady garaköli goýunlaryň gara reňkini saklap galmak, olaryň agramyny artdyrmak bolup durýar.

Institutyň bölüminiň işgärleri 2014-nji ýyldan başlap Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň “Saryja” maldarçylyk hojalygynyň binýadynda çal reňkli garaköli goýunlary ösdürip ýetişdirmek we baş sanyny köpeltmek boýunça seleksiýa işlerini alyp barýarlar. Bu iş ýurduň ýaragly güýleriniň düzüminiň wekillerini resmi geýimlerininde ulanylýan çal garaköliniň zerurlygy bilen baglanyşyklydyr. Mallardan owlak-guzy almagyň geçen möwsüminde bölümiň hünärmenleri maldarçylyk hojalyklarynda işlediler. Olar garaköli goýunlaryň tohumyna baha bermek we baş sanyny hasaba almak işlerini geçirdiler.

Bölümiň düzüminde ýüňüň we deri çig malynyň hillerini öwrenmek boýunça barlaghana işleýär. Şeýle hem bu barlaghana “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň synag edarasy bolup durýar hem-de onda her üç ýyldan täzeden attestasiýa geçirilýär.