Ylmy işleriň 8-nji göýberilişi “Nebitgaz pudagynyň ylmy ösgertmeleri” diýlip atlandyrylýar. Onuň bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen V Halkar gaz kongresine gatnaşyjylar hem-de bu sebäpli geçirilen pudaklaýyn sergä gatnaşyjylar ilkinji bolup tanyşdylar
Her ýylda çap edilýän bu neşiriň häzirki jildi Nebit we gaz instituynyň işgärleriniň, “Türkmengaz” Döwlet konserniniň merkezi diwanynyň we önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleriniň ylmy işlerini birleşdirdi.
Ylmy makalalar okyjylary gaz pudagynda soňky gazanylanlar bilen tanyşdyrýar. Olarda “Galkynyş” we “Bagtyýarlyk” ýataklaryndaky ýokary hilli gazy öndürýän täze zawodlar barada, şeýle hem Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän toplumyň düýbüniň tutulşy barada gürrüň berilýär.
Ýygyndynyň “Nebitgaz pudagynyň ylmy ösgertmeleri” makalalary okyjylar üçin amatly bolar ýaly alty bölüme toplanypdyr. Ilkinjisi – geologiýa, geofizika, gidrogeologiýa. Ikinji – nebit we gaz guýylaryny burawlamak. Üçünji – gaz we gazkondensat ýataklaryny ulanmak. Dördünji bölüm nebiti, gazy we gaz kondensatyny tüýýarlamaga we gaýtadan işlemäge taýýarlamaga bagyşlanypdyr. Bäşinjide gazsenagat enjamlaryny diagnostikasyna we poslamadan goramak baradaky ylmy makalalar berlipdir. Ýygyndyny daşky gurşawy goramak we pudagyň ykdysadyýetiniň meseleri hakyndaky makalalr bilen jemlenýär.
Makalalaryň ählisiniň ylmy taýdan täzelikleri bardyr. Olar nebitgaz ylmyny, onuň abraýyny hem Türkmenistanda, hem daşary ýurtlarda artdyrmaga, geçirilen gözleg işleriniň netijelerini tizden-tiz önümçilige ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Bu kitap hünärmenler üçin, şeýle hem geologiýa, ýataklary işläp taýýarlamak we ata watanyň tebigy baýlyklasryny gaýtadan işlemek bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.