Ï Türkmenistanyň Bilim Ministrligi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine halkara bäsleşigini yglan edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine halkara bäsleşigini yglan edýär

view-icon 2236
Halkara bäsleşigine ylmy-mugamlymçylyk edaralarynda ýa-da halkara guramalarynda iş tejribesi bolan we iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlary gatnaşyp bilerler.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine bäsleşige gatnasmaga isleg bildirýänler şu resminamalary tabşyrmaly:

bellenen nusga boýunca arza

pasportyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamanyň nusgasy

zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi

işgäri hasaba almak boýunça şahsy kagyz, 3x4 sm. ölçegdäki 4 sany surat

hünär bilimi, ylmy derejesi we ylmy ady hakyndaky resminamalaryň bellenen tertipde tassyklanan nusgalary

ylmy, döredijilik we beýleki işleriniň sanawy

saglygy hakynda kepilnama

Halkara bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýänleriň arzalary 2014-nji ýylyň 15-nji iýunyna çenli kabul edilýär.

Resminamalar şu salga ugradylyp bilner : 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 104, Türkmenistanyň Bilim Ministrligiа.

Habarlaşmak üçin: tel.:(0099321) 44-85-43, 44-84-06.

e-mail: exhibition.edu@gmail.com