Ï Häzirki zaman Aşgabadyň arhitekturasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Häzirki zaman Aşgabadyň arhitekturasy

view-icon 1028
Aşgabadyň häzirki zaman arhitekturasynda gündogar gurluşygynyň we häzirki zaman şäher gurluşygynyň däpleri şowly utgaşýar. Ýene-de bir aýratynlygy bar – ol hem binalaryň öňi bezelende türkmen halkynyň milli däp-dessuryna eýerilip, onuň taryhyny we medeniýetini beýan edýän mozaika göp gabat gelmek bolýar.

Gadym wagtlarda dörän mozaika smaltadadan (tutuk reňkli çüýşeden) we maýolikadan (syrçalanan reňkli keramika) wagtyň geçmegi bilen zaýalanmadyk çeperçilik taýdan mümkinçiliklere baý material bolup durýar. Bezeg maýolikli mozaika bilen arhitektura binalaryny bezemek gadym wagtlarda Golaý Gündogarda we Orta Aziýada giňden ýaýrapdyr. Şunuň ýaly sungatyň ajaýyp ýadigärlikleri Köneürgençde, Merwde we Sarahsda bar. Änewdäki arhitektura ýadigärligi bolan Seýitjemaletdin metjiniň portalynyň iki sany aždarha hem mozika bilen bezelipdir.


Häzirki zaman Aşgabadyň arhitekturasynda paýtagtyň ýaşaýyş we dolandyryş binalarynyň toplumy bilen sazlaşyp gidýän mozaikaly pannolaryň şowly çykan nusgalaryny agzamak bolar. Medeniýet merkezindäki ýaşaýyş jaýlarynyň binalaryndaky mozaikaly pannolar binalaryň we pannolaryň ölçegleriniň gatnaşyggynyň dogry tapylmagy netigesinde toplumy bezeýär, oňa bäýramçylyk äheňini berýär. Çeperçilik çözgüdi boýunça olary aýdyň beýan edilen halk-amaly sungatyň milli öwüşginleri we däp-dessurlary birleşdirýär.

“Miras” işinde Türkmenistanyň sungatyna umumy garaýyş, arhitekturada, türkmen halkynyň buýsanjy bolan halyçylyk we zergärçilik sungatynda çeper döredijiligiň çeşmeleriniň beýany görkezilipdir. “Toý” kompozisiýasynda “gapylyk” we “ensi” gölleri ulanylypdyr. Ýagty-altynsow äheňde şekillendirilen jigitleriň tansy we milli saz gurallary toý dabarasyny görkezýär. Tebigaty beýan edýän “Tebigat gözelligi” mozaiki panno türkmen halysynyň bezeginde berilýär. Diwarlary ak mermer bilen örtülen binalarda “keşbi” ýüze çykarýan mozaika pannosynyň ajaýyp arhitektura fony aýratyn dabaralanma eýe bolýar.


Hudožnik-monumentalistler M.Baýramow we Ç.Saryýew tarapyndan ykdysadyýet şäherçesiniň binalarynda ýerine ýetiren mozaika pannolary şekillendiriş sungatynyň we häzirki zaman arhitekturasynyň sinteziniň täzeçillik beýany bolup durýar. Esasy we goşmaça göller haly görnüşindäki bu pannonyň esasy alamatlary bolup durýar. Türkmen halysynyň gölleriniň ulanylmagy olary açyk daşky gurşawyň giňişliklerinde ulanmaga mümkinçilikleri berdi.

Mozaika pannolaryň altysyny – “Nagyş”, “Gülýaka”, “Ak ýüp” we beýlekileri türkmen sungatynda ýaşap gelýän we milli aýaratynlyklary bilen tapawutlanýan, täze hakykat bilen dörän hem-de özüne çekijilik täsirine eýe bolan ençe asyrlar bäri dowam edip gelýän däp-dessurlar birleşdirýär.