Türkmen mekdep okuwçylary Moskwada himiýa dersi boýunça geçirilen 48-nji Halkara Mendelleýew olimpiadasynda bürünç medallaryň ikisini eýelemegi başardylar. 11-18-nji maý aralygynda geçirilen intellektual bäsleşige 15 döwletden, şol sanda Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan, Rumyniýadan, Saud Arabystanyndan, Türkiýeden, Wengriýadan, Bolgariýadan, ýüzden gowrak mekdep okuwçylary gatnaşdy.
Türkmenistandan baýarakly orunlara Aşgabat şäheriniň 86-njy orta mekdebiniň onunjy synp okuwçylary Guwanç Gurbandurdyýew we Myrat Meredow dagy mynasyp boldular. Şu mekdebiň okuwçysy Aýdogdy Bazarow we Aýratyn zehinli çagalar Döwlet mekdep-internatynyň okuwçylary Öweznepes Orazgeldiýew we Çaryýar Bagalyýew guramaçylaryň höweslendiriji sylaglaryna mynasyp boldular.
Ýaş türkmen himiýaçylarynyň üstünlikli çykyşlary wekilýetiň ýolbaşçylarynyň olimpiadanyň jemleri boýunça “tegelek stoluň” başynda geçiren mejlisinde aýratyn bellenilip geçildi. Duşuşykda mekdeplerde himiýa sapagyny okatmagyň usulyna we çagalary predmet olimpiadalaryna taýýarlamagyň meselelerine garalyp geçildi.
Ýurdumyzyň Mendeleýewiň ýoluny ýöredijileriniň bäşisiniň hem ilkinji sapar halkara olimpiadasyna gatnaşmaklary hem-de onuň jemleri boýunça döwlet derejesinde hukuki gazanmaklary guwandyryjy ýagdaýdyr. Olaryň Moskwada üstünlikli çykyş etmekleri iýul aýynda Wýetnamyň paýtagty Hanoý şäherinde geçiriljek 46-njy Halkara himiýa olimpiadasyna gatnaşmakalaryna hukuk berýän “ýollanma” almaklaryna mümkinçilik berdi.