Türkmenistanyň döwlet Ykdysadyýet we dolandyryş instituty açyk gapylar gününi geçirdi. Bu ýokary okuw mekdebine orta hünär okuw mekdepleriniň uçurumlarynyň, bu okuw mekdebiniň işgärleri taýýarlaýan Okuw merkeziniň diňleýjileriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda gulluk edenleriniň iki ýüzden hem gowragy ýygnandy.
Bu hünär ugrukdyryjy çäresi bu okuw mekdebiniň kitaphanasyndan başlandy. Bu ýerde kafedra müdirleri, fakultetleriň dekanlary ýaşlary ähli ugurlar boýunça tanyşdyrdylar. Özleriniň geljekki hünärleri bilen has içgin tanyşmaklary üçin olary TDYweDI-yň okuw merkezlerine we okuw otaglaryna, leksiýa zallaryna we ýöriteleşdirilen kabinetlere, sport toplumyna hem-de umumy ýaşaýyş jaýlaryna aýlap görkezdiler.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Türkem halk hojalygy institutynyň özgerdilmegi netijesinde 2008-nji ýylda döredildi. Üç ýyldan soňra bu ýokary okuw mekdebi paýtagtyň “ykdysadyýet şäherçesine” göçüp bardy. Hünärmenleri taýýarlamak 4 bölümde – ykdysadyýet, maliýe, menejment, marketing bölümlerinde amala aşyrylýar. Dürli pudaklaýyn guramalary üçin hünär kämilleşdiriş bölümi hereket edýär.
Bu ýokary okuw mekdebi oňaýly ýaşamak, sapaklara taýýarlanamak üçin talyplar umumy ýaşaýyş jaýyna, ajaýyp sport binýadyna eýedir. Institutda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň baýragynyň eýesi “Gülruh” tans topary, “Bagtyýarlyk owazlary” estrada topary döredildi.