Ï “Ýylyň talyby” diýen at ykdysadyýet ýokary okuw mekdebiniň wekilinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ýylyň talyby” diýen at ykdysadyýet ýokary okuw mekdebiniň wekilinde

view-icon 1513
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň goldamagynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän “Ýylyň talyby” bäsleşiginiň jemi jemlendi. Oňa gatnaşyjylaryň jemleýji bäsleşigi – mundan öňki geçirilen bäslikleriň ýeňijileriniň bäsleşigi – Aşgabatda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituynyň we D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda geçirildi.

Her ýylda geçirilýän talyplar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy ýene-de oňa gatnaşyjylary Ulag we atagatnaşyk instituyna ýygnady.

Türkmen döwlet Ykdysadyýet we dolandyryş instituynyň menejment fakultetiniň üçünji ýyl talyby, Türkmenistanyň Prezidenti adyndaky talyp hakynyň eýesi Selbi Maýjanowa “Ýylyň talyby” diýen ada mynasyp boldy. Geçen ýyl hem ol bu bäsleşige gatnaşyp, hormatly birinji orny eýelemegi başarypdy.


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň “Ýylyň talyby” baýragynyň eýesi Selbi özüniň okaýan ýokary okuw mekdebiniň we bütin ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýandygy üçin mynasyp boldy. Mundan hem başga emin agzalary onuň üç dili bilýändigini hem göz öňünde tutdular. Selbi türkmen dilinden başga hem rus we iňlis diollerinde erkin gürläp bilýär, ýakynda bolsa ol fransuz dilini öwrenmek bilen çynlakaý meşgullanyp başlady.

Şeýle hem Selbi saz çalmak bilen meşgullanmagy hem gowy görýär. Ol Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky sazçylyk mekdebiniň fortepiano ugry boýunça okady. Indi bolsa ol skripkada saz çalmagy özleşdirýär.

Mundan hem başga Selbi – gazetleriň ştatdan daşary awtorydyr, telewideniýe we ýokary okuw mekdebiniň çeper höwesjeňler tematiki programmasyna gatnaşyjydyr, institutyň bosketbol boýunça ýygyndy toparynyň agzasydyr, ol okuwdan boş wagtlary bolsa biçüw we tikin kurslarynda okaýar. Ine şunuň ýaly köp ugurlar bilen meşgullanýan gyz “Ýylyň talyby” diýen ýokary okuw mekdepleriniň bäsleşiginiň iň ýokary baýragyna doly mynasypdyr.