Şu gün şanly sene — Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň däp bolan bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz tarapyndan esaslandyrylan ylmy işleriň her ýylky bu döwlet bäsleşigi türkmen ylmyny ösdürmäge, alymlaryň ýaş neslini kemala getirmäge hem-de ylmyň dürli ugurlarynda barlag işlerini höweslendirmäge, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge goşant goşmaga ýardam etmelidir. Aň-bilim bäsleşigine ýaş zehinler — ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ýörite orta okuw mekdepleriniň okuwçylary, işjeň ylmy işe has uly isleg bildirýän islendik hünärdäki ýaş türkmenistanlylar gatnaşýarlar.
Bu abraýly ylmy bäsleşige gatnaşýanlaryň sany barha artýar. Şu ýyl oňa ýurdumyzyň ylmynyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda obasenagat toplumynda innowasion tehnologiýalar ekologiýa hem-de tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak energetika, ýangyç hem-de olary tygşytly peýdalanmak; himiýa tehnologiýasy we bäsdeşlige ukyply önümleriň täze görnüşlerini döretmek gurluşyk, binagärlik hem-de seýsmologiýa lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek maglumatlar hem-de telearagatnaşyk tehnologiýalary, ykdysady we gumanitar ylymlary boýunça öz işläp taýýarlamalaryny hem-de barlaglaryny hödürlän ýaş zehinleriň 840-sy gatnaşdy.
Hödürlenen işleriň möhümdiginden, ylmy taýdan täzediginden, netijeleriniň iş ýüzündäki ähmiýeti nukdaýnazaryndan wajypdygyndan we olary önümçilige ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerinden ugur almak bilen, bilermenler topary tarapyndan ýeňijileriň 68-si kesgitlenildi. Olaryň 26-sy ýaş alymlardyr we 42-si talyplardyr.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde baýramçylyga mahsus ruhubelentlik dowam edýär. Ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasyna hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ylmy işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň doktorantlary hem-de aspirantlary gatnaşdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda şu gün türkmen paýtagtynda açylýan «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar hem bar.
Dabarada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýeňijilere Gutlagy okaldy, onda «Ýaş alymlaryň ylmy işleriniň netijeleri we ylmy oýlap tapyşlary döwletimiziň we halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilendir. Bu wezipe ylym dünýäsine gadam goýan hem-de öz Watanyny jany-teni bilen söýýän, päk ahlakly, kämil häsiýetleri bilen özlerini tanatjak her bir ýaş alymyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr» diýip nygtaýarlar.
Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmasy astynda ýaşlar ylmy bäsleşiginiň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hormatly diplomlar we gymmatly sowgatlar gowşuryldy. Aň-bilim bäsleşiginiň ýeňijileri hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ýaş nesli hakynda hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine ähli güýçlerini, başarnyklaryny we bilimlerini sarp etjekdiklerine ynandyrdylar.
Uniwersitetiň eýwanynda ýaş alymlaryň ylmy işleriniň sergisinde ylym we täze tehnologiýalar ulgamlarynda döredijilik agtaryşlarynyň netijeleri görkezildi. Sergi kitap neşirlerinden hem-de ylmy ýygyndylardan, dikeldilýän energiýa çeşmeleri, himiýa önümleriniň innowasion tehnologiýalary. Garagumuň çägesinden gurluşyk serişdelerini, kremniý almak, Türkmenistanda ösüp ýetişýän ösümlikleriň esasynda täze derman serişdelerini işläp taýýarlamak we beýlekiler babatda eksponatlardan hem-de dürli gurluşlaryň we oýlap tapyşlaryň nusgalaryndan ybaratdyr.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan taýýarlanylan «Bagtyýarlyk döwrüniň ýaş alymlarynyň ylymdaky gadamlary» atly neşiriň üçünji goýberilişi ýaş alymlaryň we talyplaryň häzirki milli aň-bilim bäsleşiginiň ýeňijileriniň ylmy agtaryşlarynyň hem-de iş ýüzündäki işläp taýýarlamalarynyň netijeleri bilen tanyşdyrýar.
Ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamagyň dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler, şonda olar ýurdumyzyň ylmyny we bilimini innowasion taýdan ösdürmegiň ýöredilýän syýasaty, milletimiziň baý aň-bilim kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmäge ähli şertleriň döredilendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Bu çäräniň dabaraly bölegi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki dabaraly konserti bilen jemlendi.