Ï Türkmen köli - dünýäniň iňlis dilinde gürleýän alymy üçin
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen köli - dünýäniň iňlis dilinde gürleýän alymy üçin

view-icon 1438
“Türkmenistanyň Altyn asyr” Türkmen köli we suw serişdeleri” kitaby Germaniýanyň “Şpringer” neşirýatynda iňlis dilinde neşir edildi. Türkmen we rus alymlarynyň ABŞ-nyň, Fransyýanyň, Israiliň we beýleki ýurtlaryň alymlarynyň maslahat beriji alymlary hökmünde gtatnaşmaklaryndaky bilelikdäki zähmeti diňe bir suw serişdelerini goramak bilen meşgullanman, eýsem daşky gurşawy hem goraýan Türkmenistanda Garagumda amala aşyrylýan örän uly suw desgasy bolan gidrotehniki desgasynyň gurluşygyna bagyşlandy.

Neşirde ýurduň suw toplumynyň düzüm bölegi hökmünde “Altyn asyr” türkmen köli baradaky toplumlaýyn maglumatlar, onuň häzirki ýagdaýy we ony gelejekde ösdürmegiň bähbitleri beýan edilýär. Hususanda, bu ýerde kölüň hanasyna dürli göwrümlerde we möçberlerde kollektor-drenaž suwlarynyň gelip gowuşmagyna hem-de bugarmagyna bähä bermäge şert döredýän üç derejeli Garaşor çöketliginiň modeli beýan edilýär.


Soňky bäş ýylyň dowamynda Kölüň 2009-njy ýylda ilkinji gurluşyyna başlanany bäri kanallaryň-kollektorlaryň ulgamynyň ulanylşyna hemra monitiringiniň netijeli gyzyklanma döredýär. Türkmenistanda tebigatdan peýdalanşyna we senagat desgalarynyň ulanyşyna hemra özegçiligi köp ýyl bäri ulanylyp gelinýär. Ilkini nobatda ol, şeýle gözegçilik geçirlende, suw hojalygy, emeli köl babatda özüni ödeýär. Meselem, alymlar Garaşor çöketligine drenaž suwlary bilen ýuwaş-ýuwaşdan dolmagyna, kölüň ekoulgamynayň emele gelşini selejerip we baha berip bilerler. Mälim bolşy ýaly, ýurtda hojalyk işlerine hemra arkaly gözegçilik etmek ýakynda Aşgabatda açylan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr.

Kitapda kölüň durmuş-ykdysady ähmiýetli meseleleri, şeýle hem daşky gurşawy goramak we emeli suw howdanynyň zolagynyň biodürliligi hem beýan edilýär. Bu neşir daşary ýyrtli okyjylaryň giň köpçüligi üçin uly gyzyklanma döredýär.