Ï Ykdysadyýetiň oba hojalyk toplumynyň ylmy kuwwaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ykdysadyýetiň oba hojalyk toplumynyň ylmy kuwwaty

view-icon 1080
Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde gowaçany ösdürip ýetişdirmegiň innowasion tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu tehnologiýany ýurduň dürli toprak-howa şertlerinde önümçilige ornaşdyrmak üçin teklipler işlenilip taýýarlanyldy.

Şeýle hem TOHU hünärmenleri tarapyndan bu maddalaryň toprakda iň amatly gatnaşygyklaryny dikeltmek maksady bilen, topragyň ýokumly maddalary, dökünleri we ösümlikleriň arasyndaky özara gatnaşygy boýunça synag gözlegleri geçirilýär. Bu işiň dowamynda köp sanly barlaghana we meýdan gözleg işleri geçirildi.


Ýokary okuw mekdebiniň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň gözleg işleriniň netijeleri oba hojalyk önümçiliginiň ösdürilmegine bagyşlanan ylmy maslahatlarda ylmy çykyşlar arkaly beýan edilýär. Däp boýynça iň gowy işleriň awtorlary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy tarapyndan Ylymlar gününe bagyşlanyp geçirilýän döwlet ylmy bäsleşiklerine gatnaşýarlar.

Şeýlelik bilen, şu ýyl umumymilli bäsleşigine gatnaşyjylaryň arasynda – TOHU wekilleriniň bäşisi bar. Olar uniwersitetiň okuw-tejribe hojalygynda, ýurduň dürli sebitlerindäki şular ýaly gurluşlarda synagdan geçirilen öz synag ylmy işlerini baýraga hödürlediler.