Ï Pudaklar üçin hünärmenler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pudaklar üçin hünärmenler

view-icon 1110
Aşgabatda Malaýziýanyň “Petronas” Tehnologiki uniwersitetiniň türkmen uçurymlaryna bakalawr derejesini berýän diplomlaryň gowşurylyşy boldy.

Her ýylda geçirilýän bu çäre eýýäm altynjy gezek geçirilýär. 1977-nji ýylda esaslandyrylan we Bandar Seri Iskandar diýen ajaýyp künjekde Kuala-Lumpuradan demirgazykda 300 kilometrlikde ýerleşýän “Petronas” Tehnologiki uniwersitetde eýýäm türkmen talyplarynyň onlarçasy bilim aldy. Uniwersitetde nebiti gazyp almak bilen baglanyşykly tehniki hünärleriň giň toplumy boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bu ýokary okuw mekdebinde inžiniring, geologiýa, geofizika, geohimiýa, ylmy we maglumatlar tehnologiýalary, menejment we gumanitar ylymlary ýaly fakultetler bar.

Malaýziýanyň iň gowy ýokary okuw mekdebiniň uçurymlaryny gutlamak üçin paýtagtyň “Aşgabat” kinoteatryna bu uniwersitetiň, Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň, ýurduň Bilim ministrliginiň wekilleri ýygnandylar. “Petronas” kompaniýasy bilen köp ýyllaryň hyzmatdaşlygy ýurduň nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine mynasyp goşandyny goşýar.