Ï Medeniýet hepdeligine dabaraly badalga berilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet hepdeligine dabaraly badalga berilýär

view-icon 946
Şu gün welaýatyň merkezinde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, bu iri medeni çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda ikinji gezek geçirilýär.

Geçen ýyl "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda milli medeni mirasy gorap saklamaga, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, medeni diplomatiýany işjeňleşdirmäge we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen Medeniýet hepdeligi — 2013 uly üstünlik bilen geçirildi. Bu gezek bolsa bu çäre Daşoguzda geçirilýär. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralan dürli çäreler halkymyzyň gadymy däp-dessurlarynyň häzirki döwür bilen sazlaşyp gidýändigini görkezdi.



Milli Liderimiziň parasatly başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem şunuň ýaly iri möçberli medeni çäreler tapgyrlaýyn geçiriler, çünki türkmen topragynyň her daban ýeri taryha baý bolup, örän gadymy siwilizasiýalaryň mirasyny özünde saklaýar we umumadamzat medeni hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň ýokary medeniýetiniň subutnamasy bolup durýar. Bu ýyl Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde geçirilýär, bu ýerde ХII-ХIII asyrlaryň sepgidinde çäksiz we kuwwatly Köneürgenç türkmenleriniň döwleti gülläp ösüpdir, ol ýerde beýik akyldarlar Biruny we Awisenna zähmet çekipdirler we döredipdirler, meşhur sopylar we dindarlar wagyz işlerini geçiripdirler, Köneürgenjiň şöhratly şahsyýetleri bolan Nejmeddin Kubranyň we Mahmud Zamahşarynyň atlary giňden meşhurdyr. Biziň döwürlerimize çenli gelip ýeten we “Köneürgenç” taryhy we medeni döwlet goraghanasyna girýän hem-de ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni mirasynyň desgasy diýip ykrar edilen ajaýyp binagärlik ýadygärlikleri bu gadymy türkmen döwletiniň ösendiginden habar berýär.

Bu ýerde taryh häzirki döwür bilen birleşene meňzeýär. Ol ýadygärlikleri synlap, umumy medeni mirasyň deňhukuklydygyna we gymmatlydygyna göz ýetirýärsiň we dünýä siwilizasiýasynyň iň gadymy merkezleriniň biriniň gudratly täsirini duýýarsyň. Häzirki wagtda senetçiligi, saz we şekillendiriş sungatyny ösdürmekde gadymy medeniýetiň ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Diňe soňky birnäçe ýylyň içinde Daşoguzda medeni-durmuş maksatly desgalaryň onlarçasy guruldy we gurluşygy dowam etdirilýär. Iri medeni maksatly desgalaryň hatarynda Ruhyýet köşgüni, N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatryny, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýini, häzirki zaman Medeniýet öýüni, “Bagt köşgüni” görkezmek bolar we häzirki wagtda sebitde iri kitaphananyň gurluşygy alnyp barylýar. Daşoguz welaýaty ýurdumyzyň myhmanlarynyň örän uly gyzyklanma bildirýän syýahatçylyk künjegine öwrüldi.

Bu ýerde aýawly goralyp saklanýan medeni gymmatlyklar we ata-babalarymyzdan gelip ýeten däp-dessurlar ösdürilýär hem-de medeni ulgamda halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Muňa mysal edip, 2012-nji ýylda Daşoguz şäherinde geçirilen türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyny, halkara ylmy maslahatlaryny we häzirki döredijilik çäresini görkezmek bolar, oňa tutuş welaýatyň ilaty uzak wagtlap taýýarlyk gördi.

Şu gün Daşoguzda uly baýramçylyk, maslahatyň nyşanlary, myhmanlary mübärekleýän şygarlar, köp reňkli howa şarlary bilen bezelen şähere aýak basan pursadyňdan baýramçylyk täsirini duýmak bolýar.



Medeniýet hepdeligini ýokary derejede geçirmek üçin Daşogza ýollanan köpsanly döredijilik toparlarynyň hatarynda dürli sungatlaryň wekilleri — meşhur aýdymçylar, suratçylar we şahyrlar, döredijilik toparlary, folklor-etnografiýa toparlary, şeýle hem döredijilik ýoluna täze gadam basan artistler bar. Bu iri medeni çärä — türkmen medeniýetiniň baýramyna dünýäniň 18 ýurdundan döredijilik işgärleri çagyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türki dilli döwletleriň dördünji duşuşygynda eden çykyşynda Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet hepdeligi barada aýdyp: “Bu giň möçberli çäräniň aýratynlygy onuň köpugurlylygyndan ybaratdyr. Ol diňe bir sungatyň ähli görnüşlerine hem-de halk döredijiliginiň köpdürlüligine wekilçilik etmek bilen çäklenmän, eýsem, özünde halkymyzyň köpasyrlyk döredijiligini, ruhy tejribesini aýawly saklamak hem-de giňden wagyz etmek ugurlaryny jemleýär” diýip nygtady.

Medeniýet hepdeliginiň açylyşyna bagyşlanan dabara Ruhyýet köşgüniň öňündäki Görogly meýdançasynda geçirildi.

Bu ýerde belent flagştokda Türkmenistanyň Döwlet tugy pasyrdaýar, meýdançanyň merkezinde bolsa türkmen dessanynyň gahrymany Göroglynyň özboluşly ýadygärligi ýerleşdirilipdir. Ady rowaýata öwrülen halk gahrymany okgunly çapýan bedewiň üstünde şekillendirilipdir.

Häzirki wagtda bu künjek tanalmaz derejede özgeripdir we şäher ýaşaýjylarynyň höwes bilen dynç alýan ýeridir. Hepdeligiň geçirilýän wagtynda bu ýerde ýörite şäherjik döredilipdir, ony sungat şäheri diýip atlandyrsaň hem bolar. Gündogaryň däplerine laýyklykda, oňa barýan ýol gadymy derwezeleriň üstünden geçýär, “şaýoluň” ugrunda bolsa ak öýleriň onlarçasy goýlupdyr. Olaryň her biri türkmen halkynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan özboluşly däp-dessurlary, halkymyzyň örän baý medeni mirasy, sungaty hakynda gürrüň berýän sergi eksponatyna çalym edýär. Bu özboluşly sergide milli senetçiligiň, lybaslaryň, keçeleriň we halylaryň, keramika we zergärlik önümleriniň, halk saz gurallarynyň, surat we heýkeltaraşlyk eserleriniň nusgalary görkezilýär. Bu ýerde şeýle hem demirgazyk welaýatyň gadymy taryhy hakynda gürrüň berýän neşir önümleri bar. Köpsanly kitaplaryň arasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işlerine we çeper eserlerine aýratyn orun berilýär.

“Sungat şäheriniň” merkezi şaýoly gadymy Köneürgenjiň ýadygärlikleriniň nusgalary ýerleşdirilen meýdança tarap alyp barýar. Ýokary ussatlyk derejesinde ýerine ýetirilen meşhur aramgähleriň we beýleki binagärlik ýadygärlikleriniň, şeýle hem bu sebite mahsus nagyşlar bilen bezelen gündogar derwezeleri Göroglynyň ýadygärliginiň öňünde gurnalan häzirki zaman sahna meýdançasynyň ýanynda ýerleşdirilipdir. Bu bolsa şöhratly geçmiş bilen Watanymyzyň häzirki ajaýyp döwrüniň, milli medeniýetiň aýrylmaz baglanyşygyny alamatlandyrýar.



Bu gün bu meýdança köpsanly baýdajyklar, güller, howa şarlary, artistleriň köp öwüşginli lybaslary bilen aýratyn bezemen görnüşe giripdir. Ähli ýerlerde milli aýdym-saz ýaňlanýar we döredijilik joşguny höküm sürýär.

Dabara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ähli ugurlary boýunça iň gowy döredijilik toparlary jemlenipdir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Medeniýet hepdeligine we onuň çäklerinde guralýan halkara sungat sergisine gatnaşyjylara gutlagy dabaraly ýagdaýda okalýar.

Döwlet Baştutanymyz döredijilik gözden geçirilişine gatnaşyjylary bu iri göwrümli medeni çäräniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap we olara berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini arzuw etmek bilen, şu halkara medeni çäresiniň hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýän dünýä döwletleriniň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, kämilleşdirmäge, sungat ussatlarynyň zehin-başarnyklaryny has-da aýdyň ýüze çykarmaga täze badalga berjekdigini belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dabaraly saz ýaňlanýar we Medeniýet hepdeliginiň nyşany bolan paýtagtymyzdaky medeniýet şäherjiginde oturdylan “Sungat” ýadygärliginiň kiçeldilen nusgasyny sahna çykarylýar.

Medeni çäräniň başyny başlan edebi-sazly çykyş milli sungatyň iň oňat däpleriniň dowam etdirilýändigini aýdyň görkezdi. Asyrlaryň jümmüşinden zehinli nesilleri sungatyň keramatly howandary bolan Aşyk Aýdyň pir mübärekleýär, ol Arkadagymyzyň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň ýeten häzirki derejesine buýsanýar. Onuň yzysüre sahnada Görogly peýda bolýar we şöhratly milli gahrymanlaryň keşpleri janlandyrylýar.

Dabaralar Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň, umumymilli döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiş gazanan ýaş ýerine ýetirijileriň, iň gowy tans toparlarynyň gatnaşmagynda konsert bilen dowam edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni döredijä, türkmen topragynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň hem-de Watanymyzyň we Türkmenistanyň halkynyň bähbidine beýik hem-de şöhratly işleriň başyny başlaýja bagyşlanan aýdym baýramçylyk konsertini jemledi.

Agşam Medeniýet hepdeligi — 2014 mynasybetli çäreler şäheriň dürli künjeklerinde dowam etdi. Şu Medeniýet hepdeligine gabatlanyp durky täzelenen Magtymguly meýdançasynda halk sazandalarynyň we ýurdumyzyň dürli sebitlerinden gelen dessançylaryň, daşoguzly bagşylaryň çykyşlary boldy.



Daşoguzly bagşylaryň ýerine ýetirýän dessanlary ýatdan çykmajak tomaşadyr. Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halk ýerine ýetirijileriniň sungaty Türkmenistanda ähli döwürlerde hem aýratyn hormat-sarpa eýe bolupdyr, çünki olaryň döredijiliginde halkyň durmuşy janlanýar. Bagşylaryň aýdymlary we dessanlary bagt we hasrat, şatlyk we gam-gussa, kalbyň we duýgularyň gözelligi barada gürrüň berýän tolgundyryjy hakykatdyr. Dutaryň owazy janly tebigatyň — tokaýlaryň, dag çeşmeleriniň, uçup barýan guşlaryň dürli öwüşginli sesini beýan edýär. Dutaryň owazy ynsan janyna şypadyr. Ony rahatlandyrýar we ýaşamak hem-de döretmek üçin güýç-kuwwat berýär. Aýdyjy-bagşy öz gahrymanlarynyň dürli duýgularyny beýan etmek bilen, olaryň hakyky keşbine girýär. Bu bolsa türkmen halkynyň akyl-paýhasy bilen döredilen dutaryň ýene bir gudratydyr. Diňe bu şahyrana, dürli duýgulara baý bolan özboluşly tomaşa — bagşynyň sungatyna syn edip, näme üçin şu toprakda dutara ýadygärligiň oturdylandygyna düşünýärsiň.

Halk häzirki güne çenli meşhur bagşylary hakydasynda saklap gelýär, olar barada rowaýatlar we aýdymlar düzýär. Türkmenistanda bagşynyň sungatyna belent sarpa goýulýar. Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanynda bagşylary taýýarlamak boýunça ýörite bölümiň açylandygy bu gadymy sungata — halk ýerine ýetirijilerine we aýdyjylara belent hormat-sarpanyň nyşanydyr. Gadymy dessanlary ýerine ýetirýän meşhur bagşylaryň köpüsiniň önüp-ösen sebiti bolan Daşoguz welaýatynda belli halk sazandalaryna, ussat ýerine ýetirijilere, türkmen halk sazyny we nusgawy şygryýeti wagyz edijilere bagyşlanyp ýörite muzeý döredildi. Onda türkmen dessanlaryny we Magtymguly Pyragynyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Keminäniň, Mollanepesiň goşgularyna aýdymlary ýerine ýetirip, milli saz medeniýetiniň “altyn hazynasyna” giren meşhur bagşylaryň foto resminamalary we aýdymlarynyň ýazgylary saklanýar.

Köpasyrlyk çeperçilik ýörelgeleriniň esasynda kemala gelen bagşyçylyk sungaty özüniň diňleýjilere edýän täsirini ýitirmeýär. Muňa şu gün Daşoguzdaky Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanyna gelen saz muşdaklary hem doly göz ýetirdiler. Halk sazandalarynyň — aýdyjylarynyň ýerine ýetirmeginde dessanlar, şeýle hem şu ýyl dünýäniň köp ýurtlarynda doglan gününiň 290 ýyllygy giňden bellenilýän beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar ýaňlandy.

Döredijilik çäresiniň dürli wakalara baý bolan birinji gününi Görogly meýdançasynda gurnalan sungat şäherinde geçirilen uly baýramçylyk konserti jemledi. Açyk sahna meýdançasynda folklor-etnografiýa we belli tans toparlary hem-de meşhur aýdymçylar özleriniň aýdyň öwüşginli milli sungatyny görkezdiler. Ýaş artistleriň döredijilik gözlegleri bilen utgaşan tejribe we ussatlyk milli baýramçylyga öwrülen Daşoguzdaky Medeniýet hepdeliginiň açylyşynda sazlaşykly utgaşdy.

Ertir Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy bolar, döredijilik toparlarynyň çykyşlary dowam eder, Şabadyň kenarynda bolsa şygryýet agşamy geçiriler, şahyrana setirler ýaňlanar.