Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň çapdan çykan nobatdaky sanynda şu ýyl Türkmenistan we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden bellenilip geçilýän beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan makalalara uly orun berilýär.
Žurnalyň “Täze açyşlar we işläp düzmeler” bölümi türkiýeli alym H.Pekeriň Magtymgulynyň döredijiligi baradaky makalasy bilen açylýar. Bu makala beýik türkmen şahyrynyň şygryýetiniň filosofiki meseleleriniň seljermesine esaslanýar. Awtor Magtymgulynyň goşgularynyň baý materiallaryna salgylanyp, anyk mysallar arkaly adaty sözleriň täze many-mazmuna eýe bolýandygyny görkezýär.
Şu ýerde özbek filology B.Karimowyň “Wamberi — magtymgulyşynas we terjimeçi” atly makalasy ýerleşdirilipdir. Onda meşhur wenger Gündogary öwreniji alymynyň 1879-njy ýylda Germaniýada çap edilen “Türkmen dili we Magtymgulynyň diwany” atly işine garalýar. Arminiý Wamberiniň özüne Magtymgulynyň nemes diline terjime edilen goşgularynyň otuz birisini we goşgulardan alnan parçalaryň onusyny birleşdirýän bu neşiri ýewropalylaryň türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň mirasy bilen tanyşlygynyň başyny başlady.
Täjik alymy A.Komilowyň “Täjigistandaky magtymgulyşynaslyk” atly makalasy beýik türkmen şahyrynyň eserleriniň bu dostlukly ýurtda aýratyn meşhurlyga eýedigine şaýatlyk edýär. Şahyryň döredijiligini öwrenmek, onuň goşgularyny terjime etmek Täjigistanda barha giň gerime eýe bolýar diýip, awtor belleýär. Bu bölüm Kazanyň federal uniwersitetiniň dilçisi Z.Biktagirowanyň “Tatarystanda Magtymgulynyň ömrüniň we döredijiliginiň öwrenilişi” atly makalasy bilen tamamlanýar.
Žurnalyň “Medeniýetiň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” diýen bölüminde gazagystanly alym M.Nasyrowanyň “Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiliginde milli we umumadamzat ähmiýetli pikirler” atly makalasy ýerleşdirilipdir. Awtor Magtymgulynyň öz halky bilen aýdymyň dilinde gürleşendigini nygtaýar. Çünki onuň sillabik usulynda ýazan goşgulary türkmen milli sazynyň owaz aýratynlyklary bilen sazlaşýar. Şoňa görä-de, şahyryň eserleri çalt ýatda galypdyr we halk sazandalarynyň dutarynyň owazynyň astynda halkyň arasynda giňden ýaýrapdyr. Täjigistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy M.Mulloahmedowyň “Magtymguly we täjik-pars poeziýasy” atly makalasy hem şu meselä bagyşlanýar. Onda Rudaki, Firdöwsi, Omar Haýýam, Saady, Hafyz we beýleki Gündogar nusgawy şahyrlarynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýetiren täsiri barada gürrüň berilýär.
Žurnalyň şu sanyndaky makalalaryň biri orta asyrlarda Sarahsyň binagärleriniň döreden täsin kerwensaraýlaryna bagyşlanýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky kerwensaraýlar IX — XII asyrlarda Gündogar ýurtlarynda giňden ýaýramak bilen, binagärligiň özboluşly eserlerine öwrülipdir. Olaryň köpüsi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Olaryň iň ululary sarahsly ussalar tarapyndan gurlupdyr. Olar Orta Aziýa sebitinde örän ussat gurluşykçylar hasaplanylypdyr.
Žurnalyň däp bolan bölüminde ýurdumyzyň şu ýylyň birinji çärýegindäki jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalaryna syn berilýär. Neşiriň şu sanynyň ahyryndan okyjylar 2013-nji ýylda “Miras” žurnalynda çap edilen ylmy makalalaryň sanawyny tapyp biler.