Ï Döredijilik taryhyň sahypalarynda—döwürleriň we halklaryň arabaglanyşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döredijilik taryhyň sahypalarynda—döwürleriň we halklaryň arabaglanyşygy

view-icon 1112
Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli çaresi--Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Onuň maksatnamasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiziň dürli öwüşginliligini açyp görkezýän dürli çäreler bilen düzüldi. Şu günki günüň wakalary, olaryň köpdürli mowzugyna garamazdan, bir bitewi maksady bilen—taryhyň sahypalaryndaky döredijilik hökmünde birleşdirmek bolar.


Maslahata gatnaşyjylar üçin forumyň ilkinji güni keramatly ýerlere baryp görmekden başlandy. Medeniýet we sungat işgärleri Ruhubelent etrabynyň çäginde ýerleşýän döredijilik adamlarynyň howandary Aşyk Aýdyň Piriň kümmetine zyýarat etdiler, onuň hormatyna bina edilen metjide baryp gördüler. Zyýarat “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni toplumyna barmak bilen dowam etdi. Bu binagärlik goraghanasy halkyň hormatlaýan mukaddesliklerini birleşdirýär. Köneürgenjiň ýadygärlikleri netijeli halkara ylmy hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2005-nji ýylda Durbanda /GAR/ geçen Bütindünýä mirasyň komitetiniň maslahatynda gadymy Köneürgenç şäherini UNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna girizmek barada biragyzdan karara gelindi. Häzir Daşoguz welaýatynyň çäginde dürli döwürleriň binagärlik ýadygärlikleri saklanyp galypdyr. Olar öz döwründe Gündogaryň iri merkezleriniň biri bolan gadymy türkmen döwletiniň paýtagtynyň beýikligine şaýatlyk edýär.

Maslahata gatnaşyjylar giňden ykrar edilen milli mukaddeslik bolan Nejmeddin Kubranyň kümmetine, soňra Daş metjide baryp gördüler. Bu ýerde häzir Halk senetleriniň muzeýi ýerleşýär we bu ýerden adatça “Üç ýüz altmyş” ýadygärlikler toplumyna zyýarat etmek ýoly başlanýar. Soňra maslahata gatnaşyjylar dünýä belli Il-Arslanyň, Tekeşiň, Soltan Alynyň, Törebeg hanymyň kümmetlerine zyýarat etdiler hem-de türkmen halkynyň we tutuş adamzadyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan goraghananyň çäginde ýerleşen beýleki mukaddesliklere baryp gördüler.

Şu gün şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň binasynda Halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Ol belli türkmen suratkeşlerini, bezeg-amaly sungatynyň ussatlaryny, şeýle hem olaryň daşary ýurtly kärdeşlerini bir ýere jemledi. Serginiň açylyş dabarasynda şu çäräniň umumadamzat ynsanperwer gymmatlyklarynyň dabaralanmagyna ýardam edýän halkara medeni gatnaşyklaryny ösdürmek işinde eýeleýän orny bellenildi. Welaýatyň döredijilik toparlarynyň dürli öwüşginli çykyşlary şu günki wakanyň baýramçylyk ýagdaýyny aýrtdyrdy.

Tanymal we döredijilik ýoluna gadam basan suratkeşleriň 40-a golaýy şekillendiriş we bezeg-amaly sungaty bilen tanyşdyrdylar. Olaryň görkezen eserleriniň medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygyna gabatlanyp döredilendigi bellärliklidir. Türkmen zergärleriniň, ussat halyçylaryň, küýzegärleriň, senetkärleriň we beýleki çeperçilik senetleriniň ussatlary, şeýle hem suratkeşleriň işleri serginiň agramly bölegini düzdi. Olar milli döredijilik däpleriniň yzygiderliligini gökezdiler.


Bu ýerde grafiki sungatyň ajaýyp nusgalyklaryny, kompýuter tehnikasynda ýerine ýetirilen işleri, özboluşly heýkelleri, ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan zergärçilik işlerini, şeýle hem täsin haly we keçe önümlerini, dürli görnüşli el işlerini synlap boldy. Sergide şeýle hem sungat mowzugyna degişli edebiýatlar görkezildi. Serginiň barşynda köp sanly duşuşyklar geçirilýär, döredijilik gatnaşyklary ýola goýulýar.

Muzeý işgärleri Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara çeperçilik gymmatlyklaryny synlamak mümkinçiligini döretdiler. Olar myhmanlar üçin Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň zallary boýunça baý mazmunly gezelenji guradylar, bu ýerde welaýatyň baý taryhynyň we medeniýetiniň subutnamalary saklanýar we öwrenilýär.

Muzeý gaznalarynda gymmatlyklaryň 8 müňden gowragy – türkmen halkynyň taryhynyň, medeni we sungat ýadygärlikleri: arheologik tapyndylar, gadymy egin-başlar, halylar, zergärçilik önümleri, öý goşlary, arhiw resminamalary saklanýar.

Gymmatlyklaryň arasynda geçen asyryň 40-njy ýyllarynda muzeýe gowşurylan, ýörite arheologik-etnografiýa toparynyň gözleg işleriniň barşynda tapylan zatlar bar. Gymmatlyklaryň içinde durmuşda ulanylan gap-gaçlar, daş asyryna, bürünç eýýamyna, antik döwrüne degişli zatlar bar. Muzeýiň ak mermere beslenen binasy gündogar binagärliginiň ýadygärligini ýadyňa salýar.

Daşoguz welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň kiçi zalynda görkezilen filmler hem taryhy mowzuga bagyşlandy. Tomaşaçylar ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň gadymy ýadygärlikleri, syýahatçylyk düzümi bilen tanyşdyryldy. Bu film türkmen kinodokumentalçylary tarapyndan döredildi we milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň taryhy bilen tanyşdyrýan “Taryha gezelenç” atly filmiň bir bölegi bolup durýar. Ol milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň taryhy bilen tanyşlyk bolup durýar.


Agşamara Şabat derýasynyň kenarynda dikilen ak öýlerde şygryýet okaýyşlary geçirilip, olara dünýäniň dürli ýurtlaryndan söz ussatlary gatnaşdylar. Umumadamzat gymmatlyklaryna bagyşlanan ganatly setirler diňleýjileriň kalbynda orun eýeläp, tüýs ýürekden çykýan duýgular üçin terjime hem zerur bolmaýardy. Belli türkmen şahyrlary we sungat ýoluna gadam basan şahyrlar öz eserlerini okadylar. Olaryň ençemesi türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, onuň görnükli şahsyýetlerine bagyşlandy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň başyny başlan, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň öňünde täze sepgitleri açan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan goşgular belent watançylyk duýgusy bilen ýaňlandy.

Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni Daşoguz şäheriniň Görogly meýdançasynda tamamlandy. Bu ýerde göçme sergiler guraldy, uly konsert maksatnamasynda bolsa Daşoguz we Mary welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar we sazlar, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi.

Döredijilik baýramçylygynyň şu güni milli medeniýetimiziň taryhy-edebi, aýdym-saz we çeperçilik mirasyna, döredijilige we senetlere, däp-dessurlara näderejede baýdygyny açyp görkezdi.