Ï Medeniýet hepdeligi: üçünji gün
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet hepdeligi: üçünji gün

view-icon 868
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän şu gezekki Medeniýet hepdeliginiň merkezi bolan Daşoguzda bu iri möçberli döredijilik forumynyň çäklerinde guralýan çäreler üstünlikli dowam edýär. Hepdeligiň şu günki maksatnamasy halk döredijiligini öwrenmäge bagyşlanylan ylmy-amaly maslahatyň açylmagyndan, Nurmuhammet Andalyp adyndaky Daşoguz welaýat döwlet sazly drama teatrynyň ilkinji gezek görkezýän sahna oýnundan we Lebap we Balkan welaýatlarynyň medeniýetiniň hem-de sungatynyň özboluşlylygyny açyp görkezýän konsert maksatnamasyndan ybarat bolan wakalary öz içine alýar.

Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Halk döredijiligi bagtyýarlyk döwründe» atly maslahat açyldy, bu ýerde halkara sungat sergisi öz işini dowam etdirýär, oňa daşoguzlylaryň we şäheriň myhmanlarynyň köpsanlysy gelip görýär.

Maslahata Türkmenistanyň Ylymar akademiýasynyň degişli institutlarynyň, ýurdumyzyň medeniýet merkezleriniň wekilleri, muzeý we kitaphana işgärleri, şahyrlar we ýazyjylar, döredijilik ugurly ýokary we ýörite okuw mekdepleriniň mugallymlary, folklor toparlarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşýarlar.

Halk döredijiliginiň we onuň giňden wagyz edilmegi we öwrenilmegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalaryň barşynda çykyş edenler medeniýetleriň özara gatnaşygynyň, halk däp-dessurlaryny, folklory öwrenmegiň möhüm wezipeleri barada söhbet etdiler, maddy däl ruhy mirasy gorap saklamak barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýeti bellenip geçildi.

Maslahata gatnaşyjylar häzirki zaman sungatynyň gözbaşy bolup durýan we ösüp gelýän ýaş nesli ahlak-estetiki hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemekde, dünýä halklarynyň arasynda özara ynanyşmagy we hormat-sarpany pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti eýeleýän halk döredijiliginiň ösüş ýörelgelerini gorap saklamaga degişli teklipleri aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda bu ugurda geçirilýän taryhy we medeniýeti öwreniş barlaglarynyň anyk netijeleri baradaky meseleler gyzyklanma bildirilip ara alyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletimiziň ruhy baýlygyny artdyrmak, ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny hemmetaraplaýyn goldamak boýunça alyp barýan syýasatynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ulgamyň ägirt uly döredijilik kuwwatyny doly açmak üçin giň mümkinçilikler döredýändigi nygtaldy.

Ýygnananlar milli medeniýetiň gülläp ösmegi, onuň çeşmelerini we sungatyň häzirki zaman ösüşiniň ugurlaryny ylmy taýdan öwrenmek üçin ähli şertleriň döredilýändigine hoşallyk bildirdiler.

Halk döredijiligi baradaky gürrüň Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda goýlan «Aşyklaryň kyssasy» atly sahna oýnunda dowam etdi. Onuň ilkinji görkezilişi Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Sazly sahna oýny meşhur «Şasenem we Garyp» dessanynyň äheňlerinde goýuldy. Baý halk döredijiliginiň dürli ugurlaryny we ähli öwüşgünlerini açyp görkezýän bu dessan boýunça goýlan sahna oýnunyň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde görkezilmegi kanuna laýyk ýagdaýdyr. Onda umumadamzat gymmatlyklarynyň alamatlary bolan mertebe hem-de borç, söýgi we dostluk, ynsanyň ahlak tämizligi barada gürrüň berilýär. Bu bolsa eseriň dürli milli medeniýetleriň wekilleri üçin hem düşnükli bolmagyny kepillendirýär.

Dessandakydan tapawutlylykda, sahna oýny aşyklaryň bagtyýar durmuşa ýetmegi bilen tamamlanýar. Söýgüniň ähli kynçylyklary ýeňýän gudraty netijesinde Şasenem we Garyp ykbalyny we ýüregini birleşdirmäge päsgel berýän ähli durmuş kynçylyklaryny ýeňip geçýärler. Sahna oýnunyň soňy dürli döwürleri ýakynlaşdyrýar, sungat adamlarynyň meşhur howandary Aşyk Aýdyň Piriň baglanyşdyryjy gahryman hökmünde çykyş edýändigi eseriň aýratynlygydyr. Ol oýnuň ahyrynda sahna çykyp, tomaşaçylara parahatçylykda, agzybirlikde, birek-biregi söýüp ýaşamak bilen häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallalary netijesinde uly üstünliklere eýe bolan we dünýäde şöhrat gazanan Watanymyza wepaly bolmak baradaky sözler bilen ýüzlenýär.

Ajaýyp öwüşginli oýun milli äheňlere örän baý bolup, tomaşaça türkmen halk däp-dessurlarynyň özboluşlylygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu eserde kalbyňy tolgundyryjy halk sazlary we aýdymlary ýaňlanýar. Onda belli artistler bilen bir hatarda, ýaşlar hem çykyş edýärler.

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry ýurdumyzyň öňdebaryjy teatrlarynyň biri bolup, öz gaýtalanmajak döredijilik ugry, milli sahna sungatyny ösdürmek bilen bagly baý tejribesi bardyr, onuň döredijilik meýilnamasynda giň tomaşaçylar köpçüligine niýetlenen sahna oýunlary bar. Teatryň döredijilik topary ýurdumyzda geçirilýän halkara festiwallaryna ençeme gezek gatnaşdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli sahna sungatynyň gazanan sepgitleri bilen Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylary we onuň myhmanlaryny tanyşdyrmak Daşoguzyň teatrynyň işgärler toparynyň esasy wezipeleriniň biridir. Bu teatryň birnäçe onýyllyklara barabar döredijilik ýoluna garamazdan, onuň döredijilik toparynyň öňe sürýän ynsanperwerlik taglymlary sungatyň özi ýaly hemişe ýaşdyr. Şu gezekki goýlan sahna eseri hem muny subut etdi, tomaşaçylar ony uzak wagtlap el çarpyşmalar we ajaýyp gül desseleri bilen garşyladylar.

Döredijilik çäresiniň üçünji güni Lebap hem-de Balkan welaýatlarynyň medeniýet we sungat işgärleriniň bilelikdäki uly konserti bilen tamamlandy. Açyk sahna meýdançasynda halk sazlary we aýdymlar ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. Ajaýyp öwüşginli çykyşlarda gadymy däp-dessurlar, milli baýramlar janlandyryldy. Döredijilik toparlary tomaşaçylara milli saz gurallaryna kämil derejede, ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna ygrarly erk edýändiklerini görkezdiler. Tomaşaçylar bolsa olaryň her bir çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar arkaly hoşallyk bilen garşyladylar.