Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň azerbaýjan dilindäki täze neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Dabaraly çärä gatnaşmak üçin Daşoguzdaky Oba hojalyk institutynyň maslahatlar zalyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň gumanitar ugurly institutlarynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, žurnalistler, medeniýet we sungat işgärleri, şol sanda Medeniýet hepdeligine gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar, talyp ýaşlar ýygnandylar. Bu ýerde zergärçilik şaý-sepleriniň, haly we kitap önümleriniň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.
Täze ýygyndy bilen Türkmenistana ýörite gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar institutynyň direktorynyň orunbasary Paşa Kerimow we Azerbaýjanyň Edebiýat institutynyň işgäri, filolog-türkşynas Osmanly Ismihan Magammet ogly tanyşdyrdylar.
Beýik türkmen şahyrynyň-akyldarynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan täze neşiri Magtymgulynyň goşgularynyň iki tomlugynyň esasynda döredildi. Mälim bolşy ýaly, azerbaýjan alymlary we terjimeçileri türkmen şygryýetiniň zehininiň döredijiligine yzygiderli ýüzlenip, azerbaýjanlylara onuň beýik ynsanperwerlik maksatlaryna beslenen şahyrana mirasy bilen tanyşmak mümkinçiligini döretdiler.
Azerbaýjanyň ylmy toparlarynyň wekilleri bu ýere ýygnananlara täze ýygyndynyň Bakuda geçirilen tanyşdyryş dabaralarynyň uly üstünlige eýe bolandygyny habar berdiler. Şolaryň biri Golýazmalar instituty, Edebiýat instituty tarapyndan Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen bilelikde guraldy, ikinjisi dostlukly ýurduň Milli kitaphanasynda geçirildi. Olaryň habar berşi ýaly, ýakynda Azerbaýjanyň Golýazmalar institutynyň gaznalarynda Magtymgulynyň goşgularynyň 1888-nji ýyla gabat gelýän ýygyndysy (litografiýa) tapyldy, ol çaklamalara görä, Buharanyň çaphanalarynyň birinde neşir edilipdir. Bu habar dabara gatnaşyjylar tarapyndan guwanç bilen kabul edildi.
Soňra edilen çykyşlaryň barşynda şu günki wakanyň däbe öwrülen türkmen-azerbaýjan gumanitar gatnaşyklaryny, ruhy taýdan birleşen iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde ähmiýeti bellenildi.
Beýik şahyryň öz ganatly setirlerinde türkmenleriň milli ruhuny beýan eden ynsanperwer gymmatlyklary asyrlaryň içinden geçip, häzir hem halklary parahatçylyga, dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga bolan isleg-arzuwlaryny birleşdirýär diýen pikir ähli çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa baý milli medeni mirasy dikeltmek, aýawly saklamak we ösdürmek, dünýäniň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmek, ylmyň we medeniýetiň ugrunda giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny geçirmek meselelerine berýän uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Daşoguzda üstünlikli geçýän döredijilik forumy — Medeniýet hepdeligi we Halkara sungat sergisi şonuň netijeleriniň biri bolup durýar.