Iri möçberli döredijilik çäresi — Medeniýet hepdeligi — 2014 tamamlanyp barýar. Onuň çäklerinde halkara sungat sergisi we köp sanly beýleki çäreler guraldy.
Şu gün Daşoguz şäherindäki dabaralar meýdançasynda Ruhyýet köşgüniň öňünde geçirilen türkmen we daşary ýurt artistleriniň bilelikdäki konserti zehiniň, galkynyşyň we dostlugyň bu ajaýyp baýramçylygynyň jemleýji pursady boldy.
Bu döredijilik çäresiniň her güni uly ähmiýetli dürli wakalara baý bolup, milli medeniýetiň köptaraply ösüşini şöhlelendirdi: onuň gadymylygy we taryhy dowamatlyk, özboluşlylyk we milli öwüşgin, dünýä sungatynyň gazananlaryny kabul etmäge ukyplylyk we çagalar döredijiliginde päklik we ýaş garaýyş hepdeligiň barşynda bütin aýdyňlygy bilen görkezildi.
Dabaralaryň gerimine mahsus bolan derejede bezelen we enjamlaşdyrylan täsir galdyryjy sahna meýdançasynda bularyň bary sazlaşykly ajaýyp görnüşde görkezildi.
Özüniň köpsanly gadymy äheňde ýerine ýetirilen derwezeleri, köp öwüşginli suw çüwdürimleri bilen ertekiler şäherini ýatladýan bilelikdäki konsertiň geçirilýän ýeri hem aýratyn ünsüňi çekýär. Türkmen eposynyň gahrymany Göroglynyň heýkeli dikeldilen meýdançada däp bolan hünärleri baý bereketli önümleri bilen gadymy gündogar bazarlarynyň keşbini janlandyrýan görnüşler, milli lybaslar, köpdürli gölli halylar, ussatlygy we çeperçiligi taýdan küýzegärleriň kümüş ussalarynyň ajaýyp eserleri ýaýbaňlandyryldy. Halk saz gurallarynyň, suratkeşlik we heýkeltaraşlyk eserleriniň ajaýyp nusgalary olaryň üstüni ýetirýär.
Sahnanyň özi hem jadyly görnüşde görünýär. Ýöne bu ýerde täsinlikler döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen döredilýär. Tehnikalaryň ulanylmagy bilen her bir çykyş dürli ýurtlaryň zehinli artistleriniň aýdym-sazly şüweleňlerine ýatdan çykmajak täsirli çykyşa öwrülýär.
Şu gün bu ýerde Türkmenistanyň hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurt ilçihanalarynyň, we Türkmenistanda işleýän iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar ýygnandylar.
Hemmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy – ady häzirki zaman Türkmenistanyň ähli gazananlary, olaryň hatarynda bolsa, gürrüňsiz suratda türkmen medeniýetiniň gülläp ösmegi bolup durýan ulgam bilen aýrylmaz arabaglanyşykly bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni döredijini uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Konsert ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň toparlaryndan düzülen birleşen döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde edebi-sazly çykyş bilen açyldy. Ol oba zähmetkeşlerine, asyrma-asyr toprakdan bereketli hasyl alýan we 2014-nji ýylyň galla oragynyň barşynda eýýäm häzir 1 million tonna bugdaý dänesini ýygnan aladaçyl we yhlasly ýer eýelerine bagyşlandy.
Bu aklyňy haýran galdyryjy ajaýyp çykyş şondan soňky çykyşlaryň hem joşgunly bolmagyna äheň berdi. Konsert maksatnamasyna gadymy halk aýdymlary we häzirki zaman estrada meýillerine laýyklykda gaýtadan işlenilen tanslar, köp öwüşginli däp-dessurlary görkezýän sahnalar, folkloryň beýleki görnüşleri — kalbyňy tolgundyryjy hüwdiler, söýgi hakyndaky we toýlarda ýerine ýetirilýän şadyýan aýdymlar, şeýle hem dessanlardan gahrymançylyga ýugrulan bölekler girizildi.
Bu türkmen saz medeniýetiniň hataryna Hytaýdan, Türkiýeden, Täjigistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Ermenistandan we Gyrgyzystandan bolan meşhur daşary ýurt estradasynyň ýerine ýetirijileriniň çykyşlary sazlaşykly goşuldy. Olar öz watandaşlarynyň adyndan türkmen döwletiniň Baştutanyna, Türkmenistanyň bütin halkyna öz aýdymlaryny we sazlaryny tüýs ýürekden sowgat edip, iň mähirli we dostlukly arzuwlaryny ýolladylar.
Medeniýet hepdeliginde ýola goýlan däbe görä, konserte meşhur ýerine ýetirijilerden başga-da, uly sahnada öz ýoluny indi başlaýan has ýaş toparlar hem gatnaşdylar. Ilkinji ajaýyp çykyşlaryny ýerine ýetirýänleriň arasynda «Läle» wokal ansamblynyň çykyşyny agzap bolar. Olar köpçüligi türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri boýunça inçe duýgular bilen saýlanyp, ýerine ýetiren çykyşlary bilen begendirdiler.
Aslynda, dünýä we milli nusgawy genji-hazynasynyň eserlerinden ýerine ýetirilen ähli sazly çykyşlary üýtgeşik duýgular bilen ýerine ýetirilmegi tapawutlandyrdy. Olaryň gözelligine ýurdumyzyň görnükli tans toparlarynyň ussatlyk bilen görkezen horeografik tanslary aýratyn öwüşgin çaýdy.
Türkmen aýdym-saz sungatynyň görnükli aýdymçylarynyň ýerine ýetiren «Bagtyýarlyk buýsanjy» diýen watançylyk aýdymy baýramçylyk konsertiniň jemlenmesine öwrüldi. Onuň belent heňi konserte hemme gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ýüreklerini buýsanç we şatlyk duýgusyndan doldurdy. Köpçülik artistleri gaýtalap, bu joşgunly aýdymyň sözlerini agzybirlik bilen alyp göterip, onuň heňine goşuldy.
Konsert tamamlanandan soň, ajaýyp feýerwerk galkynyşa, zehine we adamlaryň zähmetsöýerligine, olaryň täze belentliklere tarap ruhlanmagyna we ymtylyşyna daýanýan parahatçylygyň dörediji güýji hökmünde döredijilige sarpa goýulýandygyny dabaralandyrdy.