Ýurduň ýokary we orta okuw mekdeplerinde uçurymlary – milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gerek bolan hünärli ýaş hünärmenleri özbaşdak zähmet ýoluna dabaraly ugradyş çäresi geçirildi.
2013-2014-nji okuw ýylynyň raýat okuw mekdepleriniň diplom alan uçurymlarynyň onlarça müňi zähmet toparlaryna bararlar. Hökümetara ylalaşyklarynyň çäklerinde daşary ýurt orta we ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary hem olara goşulşarlar.
Mundan hem başga, okuw möhletine baglylykda geljjeki gyş paslynda ýurduň dürli künjeklerindäki pudaklaýyn orta hünär okuw mekdeplerinde uçurymlary dabaraly ugradyş çäreleri geçiriler.
Uçurymlaryň wekilçilikli toparlarynyň arasynda täze hünärler boýunça taýýarlanan ýokary hünärli hünärmenler hem bar. Meselem, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersiteti “arheologiýa” hünäri boýunça ilkinji sapar uçurymlary gutlady. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “hindi dili” okuw ugry boýunça hünärmenleriň ilkinji göýberilişi boldy. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “dünýä ykdysadyýeti” we “döwlet we munisipial doladyryşy” hünärleri boýunça ilkinji sapar uçurymlary zähmet ýoluna ugratdylar.
Şeýle hem birnäçe okuw mekdeplerinde orta hünär bilimli hünärmenleriň göýberilişi boldy. Şeýlelikde, paýtagtyň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde “salgyt we salgyt salmak” ugry boýunça uçurymlaryň gutardyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde bolsa, “buhgalter hasabaty we maliýeleşdiriş” ulgamynyň hünärmenleriniň ilkinji göýberilişi bolup geçdi.
Şu ýyl zähmet bazarynda beýleki orta hünär okuw mekdepleriniň hünärmenleri hem çykyş edýärler. Paýtagtyň iň “ýaş” okuw mekdepleri - Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň Syýahatçylyk orta hünär mekdebi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi öz uçurymlaryny göýberýärler.
Ýurduň çalt depginler bilen ösmegi bilen bagly zerurlyklar okuw meýilnamalarynyň her ýylda düzedilip durulmagy bilen şertlendirilendir. Olara laýyklykda orta we ýokary hünär bilimli işgärleri taýýarlamak alnyp barylýar. Okuw meýilnamalarynyň üsti täze hünär okuw ugurlary bilen ýetirilýär, okuw mekdepleriniň özünde fakultetler, hünärler ulgamlary giňeldilýär.
Meselem, geçen okuw ýylynda birnäçe ýyl mundan ozal döredilen paýtagtdaky ýaly maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleri welaýatlaryň ählisinde açyldy. Şular ýaly ugurlar boýunça okuw binalar torunyň giňeldilmegi “Türkmenistanda buhgalter hasabatyny ýöretmegi we auditi özgertmegiň maksatnamasyny” amala aşyrmakda maliýe-ykdysady bilimli ýokary hünärli ýaşlary terbiýelemek wezipesi bilen şertlendirilendir.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow edil ýakynda täze okuw mekdeplerini döretmek barada karara gol çekdi. Döwlet baştutany Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligini we Türkmenistanyň deňiz we derýa ýollary döwlet gullugyny özlerine degişli orta hünär okuw mekdebini döretmäge borçly etdi.
Bu okuw mekdepleri täze, 2014-2015-nji okuw ýylyndan 2-2,5 ýyl möhletli bilim maksatnamasy bilen işe başlar. Kommunal hojalygy orta hünär okuw mekdebi Mary şäherinde açylar, deňiz orta hünär okuw mekdebi Türkmenbaşy şäherinde işe başlar, derýa orta hünär okuw mekdebi bolsa Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň okuw mekdepleriniň sanawynyň üstüni ýetirer.