Ï Köneürgenjiň gazuw-agtaryş işleriniň täze tapgyry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köneürgenjiň gazuw-agtaryş işleriniň täze tapgyry

view-icon 1362
Türkmenistanyň medeniýetini 2012-2016-njy ýyllarda ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Köneürgenjiň gadymy böleginde ylmy, rejeleýiş we öňüni almak işlerini geçirmek üçin medeni gatlaklaryny öwrenmek maksady bilen, rejeleýiş işleriniň täze tapgyryna badalga berildi. Ýakynda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadigärliklerini goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça milli müdýrligi bilen “Könerürgenç” Döwlet taryhy-medeni goragnasynyň bilelikde guran ekspedisiýasynyň meýdan möwsümi tamamlandy. Bu möwsümiň jemleri barada ekspedisiýanyň ýolbaşçysy, taryh ylymlarynyň kandidaty, arheolog Ejegül Myradowa gürrüň berýär:


- Köneürgenç – ХIII asyra çenli uzak wagtlap dowam eden Horezm şalygynyň iri türkmen döwletidir. Ol şol döwürleriň diňe bir Orta Aziýada iň iri şährleriniň biri bolman, eýsem bütin yslam dünýäsiniň iri şäherleriniň biri bolupdyr. Könerürgenjiň gymmatly miras, köp asyrlyk medeni däp-dessurlara şaýatlyk edýän, özüniň saklanyp galyşy boýunça ajaýyplygy hökmünde 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň bütindünýä miras sanawyna goşulmagy ýöne ýere däldir. Dokuz ýyl mundan ozal Bütindünýä miras komiteti gorag astynda saklanýan çäklerde hiç-hili zyýan ýetirmelere ýol berilmezligi barada Türkmenistanyň Hökümetine teklipleri berdi. Soňky ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz bu ýerde bu babatda aňrybaş çäreleri geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan “Taryhy, arheologiki, şäher gurluşyk, arhitektura we monumenral çeper ýadigärlikler, tebigy landşaft desgalaryň zolaklarynda gorag düzgünleriniň düzgüni” atly Karary bu ugurda möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ady agzalan desgalarda gorag zolaklaryny goýmak boýunça zerur işleriň geçirilmegini tabşyryldy. 2012-nji ýylda “Milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi. Bu Kanun türkmen halkynyň öz medeni-milli özboluşlylygyny, ýaşaýyş däp-dessuryny saklamaga we ösdürmäge hukuk bilen üpjün edýär, medeniýetiň döremegi we ösmegi hakyndaky maglumatlar çeşmesini ygtybarly goragyny kepil geçýär.


Köneürgenjiň ýokary halkara derejesi onuň goralýan çäklerini goramagy ep-esli güýçlendirmäge, arhitektura ýadigärliklerini rejelemek meselelerini çözmegi çaltlandyrmaga, täze gözleg taslamalaryny amala aşyrmaga, ilkinji nobatda ýerli hünärmenleriň mümkinçiliklerini peýdalanmaga, iň täze tahnikalary we enjamlary ulanmak bilen, ýadigärliklerde häzirki zaman usuly bilen olary okatmaga başlamaga şertleri döretdi. Geçen ýylda biz eýýäm köneürgenç şäher harabaçylygynyň günorta-gündogar etegindr ýerleşýän Ak-gala galasynda işleriň toplumyny amala aşyrdyk. Indi bolsa gadymy binada gazuw işlerini uly tapgyryny geçirdik . Bu ýeriniň üstki gatlagynda diňe monumental portal saklanyp galypdyr. Mongollar gelýänçä daşyna beýik diwarlar aýlanylan, Eger-de Mamun Horezm şasynyň ýumurylan minarasyny hasap etmeseň, ol Çingiz hanyň ýörüşinden soň ýykylan Daşgalanyň çäklerinde saklanyp galan ýeke-täk arhitektura ýadigärligidir.

Köneürgenjiň ýaşaýjylary bu portaly öňden bäri “kerwensaraýyň derwezesi” diýip atlandyrýarlar. Ol şeýle şertli at bilen hem ylmy we belli edebiýata giripdir. Ýöne, bu ýerde hakykatda näme bolupdyr? Täze gazuw-agtaryş işleri bu soraga jogap bermäge gönükdirilendir.


Taryhçylar Gürgenjiň mongollar tarapyndan doly ýykylmagy baradaky gürrüňleriň çişirilip aýdylypdyr diýip hasap edýärler. Nähili hem bolsa, Köneürgenç üçin şol pajygaly gündem soňra 1221-nji ýylda doly diýen ýaly dikeldilipdir. Ol merkezi Altyn orda bolan täze mongol döwletiniň düzümine girmek bilen, özüniň syýasy ähmiýetini ýitiripdir, ýöne Gürgenç öňkisi ýaly iri söwda we senetçilik merkezi bolup galypdyr. Öz ata watanlaryndan göçürilip getirilen Horezimiň ussat gurluşykçylary, keramikaçylary, ýarag ussalary uly mongol döwletiniň dürli şäherlerinde işläpdirler. Ürgenje ikinji aýlyganç weýrançylygy Orta Aziýada iri hem-de güýçli döwlet bolan samarkandyň hökümdary Timur getirdi. Ol demirgazyga – Horezme bäş sapar ýöriş etdi. 1388-nji ýylda, soňky ýörüşiniň wagtynda, Ürgenç alyndy. Döwürdeşleriniň aýdyşyna görä, Timuryň esgerleri on günläp şäheri talapdyrlar. Soňra bolsa Timuryň buýrugy bilen ol doly derbi-dagyn edilipdir. Onuň çäkleri bolsa sürülip, bugdaý ekilipdir. Ürgenjiň ilaty, şol sanda ussat senetçiler we suratkeşler, Samarkanda we Timuryň döwletiniň beýleki şäherlerine göçürilipdir. Dogrusy, Timur tiz wagtdan ürgenjiň gaýtadan dikeldilmegi barada buýruk beripdir. Ýöne onuň uly bolmadyk bölegi gurlupdyr. Çak edişleri ýaly, ol hem häzirki wagtda Daşgala diýlip atlandyrylýan ýer bolmaly.

“Kerwensaraý derwezelerine” ýakyn ýerleşýän bu bölegiň gurluşygynda gazuw-agtaryş işleri 1952-nji ýylda akademik S.P.Tolstow tarapyndan ýolbaşçylyk edilen Horezm ekspedisiýasyndan Moskwaly arheologlar geçirdiler. Bu derwezeler Timuryň şäheri weýran eden döwründen bäri Daşgalada saklanyp galan ýeke-täk monumental binadyr. Bu bişen kerpiçden örülen, daşky hatarlary reňkli syrçaly kerpiçden mozaikaly owadan geometriki nagşy emele getirýän orta asyr türkmen aritekturasynyň ajaýyp ýadigärliginiň üçden bir bölegi ýykylypdyr. Arheologlar hem “derwezeleri”, hem köçeleri arassaladylar. Tapyndylar boýunça bu ýer senetçileriň we söwdagärleriň kwartaly bolupdyr diýlip kesgitlendi. Çörek bişirilýän öýüň, demirçiniň ussahanasynyň, çaýhananyň we hammamyň üsti açyldy. Köçäniň iki tarapy boýunça senetçileriň işlän telärleri bolupdyr. Hatda bu ýerde taýýar önümler hem satylypdyr. “Kerwensaraýyň derwezeleri” haýsy binanyňky bolandygyny takyk bilip bolmady. Ýöne olar ýerli ýaşaýjylaryňkyny dogry diýen netijä geldiler. Näme-de bolsa, “derwezeleriň” söwda-senetçiler kwartalynda ýerleşmegi hem-de olaryň öň tarapynyň köçä-bazara çykýandygy örän dogry çaklama diýlen netijäni berýär. Gazylan jaýlardan tapylan şaýy pullar kerwensaraýly kwartalyň gurluşygynyň ХVII asyra çenli, ýagny ýazuw çeşmelerine laýyklykda, Abulgazy hanyň Ürgenjiň halkynyň ählisini täze ýere göçürende, ýaşandygyny görkezýär


Gazuw-agtaryş işleriniň indiki tapgyry eýýäm “kerwensaraýyň” yz tarapynda geçirildi. Ony 1979-1985-nji ýyllarda Daşkentli arheolog Witaliý Zotow amala aşyrypdyr. Ol galyň gum çökündileriň aşagynda galan binanyň konturlarynyň ählisini bilmäge çalşypdyr. Ol gurluşyk döwürleriniň bäşisini hasaba alypdyr, gönüden-göni bolsa portalyň göni burçly uly sütünini, ondan çepde we sagda ol uzynlygy on metrden gowrak bolan diwarlaryň berk binýadyny ýüze çykarypdyr. Öňki portal bu binýatdan has ýokarda ýerleşýär. “derwezeleriň aňyrsynda”, günorta tarapda, W.W. Zotow agaç sütünlere hyzmat eden daş binýatlaryny gazyp tapdy. Kwartalyň has gözgyny ýagdaýy 80-nji ýyllaryň ahyrynda rejeleýiş işleri bilen şertlendirildi. Onuň netijesinde bolsa, ýadigärlik häzirki görnüşine eýe boldy.

Ynha indi otuz ýyldan soňra, binanyň gurluşyny we onuň ilkibaşda nämä niýetlenedigini gutarnykly düşünmek üçin “kerwensaraýyň” gazuw işlerini dowam etdirmeli diýen çözgüt kabul edildi. Arheologiki gazuw işleri başlamanka ýadigärligiň lazer teodolitiň kömegi bilen topografiki instrumental suraty alyndy, gazuw işlerini bolsa biz derwezäniň günorta tarapyndan başladyk. Bu ýerde beýikligi 25-30 sm bolan emeli daş düşelen ýere saklanyp galan daş binýatly sütüniň gowşan bölegi birleşýär. Bu ýerde biz kerpiçden örülen polyň derejesini ýüze çykardyk, bu binanyň senesini takyk yzarlamaga şert döredýän uly stratirafiki gazuw geçirdik. Şeýle hem biz ýeriň aşagynda ýatan iri bişen kerpiçden örülen kuwwatly diwaryň üstünden bardyk. Ony biz güýzki möwsümde doly gazarys.


Elbetde, tomsuň şu yssy günlerinde biziň alyp baran işimiziň dowamynda köp tapyndylar tapyldy. Bular esasan hem adaty we syrçalanan keramikalardan, binanyň ýüzüne örtülýän owadan plitkalaryň böleklerinden, kiçijik mis gap-gaçlardan, şaýy pullardan ybaratdyr. Olar arassalanandan we olardaky ýazgylar okalandan soňra alynan mateiallary takyk seneläp bolar. Häzir biz bu syrly bina barada bilýän zatlarymyzyň ählisiniň esasynda Köneürgenç hem-de Horezm üçin mahsus bolan jübüt kerpiçler bilen örülen bezelen gök syrçaly kerpiçjikler bilen küşt şekilinde örülen zatlary görkezýändigini aýdyp bolar. Portalyň beýleki böleklerinde örtgülere güýçli zyýan ýetipdir. Olardan uly bolmadyk bölekler galypdyr. Haçan-da bir wagtlar çeper keramikalar üç sany П görnüşli portallaryň arasyny bölýän zolaklaryň fasadyny we gürrüňsiz timpany – arkanyň üstündäki üç burçly tekizligi hem-de eýwanyň yzky diwaryny bezäpdir. Şeýlelik bilen bütin kompozisiýa Törebeg hanymyň kümmetiniň portaly bilen meňzeşligini äşgär edýär. Şunuň ýaly bezeg işleri Köneürgençdäki Nejmetdin Kubranyň kümmetiniň portalynda hem gabat gelýär. Arhitektura taryhçylarynyň pikirlerine görä, ýadigärligi XIV asyra degişli etseler hem, onuň senesini yza çekip, takmynan XII-XIII asyryň çäklerine degişli etmeli bolýar. Ilkibaşda bu ýerde Gürgenje şöhrat getiren baý kitaphanaly medrese bolan bolmagy hem mümkindir. Mümkin, bu bina 1372-ýyldan 1388-nji ýyllar aralygynda ýykylandyr we onuň töweregindäki portalda soňra kerwensaraý gurlandyr.. Biz bu soraglaryň jogaplaryny haçan-da gazuw-agtaryş işleri doly tamamlanandan soňra bileris.