Türkmen halysynyň milli muzeýinde milli amaly-haşam sungatynyň gadymy görnüşi bolan keçe taýýarlamga bagyşlanan “Seniň gülüň – iň owadan gül” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. “Türkmenhaly” Döwlet birleşigi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi tarapyndan guralan bu bäsleşige ýurduň sebitleýin bäsleşiklerinde ýeňiş gazanan zenanlar gatnaşdylar.
Şol gün Türkmen halysynyň milli muzeýiniň zaly baýramçylyk görnüşinde bezelen türkmen ölerini ýadyňa salýar. Bu ýere el hünäri işleriniň ussatlary ýygnanypdyrlar. Hemme ýere halylar, keçeler düşelipdir, dürli reňkdäki ýüňler topbak-topbak edilip goýlupdyr. Iň ýokary baýraga Aşgabatly ussat zenanlar mynasyp boldular. Emin agzalary birinji ýeri Ahal welaýatyna, ikinjim ýeri- Balkan welaýatyna, üçünji ýeri – Lebap welaýatyna berdiler.
Bäsleşigiň şertleri boýunça ussat zenanlar ilki bilen her bir welaýatyň we Aşgabat şäheriniň wekili keçe taýýarlamagyň usulyny, däp-dessuryň berjaý edilşini beýan edýän wideorolik görkezdi. Ikinji tapgyrda zenanlar 20-25 minudyň dowamynda «Ak tüýnük», «Gyzyl tüýnük», «Gözenek», «Saýlan», «Gülýaýdy», «Sekiz goçak», «Gelinbarmak», «Gapyrga», «Barmak» ýaly gadymy gölleriň birini taýýarlamalydy. Üçünji tapgyr zenanlara öz täze keşdelerini görkezmäge, keşdäniň taryhy barada gürrüň bermäge, zenanlaryň keşde çekenlerinde, keçä ýa-da hala nagyş çekenlerinde ýerine ýetiren aýdymyny aýtmaga mümkinçilik berdi.
Bäsleşigiň şertine görä keçe basylşyny halk sungaty hökmünde açyp görkezmeli. Keçäni däp boýunça ak öýleri basyrmakda ulanypdyrlar, ol gyşda sowukdan gorasa, tomusda yssydan-epgekden gorapdyr. Keçe nagyşlarynda erbetlikden goramak ýaly solýar belgileri ulanylypdyr. Goýnuň şahy – abadançylygyň, abatlygyň, durmuşa hyjuwlylygyň nyşany hökmünde ulanylypdyr, gaýma bolsa – giňişligiň we wagtyň gutarnyksyzdygyny beýan edipdir. Eger-de öňler berk we gysga usullar – nagyşlar merkezi meýdança we gaýma boýunça bölünen bolsa, indi häzirki zaman keçelerinde eýýäm keçeler dürli usullary, gülleri peýdalanmak bilen taýýarlanylýar.
Bu bäsleşikde has-da aýan görkezildi. Meselem, Balkan welaýatynyň wekilleri bäsleşikde täze nagşy - «Berkarar döwletli» gül basylan keçäni görkezdiler. Onda deňiz kenarynyň tebigy baýlyklarynyň ählisi, şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň baş nyşany görkezilýär. Bäsleşige gatnaşan Aşgabatly zenanlar hem häzirki döwri, milli däp-dessurlaryň gaýtadan dikeldilmegini alamatlandyrýan täze «Oguz ýyldyz» keşdesini görkezdiler.