Ï Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy

view-icon 792
Şu gün Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Bu iri möçberli medeni çäre ýokary derejede geçirilen duşuşygyň barşynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda guralýar we netijeli türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, dostlukly halklaryň oňyn gatnaşyklaryny, iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmen-belarus gatnaşyklary iki ýurduň Liderleriniň -- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň özara ynama we açyklyga daýanýan gepleşikleriniň aýdyň mysalydyr. Iki ýurduň Baştutanlary dostlukly halklaryň abadançylygynyň bähbidine oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy we ösdürmegi halkara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezýärler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň biziň halklarymyzyň baý taryhyna, milli ruhy gymmatlyklaryna we milli medeniýetiň özboluşlylygyny saklamaga ygrarlylygyna esaslanýan medeni-gumanitar ulgamdaky gatnaşyklary işjeň ösdürmäge bolan ymtylyşy guwançly ýagdaýdyr.

Türkmen we belarus halklarynyň birek-biregiň ruhy gymmatlyklaryna gyzyklanma bildirýändiklerine bilelikde geçirilýän köpsanly ynsanperwerlik çäreleri hem şaýatlyk edýär. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň wekilleriniň XXI Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşandyklaryny ýatladýarys. Belarus paýtagtynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy giňden we dabaraly bellenilip geçildi, şol çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy “Magtymguly Pyragy—beýik şahyr we akyldar” atly döredijilik agşamyny gurady. Bu giň möçberli medeni çärelere gatnaşmak üçin dostlukly döwletiň paýtagtyna türkmen wekiliýeti iberildi, onuň düzümine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, “Galkynyş” folklor-etnografiki tans topary girdi. Maslahatyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň belarus diline terjime edilen goşgular kitabynyň tanyşdyryş çäresi boldy we türkmen halysynyň sergisi guraldy.

Maý aýynda türkmen hokkeýçileri hokkeý boýunça Minskide geçirilen dünýä çempionatyna myhman hökmünde gatnaşdylar. Öz nobatynda bu ýurduň premýer-ministri Mihail Mýasnikowiçiň ýolbaşçylygynda Belarusuň hökümet wekiliýeti Tehnologiýalar merkeziniň we Ylymlar gününe gabatlanyp geçirilen “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasiýa tehnologiýalary” atly halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Belarus alymlarynyň we kompaniýalarynyň wekilleri ýakynda Aşgabatda geçirilen “Saglyk-2014” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň işine gatnaşdylar.

Medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk indi ençeme ýyl bäri işjeň häsiýete eýe bolýar we häzirki geçirilýän medeni çäre 2010-njy ýylyň iýunynda Belarus Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde bolan iki ýurduň sungat ussatlarynyň duşuşyklarynyň özboluşly dowamydyr. Şonda Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň agzalarynyň çykyşlary belarus tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn garşylanyldy we bu gatnaşyklar soňky ýyllarda işjeň ösdürilýär. Belarusuň wekilleri ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara sergilerine we festiwallaryna ençeme gezek gatnaşdylar. Türkmen paýtagtynyň konsert zallarynyň sahnalarynda Belarus Respublikasynyň halk artisti Anatoliý Ýarmolekonyň ýolbaşçylygynda meşhur belarus topary “Siýabry”, şeýle hem Belarusuň halk artistleri Ýadwiga Poplawskaýa we Aleksandr Tihanowiç çykyş etdiler. Medeni alyşmalaryň çäklerinde 2012-nji ýylyň noýabr aýynda Minskide Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň we “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary uly üstünliklere beslendi. Şol ýyl Aşgabatda dostlukly ýurduň meşhur döredijilik toparlarynyň, belli aýdymçy-sazandalarynyň, ýurduň iň iri muzeýleriniň biriniň wekilleriniň we Belarus telegraf agentliginiň (Belta) işgärleriniň gatnaşmagynda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu ajaýyp döredijilik baýramçylygy türkmenistanlylara belarus halkynyň özboluşly medeni mirasy, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan däp-dessurlary, taryhy we häzirki ýeten derejesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Ine, bu gün hem medeniýet işgärleriniň duşuşygy geçirilýär. 26-njy iýula çenli dowam etjek bu döredijilik çäresine gatnaşmak üçin Minsk şäherine Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň wekilçilikli topary geldi. Biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde şahyrlar, režissýorlar, muzeý işgärleri, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, türkmen estradasynyň belli aýdymçy-sazandalary, “Mukam” jaz topary, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň döwlet tans topary we “Dehistan” folklor-etnografiýa topary bar.

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy Döwlet filarmoniýasynda geçirildi, oňa medeniýet ulgamynyň, Belarusda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, dostlukly ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Belarus Respublikasynyň medeniýet ministri B.W. Swetlow, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy M.Ýazberdiýew döredijilik çäresine gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlenip, bu medeni çäräniň iki dostlukly halkyň gatnaşyklaryny we özara düşünişmegini pugtalandyrmaga, birek-biregiň medeniýetini baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigini bellediler.

Ýygnananlar iki ýurduň Liderleri -- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilelikdäki bu medeni çäräni geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Şunuň ýaly çäreler halklara birek-birek hakynda köp zatlary bilmäge, döredijilik işleri barada pikir alyşmaga oňyn esas döredýär.

Resmi açylyş dabarasy tamamlanandan soň, türkmen artistleriniň uly konserti boldy. Ajaýyp öwüşgine beslenen bu konsert türkmen-belarus dostlugyny wasp edýän “Goý, parlasyn dost-doganlyk baýdagy!” atly edebi sazly çykyş bilen açyldy. Soňra belarus tomaşaçylarynyň öňünde türkmen halk aýdymlary ýaňlandy, dünýä nusgawy saz sungatynyň eserleri, meşhur aýdymlar ýerine ýetirildi. Türkmen tansçylary özboluşly çykyşy taýýarlapdyrlar. “Dehistan” folklor-etnografiýa toparynyň görkezen kiçijik sahnalarynda halk döredijiliginiň pähimleri öz beýanyny tapdy.

Döredijilik çäresine gatnaşyjylar we onuň myhmanlary türkmen artistleriniň ajaýyp Watanymyza bolan çäksiz söýgä ýugrulan hem-de halkymyzyň medeniýetiniň dürli öwüşginini aýdyň görkezen her bir çykyşyny el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Baýramçylyk konsertini gadymy türkmen tansynyň özboluşly nusgasy bolan we häzirki wagtda barha uly meşhurlyk gazanýan “Küştdepdi” tansy jemleri, onda türkmen halkynyň medeni mirasynyň gadymy kökleri öz beýanyny tapýar. Bu tomaşa konserte gatnaşyjylaryň ählisinde uly ruhubelentlik döretdi, olar halk sungaty bilen içgin tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döreden zehinli türkmen artistlerine özleriniň hoşallygyny haýran galmak we uzak wagtlap el çarpyşmalar bilen beýan etdiler.

Ertir Medeniýet günleriniň çäklerinde Belarus Respublikasynyň Milli taryh muzeýiniň binasynda Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň açylyşy bolar. Şol gün “tegelek stol” görnüşindäki duşuşykda türkmen şahyrlary we ýazyjylary, döredijilik işgärleri öz kärdeşleri bilen häzirki zaman sungatynyň ösüşine degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Belarus Respublikasynyň Medeniýet ministrliginde Türkmenistanyň resmi wekiliýeti bilen geçiriljek duşuşygyň barşynda türkmen-belarus medeni gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň geljegi ara alyp maslahatlaşylar.