Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günleri üstünlikli dowam edýär. Şu gün döredijilik çäresiniň çäklerinde türkmen halkynyň gadymy taryhyny we medeniýetini wagyz etmäge, iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesi geçirildi.
Belarus Respublikasynyň iň iri muzeýleriniň biri bolan Milli taryh muzeýinde sergi açyldy. Onuň esasyny Mary welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznalarynyň gymmatlyklary düzdi. Bu ýerde görkezilen muzeý gymmatlyklary Türkmenistanyň taryhynyň dünýä taryhynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan köp müňýyllyk taryhynyň dowamynda baý medeniýeti, bütin dünýäde meşhur bolan kitaphanalary, düýpli eserleri döreden beýik akyldarlary bilen şan-şöhrata eýe bolan ýurtdur. Beýik Ýüpek ýolunyň iki tarapynda ýerleşen bu ýurt adamzat taryhynyň irki döwürlerinden bäri Jeýtun, Marguş, Dehistan ýaly gadymy ekerançylyk we şäher medeniýetleri, bütin dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna we kämilleşmegine ýardam eden türkmen halkynyň maddy we ruhy gymmatlyklary bilen hem meşhurdyr.
Belarus Respublikasynyň Milli taryh muzeýinde diňe bir belarus halkynyň däl, eýsem, dünýäniň beýleki halklarynyň, şol sanda Gündogar ýurtlarynyň halklarynyň taryhy-medeni mirasyna degişli arheologiki, etnografiki, numizmatiki, ýarag, durmuşda ulanylýan zatlaryň we beýlekileriň kyrka golaý iri toplumynyň saklanýandygy bellärliklidir.
Belarus Respublikasynyň medeniýet ministriniň orunbasary W.Çernik serginiň açylyş dabarasynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň medeniýet we sungat wekillerini mähirli mübärekledi hem-de bütin dünýäde beýik alymlary, şahyrlary, akyldarlary bilen meşhur bolan türkmen halkynyň gadymy we baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmekde şu wakanyň ähmiýetini nygtady. Şol alymlaryň we şahyrlaryň köpüsi Gadymy Merwde ýaşap geçipdir. Çykyş edenler Marynyň muzeýiniň gymmatlyklarynyň sergisiniň bu ýere gelýänlere türkmenleriň gadymy sungatynyň nusgalaryny öz gözleri bilen görmäge, olary döreden adamlaryň zehinine baha bermäge ajaýyp mümkinçilik döredýändigini bellediler.
Ýygnananlar türkmen we belarus halklarynyň taryhy we baý medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin iki ýurduň Prezidentlerine, şeýle hem şu medeni çäräni guraýjylara hoşallyk bildirdiler.
Türkmen sergisine gelip görenler XVIII – XIX asyrlaryň meşhur türkmen halylarynyň, milli lybaslaryň nusgalary, ussat zergärler tarapyndan döredilen gadymy şaý-sepler, amaly-haşam sungatynyň beýleki nusgalary bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu gymmatlyklar türkmenleriň özboluşly milli medeniýetiniň ýokary derejede ösendiginiň maddy subutnamalary bolmak bilen, özünde halkyň gözelligini we kalbyny, onuň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan we aýawly saklanýan baý ruhy däplerini jemleýär.
Türkmen bagşylary bu ýere gelenleriň öňünde çykyş etdiler. Munuň özi bu çäräniň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy. Çärä gatnaşyjylara Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli sungatymyzyň ösüşine bagyşlanan wideofilm hem görkezildi.
Soňra türkmen döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri belarus kärdeşleri bilen duşuşdylar. “Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşligiň barşynda medeni mirasy öwrenmek, bilelikdäki çäreleri, şol sanda muzeý we kitaphana işi ulgamynda çäreleri guramak, maglumatlary alyşmak we beýleki ugurlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Belarus Respublikasynyň medeniýet ulgamynyň wekilleri ýurdumyzda taryhy-medeni, maddy we ruhy mirasy aýawly saklamak, öwrenmek we wagyz etmek ulgamynda geçirilýän uly işler bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgetmeleriň netijeliligi bellenildi. Şol özgertmeleriň netijeleri bolsa döredijilik we bilim edaralarynyň täze binalarynyň gurluşygynda, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagynda, dünýäniň iri ylym we medeni merkezleri bilen giň halkara hyzmatdaşlygynda öz aýdyň beýanyny tapýar. “Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşligiň barşynda medeniýet ulgamynda gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem şu gün türkmen wekiliýeti Belarus Respublikasynyň Milli kitaphanasyna baryp gördi. Bu kitaphana Minsk şäheriniň ajaýyp ýerleriniň biridir. Häzirki wagtda dostlukly ýurduň baş kitaphanasynyň gaznalarynda dürli ulgamlarda 8,9 milliondan gowrak kitap saklanýar. Kitaphananyň muzeýinde Gündogaryň edebiýatynyň taryhyna degişli täsin gymmatlyklar hem az däl. Bu ýerde wirtual okyjylar zaly bar we onuň gaznalary aralykdan hem elýeterlidir. Sergä gelýänlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasynyň milli kitaphanasyna sowgat beren ajaýyp türkmen halysy buýsanç bilen görkezilýär.
Türkmenistanyň wekilleri golaýda, şu ýylyň başynda açylan, döwrebap muzeý enjamlary hem-de tehnologiýalary bilen üpjün edilen Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň täze binasyna baryp gören ilkinji halkara wekiliýetleriniň biri boldy. Belarusuň taryhy ýylýazgysyna beýik Ýeňiş üçin şirin janlaryny gurban eden gaýduwsyz türkmen esgerleriniň atlarynyň hemişelik ýazylandygy bellärliklidir. Olaryň atlary dostlukly ýurduň şäherleriniň, şol sanda onuň paýtagty Minsk şäheriniň köçelerine dakyldy, şu muzeýde bolsa türkmenleriň we belaruslaryň söweşjeň doganlygy barada gürrüň berýän gymmatlyklar saklanýar. Täsin muzeý gymmatlyklarynyň hatarynda 1-nji Belarus frontuna ýolbaşçylyk eden Marşal Rokossowskiniň keşbi şekillendirilen türkmen halysy hem bar. Marynyň çeper elli halyçylary tarapyndan dokalan halynyň gölleri täsindir. Onda harby hereketleri ýatladýan uçarlaryň, tanklaryň we beýlekileriň kinniwanja şekilleri beýan edilipdir. Bu hakyky taryhy haly uzak ýyllaryň dowamynda marşalyň maşgalasynda aýawly saklanypdyr we soňra muzeýe sowgat berlipdir.
Ertir Minsk şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergsi bilen tanyşlygyny dowam edip bilerler. Şol gün türkmen wekiliýeti Bobruýsk şäherine ugraýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de iki dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň jemleýji bilelikdäki uly konserti bolar.