Ï Geografiýa boýunça täze kitap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geografiýa boýunça täze kitap

view-icon 22572
Biziň ýurdumyzyň rus dilinde okadylýan orta okuw mekdepleriniň 7-nji synp okuwçylary üçin niýetlenen fiziki geografiýasy boýunça täze kitap çap edildi. Bu kitap ýurduň Bilim ministrliginiň teklip bermegi boýunça Türkmenistanyň döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Ýurduň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň (ÇÖHDMI) görnükli alymlary we hünärmenleri bu kitabiň awtorlarydyr we redaktorlarydyr.

Türkmen mekdepleri üçin fiziki geografiýa boýunça 2012-nji ýylda çap edilen okuw kitaby täze kitap üçin esas boldy. Onuň esasynda sinhron terjime amala aşyryldy, soňra öňki materiallar işlenilip, üsti ýetirildi, fiziki geografiýa ulgamyna degişli bolan täze maglumatlar, şeýle hem dolandyryş-çäkler bölünşiginiň atlary boýunça täzelikler bilen üsti ýetirildi. Bu kitap çap edilmezinden ozal onuň golýazmalary we kartalary ÇÖHDMI we Magtymguly adyndaky TDU geografiýaçylary, şeýle hem ýurduň Bilim ministrliginiň orta okuw mekdepleriniň mugallymlary tarapyndan doly seljerildi. Häzirki wagtda bu kitap synagdan geçirildi we mugallymlar-usulýetçiler tarapyndan oňyn seslenme aldy. Täze okuw kitaplary eýýäm täze okuw ýylynyň başynda mekdeplere gowşar.


Okuw kitaby bu okuw sapagy boýunça esasy meseleleri göz öňünde tutýan üç bolümden - “Türkmenistana umumy fiziki-geografiki syn”, “Türkmenistanyň tebigat sebitleri”, “Türkmenistanyň şertlerinde adam bilen tebigatyň özara gatnaşyklary” ýaly bölümlerden ybaratdyr. Meselem, bu okuw kitabynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň iň soňky, üçünji neşiri, täze döredilen “Bereketli Garagum” goraghanasy barada maglumatlar berilýär, biziň ýurdumyzyň diňe bir halkara gatnaşyklaryny[ ekologiýa meselesinde däl, eýsem ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda, sebitleýin gatnaşyklarda halakara syýasatynyň tutýan orny barada hem aýdylýar. Türkmenistanly Oleg Kononenkonyň älem giňişligine uçmagy, türkmen döwletiniň älemi öwrenmäge gyzyklanma bildirmegi, kosmiki tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak möhüm bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, ýurtda Milli kosmos agentligi döredildi, ýylyň ahyrynda bolsa, milli emelei aragatnaşyk hemrasyny äleme uçurmak meýilleşdirilýär. Okuw kitabynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň täze ähmiýeti nygtalýar. Onda biziň ýurdumyzyň raýatlarynyň salygynyň goralmagynyň isle iri şäherlerde bolsun, isle oba ýerlerinde bolsun lukmançylyk hyzmatlarynyň elýetrlidigi nygtalýar. Munuň üçin döwlet tarapyndan uly möçberlerde maýa goýumlary göýberilýär. Bu serişdeler Saglyk öýlerini gurmaga, şeýle hem şular ýaly edaralary iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmäge gönükdirilýär.

Umumylykda okuw materialynyň üç bölüminiň 62 böleginde Türkmenistanyň geografiýasy boýunça peýdaly we gyzykly maglumatlaryň giden bir tapgyry berilýär. Türkmenistanly ýaşlar okuw sapagynyň dowamynda kartografirlemegiň, geologiýa gurluşlaryň we relýefiň, howanyň esaslary bilen, biziň ýurdumyzyp baý tebigy baýlyklary bolan peýdaly gazylyp alynýan baýlyklary, bizde nähili derýalar we köller bardygy, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanşyp bilerler. Okuw kitabynda biziň ýurdumyzda tebigatdan peýdalanmak tebigy serişdeleri goramaga we netijeli peýdalanmaga esaslanýar. Kitabyň ikinji bölümi - bu Türkmenistanyň dürli toprak-howa zolaklaryny, çöli, daglary, derýa oazislerini beýan edýär. Ahyrky bölümi ýokary synp okuwçylaryny tebigy serişdelerini peýdalanmagyň hukuk esaslary bilen tanyşdyrýar. Kitapda türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlary, milli durmuş ýörelgelerini, milli ykdysadyýetiň hazirki zaman gazananlaryny öz içine alýan bölümler hem bar.

Okuw kitaby Türkmenistanyň fiziki, geologiki, tektoniki, toprak we beýleki kartalary bilen üpjün edilendir, grafikasy, tablisasy, dürli tebigy landşaftlar dürli reňkler bilen bezelendir. Öwrenilýän materiallary gowy ýatda saklamak üçin kömekçi soraglar hem bardyr.