Täze Gumanitar ylymlary we ösüş uniwersitetiniň şäherçesinde täze okuw möwsümine taýýarlyk işleriniň ahyrky tapgyry alnyp barylýar. Paýtagtda gurulýan bu täze häzirki zaman bilim ojagynyň gurlyşygyny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmasy esasynda “Buig” fransuz kompaniýasy alyp barýar.
Türkmen ýaşlarynyň we beýleki döwletleriň raýatlarynyň iki müňsüni okatmaga niýetlenen täze ýokary okuw mekdebiniň toplumy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen ýanaşyk ýerleşýär.
Täze ýokary okuw mekdebiniň 1-nji sentýabrda dabaraly ýagdaýda açylmagy Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabarasyny has hem artdyrar. Bu täze ýokary okuw mekdebiniň şäherçesinde sapak berilýän, kompýuter, lingafon we maslahat zallary, okuw otaglary we elektron kitaphasy talyplaryň hyzmatynda bolar. Şeýle hem ajaýyp sport binýady, naharhana, ähli oňaýlyklary bolan talyplar umumy ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi bu binalardan örän ýakyn ýerde ýerleşýär.
Täze ýokary okuw mekdebiniň dabaraly açylşy entek öňde dur. Halkara gumanitar ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kabul ediş topary häzirlikçe döwlet uniwersitetiniň binalarynyň birinde ýerleşýär. Giriş möwsümini üstülikli tamamlan oglanlaryň we gyzlaryň 280-si ilkinji bolup bu täze ýokary okuw mekdebiniň talyp şahadatnamalarynyň eýeleri bolarlar.
Halkara uniwersitetinde on dört ugur boýunça ýokary hünärli hünärmenler taýýarlanylar. Olar filosofiýa, sosiologiýa, halkara jemgyýetçilik hukugy we şahsy hukuk, halkara gatnaşyklary, žurnalistika, halkara: ykdysadyýet, menejment, maliýe, ätiýaçlandyryş işi, kommersiýa, şeýle hem programmalaşdyrmak, kompýuter we kommunikasiýä tenologiýalary diýen ugurlardan ybaratdyr.
Talyp diýen ada iňlis dilini bilýän ýaşlar dalaş ederler. Mundan daşgary hem olar bu ugurda bilim alarlar. Olaryň köpüsi ýörüteleşdirilen orta okuw mekdeplerinde okan ýaşlardyr, dil boýunça okuwlara we halkata bilim programmalaryna gatnaşan ýaşlardyr.
Ilkinji okuw ýylynda talyplar iňlis dili boýunça bilimleriniň üstüni ýetirmek bilen, dil bölüminde bilim alarlar. Indiki okuw ýylyndan başlap, iňlis dilini oňat bilýän abiturentler dil bölüminde okaman test esasynda ýörüte dil synaglarynadan, soňra bolsa giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, birinji ýyl talyplary bolup bilerler
Talyplar dil boýunça bir ýyl okanlaryndan soňra bakalawriat ulgamy boýunça dört ýyl hünär taýýarlygy mekdebini geçerler. Şeýle hem indiki basgançak – iki ýyllyk magistratura hem göz öňünde tutulandyr. Ýokary okuw mekdebiniň okuw progammasy Bolon işiniň, şol sanda türkmen diplomlarynyň ykrar edilemgini göz öňnde tutýan talaplary esasynda düülnedir.
Halkara gumanitar ylymlary we ösüş uniwersitetiniň belli daşary ýurt bilim merkezleri, şol sanda mugallymlary çekmek maksady bilen hyzmatdaşlygy ösdüriler. Bu ýokary okuw mekdebinde iňlis dili ulgamynda ýokary hünärli hünärmenleri toplamak işleri alnyp barylýar. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň uly tejrribesi bolan mugallymlar talyplara sapak bermekde ilkinjileriň hatarynda bolar.