Ï Halkara emin agzalarynyň düzüminde – türkmen mekdep okuwçysy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara emin agzalarynyň düzüminde – türkmen mekdep okuwçysy

view-icon 1471
Gazagystanyň paýtagty Astanada mekdep okuwçylarynyň arasynda fizika boýunça geçirilen 45-nji Halkara predmet olimpiadasynda biziň ýurdumyzyň “intellektual toplanmasynyň” üsti iki sany bürünç medal bilen ýetirildi. Bu olimpiada dünýäniň ýetmişden gowrak döwletinden üç ýüze golaý mekdep okuwçylary gatnaşdy. Aşagabatly mekdep okuwçylary Döwran Amanow we Omargeldi Atanow bu abraýly baýraklaryň eýeleri bolmagy başardylar.

Iýul aýynyň şu günlerinde türkmen mekdep okuwçylarynyň beýleki bir topary dünýä ähmiýetli nobatdaky intellektual bäsleşige gatnaşdy. Bu topar şu ýyl Indoneziýanyň Bali şäherinde geçirilen Halkara biologiýa olimpiadasynda biziň ýurdumyzyň adyndan çykyş etdi.


Umuman alanyňda bu bäsleşikde biziň wekillerimiziň ýokary baýraklary almandygyna garamazdan, türkmen biologlarynyň toparlaýyn çykyşy üstünlikli boldy. Bary-ýogy iki bal olry ýeňişden daşlaşdyrdy. Bu olimpiadanyň aýratynlygy halkara emin wekilçilikli toparynyň agzalygyna gönüden-göni mekdep okuwçylarynyň girizilmegidir.

Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Gurbangeldi Gurbangeldiýew eminler toparyna biziň ýurdumyzyň adyndan wekilçilik etdi. Bu hormatly hukuk oňa ylmy-intellektual ugrunda gazanan aýratyn üstünlikleri üçin berildi. Ozal ol özüniň işiniň aýratyn wajypdygy üçin ýörüte baýraga mynasyp boldy. Ol bu işini geçen ýyl Jakarta şäherinde geçirilen tebigy ylymlar ulgamynda ylmy taslamalaryň 1-nji Halkara olimpiadasynda “Daşky gurşaw. Biologiýa” ady bilen görkezdi.