Şu gün Türkmenistanyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň dünýä garaýyşly ýokary hünärli, ukyply hünärmenleri taýýarlamak boýunça öňde goýlan möhüm wezipelerine laýyklykda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde “açyk gapylar” günleri geçirildi. Dalaşgärlere okuw mekdepleriniň işiniň ugurlary hem-de olara kabul etmegiň düzgünleri barada doly maglumat almaga mümkinçilik döredildi. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu möhüm waka taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleleri giňden beýan edip, kabul ediş möwsüminiň geçirilmegine mynasyp goşant goşdular.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maglumatlaryna görä, şu ýyl ýurdumyzyň raýat ugurly ýokary okuw mekdepleriniň 19-syna okuwa girmek üçin 25 müň 182 adam resminamalary tabşyrdy. Dalaşgärleriň köpüsi abraýly milli we halkara bäsleşikleriniň hem-de ders bäsleşikleriniň ýeňijileridir.
2014-2015-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň raýat ugurly ýokary okuw mekdeplerine 6861 talyp kabul ediler. Bu bolsa geçen ýyldaky görkeziji bilen deňeşdirilende 761 adamyň köpdügini aňladýar.
Döwlet Baştutanymyzyň çözgüdine laýyklykda, şu ýyl ýokary okuw mekdepleriniň köpüsinde talyplary kabul etmegiň möçberi artdy, şeýle hem ýurdumyzyň hereket edýän ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugrurlarynyň 19-sy açyldy. Olaryň hatarynda türkmen ýokary okuw mekdepleri üçin täze hünärleriň 11-si bar. Ine, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hünärmenleri taýýarlamagyň ugry “şäher gurluşygy we hojalygy”, “şähergurluşyk” hünärleriniň goşulmagy bilen artdy. Türkmenistanyň döwlet energetika instituty täze okuw ýylyndan “adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” hem-de “gazturbina desgalary we dwigatelleri” ýaly täze ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlar. S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda täze hünär -- “mekdebe çenli bilim we terbiýe” hünäri döredildi. Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “gazturbina desgalary we gazkompressor stansiýalary” hünärine ilkinji seçip alyş başlandy. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “baha kesmek işi” diýen täze hünär boýunça okuw alnyp barlar. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “saglygy dikeldiş we adaty däl lukmançylyk” hünäri boýunça, Türkmen oba hojalyk institutynda “tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy” hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanar. Ýurdumyz üçin hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlary Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň okuw meýilnamasyna goşuldy. Olar “material we nanotehnologiýa” hem-de “informatika we informasion-kommunikasion tehnologiýalary mugallymy” hünärleridir.
Ilkinji gezek Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine 14 ugur boýunça talyplar kabul ediler. Bu ýerde okuwlar iňlis dilinde tölegli esasda alnyp barlar.
Halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ýokary hünärli işgärlere islegi nazara alnyp, ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwçylary kabul etmegiň hem-de taýýarlamagyň ugurlarynyň sany artdy. 29-njy iýulda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň 40-synda synaglar başlanýar, olar ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň buýurmalaryna laýyklykda 7716 okuwçyny kabul eder. Bu bolsa geçen ýyldakydan 1194 adam köpdür. Olaryň 970-si täze orta hünär okuw mekdeplerinde, şol sanda, Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde, Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde hem-de Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebinde bilim alar. Olar başlangyç hünärmentçilik mekdepleriniň binýadynda döredildi. 2014-2015-nji okuw ýylynda olarda oglanlaryň we gyzlaryň 30 müňüsi bilim alar. Mälim bolşy ýaly, auditoriýalarda geçirilýän synaglaryň barşy okuw mekdeplerinde ýörite oturdylan monitorlarda görkeziler.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary 20-nji awgusta çenli dowam eder. Olara kabul edişlik synaglaryň üçüsini üstünlikli tabşyprmagyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda geçirilýär. Üç synagyň biri hünär ugurlaryndan başga, ýokary okuw mekdepleriniň ählisi üçin “Türkmenistanyň taryhy” dersinden tabşyrmak hökmany bolup durýar. Halkara türkmen-türk uniwersitetine talyplary kabul etmek testler esasynda geçirilýär.
Bilim ministrliginiň garamagyndaky mugallymçylyk we maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdeplerinde, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdeplerinde, şeýle hem Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky orta hünär mekdeplerinde giriş synaglary 28-nji iýuldan 7-nji awgust aralygynda geçiriler. Hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdepleri resminamalary 16-njy awgusta çenli kabul eder, olarda giriş synaglary bolsa 19-26-njy awgust aralygynda geçiriler.
Häzirki kabul edişlik möwsümi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim syýasatynyň tapgyrlarynyň biridir. Ol ýokary hünärli işgärleri, ählitaraplaýyn ukyply hem-de ruhy baý adamlary taýýarlamaklyga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda bilim ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklylykda ykdysady ösüşiň has kuwwatly hereketlendiriji güýji, halk hojalygynyň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň serişdesi bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň abadançylygynyň, her bir raýatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň möhüm şertleriniň biridir. Şunda bilimi ösdürmegiň milli ýörelgesiniň özenini ruhy baýlygy, milli tejribäni we bu ulgamda umumdünýä gazanylanlary utgaşdyrýan gymmatlyklar düzýär.
Döwlet Baştutanymyz dünýäde aň-bilim we tehnologiýa bäsleşiginiň eýýamynda hut bilimiň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini, üpjün edýän kesgitleýji şert bolup durýandygyny nygtaýar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri döwrebap bilimiň we öňdebaryjy ylmyň hakyky ojagyna öwrülýär, şoňa görä-de, häzirki wagtda has mynasyp, taýýarlykly, zehin-ukyply, öz Watanyny tüýs ýürekden söýýän hem-de ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmagşa ymtylýan oglan-gyzlary saýlamak milli Liderimiziň olaryň öňlerinde goýan esasy wezipesi bolup durýar.