Ï Garagumyň täze durmuşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garagumyň täze durmuşy

view-icon 1244
Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty Türkmen kölüniň towereklerini we onuň gurluşynyň daşky gurşawa ýetirýän täsirini toplumlaýyn öwrenmek döwlet maksatnamasy boýunça gözleg işlerini geçirýär. Bu maksatnama 2013-nji ýylda tassyklanypdy, gözleg işleri dört ýyl dowam eder. Ol ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýagdaýynyň monitoringini, galofit ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek boýunça öri meýdanlaryny baýlaşdyrmagyň mümkinçililerini öwrenmekligi göz öňünde tutýar.


Hususanda, institutyň çägeligi berkitmek we tokaýlaşdyrmak barlaghanasynyň hünärmenleri iri kollektorlaryň torunyň epesli bölegi ýerleşýän Ahal welaýatynyň çäklerinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň kollektorlar zolagynda çägeleriň süýşmegini azaltmak, tokaýlygy we bagçylygy köpeltmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanýarlar.

Hünärmenler çölüň landşaftyny, topragyň gurluşyny, ýerasty suwlary öwrenmek bilen meşgullanarlar. Çägeligiň berkligi barada maglumatlary toplamak meýilleşdirilýär. Ýolugra Garagum çölüniň özleşdirilen böleklerinde, täze demir ýol beketlerinde we razýezdlerde, täze ilatly nokatlaryň töwereginiň çäklerinde bag ekmekligi guramak meseleleri çözüler.

Şu ýylyň güýzinde ilkinji barlag ekspedisiýasy göz öňünde tutulýar. Indiki ýylda alymlar öz gözleg geçirýän zolaklarynda synag etalon uçastoklaryny gurmak barada pikir edýärler. Bu bolsa meýdan ylmy-amaly gözleg işlerini geçirmek we monitoring ölegleri üçin özboluşly meýdan bolar. Şeýle uçastoklar ýeliň göçürýän zolaklarynda hem bolar. Onda çägäniň göçýän möçberleri, beýleki ekologiki meseleler kesgitlener.