Ï Türkmen talyplary Bolgariýada geçirilen Halkara matematika bäsleşiginde ýeňiş gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary Bolgariýada geçirilen Halkara matematika bäsleşiginde ýeňiş gazandylar

view-icon 1031
Şu gün Bolgariýarynyň Blagoýewgrad şäherinde 29-njy iýul – 4-nji awgust aralagyngda geçirilen 21-nji Halkara matematika bäsleşiginde talyplarymyzyň gazanan üstünligi mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dabara geçirildi.

Halkara matematika olimpiadasynda türkmen talyplary şowly çykyş edip, biziň ýurdumyzyň at-abraýyny ýokary göterdiler. Bu bäsleşige dünýäniň 36 ýurdundan talyp ýaşlaryň 324-si gatnaşdy.

Matematikanyň çylşyrymly meseleleriniň dürli görnüşlerini öz içine alýan we şahsy birinjilik görnüşinde iki tapgyrda geçirilen olimpiadada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň ikinji we üçünji ýyl talyplary P. Agamyradow hem-de R. Hajyýew kümüş medallara mynasyp boldular. Mundan başga-da şol fakultetiň ikinji ýyl talyplary K.Durdymyradow, G. Motukow, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň birinji ýyl talyby T. Gurbanow, Daşogzuň Malie-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň birinji ýyl talyby S. Haýydow bürünç medallary eýelediler.

Bu abraýly Halkara matematika olimpiadasynda türkmen talyplarynyň üstünlikli çykyş etmegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bilim ulgamynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň yzygiderli amala aşyrylmagynyň netijesidir. Soňky ýyllarda türkmen talyplary halkara derejesinde geçirilýän ders aň-bilim bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler.

Dabaranyň barşynda çykyş edenler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkara ülňülerine laýyk gelýän hilli bilim almaga hem-de ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny, zehinini doly açmaga mümkinçilik berýän şertleri döredýändigi üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Bäsleşige gatnaşyjylar mundan beýläk hem bilimleri üstünlikli ele almak bilen Watanymyzyň gülläp ösmegine öz goşantlaryny goşjakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.