Ï Türkmenistanyň mekdep bilimi – milletiň akyl-paýhas mümkinçiligini artdyrmagyň strategiýasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň mekdep bilimi – milletiň akyl-paýhas mümkinçiligini artdyrmagyň strategiýasy

view-icon 1856
Şu günler ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 2014-2015-nji okuw ýylynyň başlanmagyna taýýarlygyň möhüm tapgyry – 1-nji synpa gitjek okuwçy toparlary döretmek boýunça guramaçylyk işleri geçirilýär. Olar mähriban Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz röwşen ýollaryny bilim dünýäsine gadam goýmakdan başlaýan türkmen okuwçylarynyň nobatdaky täze neslidir.

Tutuşlygyna alnanda, 2014-2015-nji okuw ýylynda ýurdumyz boýunça 110 müňden gowrak çagalaryň, esasan hem 6 ýaşly çagalaryň okuwa kabul edilmegine garaşylýar.

Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde gören ilkinji çäreleriniň hatarynda bilim ulgamyny döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri diýip yglan etdi. Döwlet Baştutanymyz bu ulgama diňe bir okatmak we hünär taýdan taýýarlamak, ykdysadyýetiň işgärler babatdaky daýanjy hökmünde däl, eýsem, jemgyýetiň, onuň her bir nesliniň ruhy binasy gurulýan esas hökmünde garaýar. Bilim bermek işine çekilen köp müňlerçe adamlar, ýagny, biziň çagalarymyz, ýaşlarymyz we olaryň halypalary, mugallymlar özleriniň gönüden-göni özara gatnaşyklary bilen nesilleriň, bilim almagy ruhlandyrýan we ähli mekdebi şahsyýeti kemala getirmäge çagyrýan adamkärçilik gatnaşyklarynyň sazlaşykly arabaglanyşygyny emele getirýärler.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, geljekki nesil hakyndaky alada—munuň özi ertirki güne iň bir ynamly, akylly-başly we asylly maýa goýumydyr. Çagalaryň abadan we mynasyp durmuşyny üpjün etmek, ösüp gelýän ýaş nesliň aň-düşünje kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmegi üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji nobatda Watanymyzyň ykbaly, onuň şu güni we geljegi üçin belent jogapkärçilige gönükdirilen tagallalarynyň özenini düzýär.

Gysga döwür içinde milli bilim ulgamyny özgertmek boýunça ägirt uly işler geçirildi. Ýurdumyzda okatmagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna eýe bolan täze, iň häzirki zaman okuw--terbiýeçilik edaralarynyň örän köpüsi açyldy. Olaryň gurluşygy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde - dolandyryş merkezlerinde hem, alysdaky obalarda hem alnyp barylýar, her ýyl täze bilim edaralary ulanmaga berilýär. Özi-de okatmagyň yzygiderlilik we üznüksizlik ýörelgesi berjaý edilýär, ol hakykatda çagalar bagyndan başlanýar.

Ahal welaýatynda okuw ýylynyň başlamagynyň öň ýanynda umumybilim berýän mekdepleriň 9-sy we bir çagalar bagy, Balkan welaýatynda orta mekdepleriň häzirki zaman täze binalarynyň 7-si we çagalar baglarynyň 8-si, Daşoguz welaýatynda orta mekdepleriň 13-si we çagalar baglarynyň 3-si, Lebap welaýatynda umumybilim berýän orta mekdepleriň 11-si we çagalar baglarynyň 5-si ulanylmaga berler. Mary welaýatynda bolsa umumybilim berýän orta mekdepleriň 19-sy, çagalar baglarynyň ikisi gapylaryny giňden açar.

Tutuşlygyna alnanda, Türkmenistan boýunça Bilimler we talyp ýşlar gününe bagyşlanyp, 31 müň 800 okuwçy orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 59-sy, 3255 orunlyk çagalar baglarynyň 20-si açylar.

Täze okuw mekdeplerini gurmak bilen bir hatarda, işläp gelýän okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady hem pugtalandyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim edaralarynda okatmak iň döwrebap tehniki serişdelerini peýdalanmak bilen baglanyşyklydyr, munuň özi ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösüşine, jemgyýetimize düýpli özgertmeleriň aralaşmagyna ýardam eder, jemgyýetiň geljegi bolsa şu günki çagalara baglydyr.

Çuňňur özgertmeler bada-bat bolup geçmeýär. Olar sähel pursatlyk, ýöne gysga möhletli öwezini ödemegi hasaplamak bilen däl-de, eýsem, uzak möhletli netije gazanyp, irginsizlik we maksada okgunlylyk bilen kem-kemden amala aşyrylýar. Munuň özi ykdysady-durmuş babatda hem, adam ölçegleri babatda hem täsir edýär. Ähli birinji synp okuwçylaryna her ýyl şahsy kompýuterleri bermek barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy ýurdumyzyň bilim ulgamyny uly möçberli özgertmegiň nobatdaky çäresi boldy.

Elektron kömekçileri peýdalanmak bilen interaktiw multimediýa görnüşinde sapaklary geçmegiň tejribesi şeýle çemeleşmäniň netijeliligini we ýaş türkmenistanlylaryň okuwa gyzyklanmasynyň artmagyny, mekdep okuwçylarynyň bilim derejelerini ýokarlandyrmaga isleginiň güýçlenmegini we şonuň netijesinde, bilimiň hiliniň ýokarlanmagyny görkezdi. Munda täzeçil mugallymlaryň hyzmatlary hem möhümdir, olar ýörite multimediýa okuw gollanmalaryny taýýarlamaga gatnaşýarlar.

Bu ugurda öňde durýan wezipeler hem uludyr we köptaraplydyr. Munuň özi çagalarda özbaşdak we höwes bilen okamak, çaganyň ukyplaryny ýüze çykarmak üçin giň okuw maksatnamasyny bermek endiklerini kemala getirmekden ybaratdyr. Şonuň üçin hem ähli mekdepler häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamyna bildirilýän talaplara laýyklykda, çagalaryň hemmetaraplaýyn intellektual we beden taýdan ösüşi üçin ähli zerur çäreleri göz öňünde tutýar. Olar ähli okuw ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen iş otaglaryna hem-de goşmaça bilimler üçin otaglara eýedir, olarda okatmak işi öňdebaryjy kompýuter tehnikasy arkaly alnyp barylýar.

... Geljekki birinji synplaryň we ähli okuwçylaryň ene-atalary üçin häzir iň esasy döwür ýetip geldi. Şu günler tomsuň ahyrky aýy täze okuw ýylynyň ýetip gelýändigini aňlatmak bilen, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda köpsanly mekdep bazarlary, gürrüňsiz suratda, iň köp adamly ýerlere öwrülýär. Hut şol ýerlere ene-atalar çagalaryna mekdep egin-eşiklerini, okuw esbaplaryny alyp bermek üçin her gün gelýärler.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan guralan däp bolan söwda nokatlarynyň tekjelerinde harytlaryň we okuw esbaplarynyň giň görnüşleri çykarylypdyr.

Bu ýerde alyjylara kanselýar we okuw esbaplary: depderler, gündelikler, surat çekmek we çyzuw üçin depderler, okuw torbalary, ruçkalar, galamlar we beýlekiler satylýar. Şol önümleriň köpüsiniň ýurdumyzda öndürilendigi bellärliklidir. Neşirýat önümleriniň bezegi alym-mugallymlaryň we psihologlaryň ylmy hödürnamalary nazara alnyp, şeýle hem täze bilim syýasatynyň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanandyr.

... Eýýäm iki ýarym hepdeden tutuş ýrdumyz boýunça ilkinji mekdep jaňy ýaňlanyp, özüniň ähli dersleri we arakesmeleri, barlag işleri we öý işleri bilen täze okuw ýylyna badalga berer. Däp boýunça biz şol güni uly umumyhalk baýramy hökmünde belläris. Onuň esasy gahrymanlary 1-nji synp okuwçylary bolar. Olara diňe bir mekdebe däl, eýsem-de olaryň durmuşyň täze tapgyryna, bilimler dünýäsine gapy açylýar.

Bu gün biziň ýurdumyz türkmen biliminiň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, onuň dünýäniň bilim giňişligine girmegi üçin we umuman bilimlere esaslanan jemgyýeti gurmak üçin zerur bolan gymmatly tejribä eýe bolýar. Türkmenistanda köp asyrlaryň dowamynda çagalary terbielemekde ýola goýlan ruhy - ahlak däplere esaslanan hem-de okatmagyň ýokary dünýä ülňülerine ugur alan döwrebap milli bilim ulgamy döredilýär.

Bilim ulgamy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, çagalar edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap çagalar baglaryny, mekdepleri, ýokary okuw mekdeplerini, medeni we dynç alyş merkezlerini gurmak - bular ýurdumyzda ýaş nesliň geljekki abadançylygynyň bähbidine alnyp barylýan köptaraplaýyn işleriň bir bölegidir. Mälim bolşly ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga örän uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň esasy aladasy bu işlere ýaş türkmenistanlylary çekmek bolup durýar. Ýurdumyzda bedenterbie we olimpiýa hereketi giňeýär, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistanyň abraýyny goraýan ýaş türgenleriň hatary artýar. Ähli welaýatlarda stadionlaryň, suw toplumlarynyň iri gurluşyklary alnyp barylýar, Aşgabatda eýýäm bar bolan iri sport toplumlarynyň üstüne tiz wagtda Olimpiýa şäherçesi goşular.

Ýurdumyzy ösüşiň täze ölçeglerine çykarmak maksady bilen görülýän çäreler – goý, ol halkara hyzmatdaşlygy, ykdysadyýet, saglygy goraýyş, durmuş ugry ýa-da oba ýerlerini abadanlaşdyrmak bolsun – hemme işlere täze düşünjeli nesilleri terbiýelemek nukdaýnazaryndan garalýar. Şeýlelik bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze hakykatyny, üçünji müňýyllykda Türkmenistanyň öňünde durýan ägrit uly wezipeleri nazara alyp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň mundan beýläk-de öňe gitmek üçin uly gumanitar we işgärler binýadyny döretmek bilen, döwleti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esas goýujy maksatnamalarynyň birine öwrülendigini ynamly aýtmak bolar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bilim özgertmeleri biziň durmuşymyzyň keşbinde, biziň jemgyýetimizde düýpli üýtgeşmeleri aňladýar. Sebäbi bilim ulgamyny üýtgedip, biz kämilleşdirýäris we adamlaryň, biziň bütin jemgyýetimiziň pikirleniş ukybyny giňeldýäris. Özgertmeleriň binýadyna bilim ulgamynyň ösüşlere beslenen nusgasyny goýmak bilen biz onuň özeninde ösen jemgyýetiň keşbini esaslandyrýarys. Biz Watanymyzyň geljekki ösüşinde şunuň ýaly geljekki jemgyýeti görmek isleýäris. Hut şunda biziň ähli özgertmelerimiziň yzygiderliligi we mazmuny jemlenendir.

Şoňa görä-de, ýakynda boljak Bilimler we talyp ýaşlar güni – ol diňe bir täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan baýramçylyk däl, hem oňa gabatlanan dabaralar bolmak bilen Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, deň mümkinçilikler jemgyýetiniň abadançylygy, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokarlanmagy üçin esasy şert hökmünde biziň döwletimiziň ýaş raýatlaryň geljekdäki bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işiniň özboluşly ýüze çykmasydyr.

Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, çagalar - biziň geljegimiz, Watanymyzyň geljekki ykbalyny biz hut şolara ynanýarys, eger biz olaryň üstünliklerine, bilimlerine we ukyplaryna buýsanmak üçin ähli şertleri döretsek, onda şol ykbal – ygtybarly ellerde. Watana biziň buýsanjymyz hem has-da artar.