Ï Mugallymlaryň awgust maslahatlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mugallymlaryň awgust maslahatlary

view-icon 1836
Täze, 2014-2015-nji okuw ýylynyň öňisyrasynda 20-nji awgustda biziň ýurdumyzda mugallymlaryň hepdelik maslahatlary badalga alaýar. Hemme ýerde – paýtagtda we welaýatlarda – bilim ulgamynyň mekdebe çenli ýaşly we mekdepden daşgary edaralarynyň, orta okuw mekdepleriniň hünärmenleriniň sebitleýin duşuşyklary geçiriler. Duşuşyklarda ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we bilim bermek bilen bagly möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Orta okuw mekdeplerinde 12 ýyllyk bilim bermek, çagalaryň intellektual ukyp başarnyklaryny açmak maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde bolar. Okatmagyň täze usullaryny özleşdirýän mekdepleriň ilkinji tejribelerine garalyp geçiler, iň gowy innowasion mugallymçylyk usullary mundan beýlak hem giňden ýaýradylar.

Seksiýa – metodiki we praktiki mejlisler ýurduň baş şäheriniň birnäçe orta okuw mekdeplerinde hem-de çagalar baglarynyň birnäçesinde geçiriler.

Mugallymlaryň paýtagtda geçirilýän maslahatlary ýaly maslahatlar sebitleýin derjeleriň ählisinde geçiriler. Däp bolşy ýaly, olarda ýurduň iň gowy mugallymlaryna hormat goýmak dabaralary geçiriler.