Ï Türkmen talyplary – Halkara olimpiadasynda baýrakly orunlaryň eýeleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary – Halkara olimpiadasynda baýrakly orunlaryň eýeleri

view-icon 1294
Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara ders olimpiadasynda baýrakly orunlara mynasyp bolan şu ýokary okuw mekdebiniň talyplaryny sarpalamak dabarasy boldy.

Olimpiadalaryň ikisi hem – matematika boýunça 15-nji Halkara olimpiadasy we himiýa boýunça 7-nji Halkara olimpiadasy Eýran Yslam Respublikasynyň Şiraz şäherinde awgust aýynyň ikinji ongünlüginde geçirildi. Oňa Russiýadan, Yrakdan, Omandan we beýleki döwletlerden talyplaryň 48-si gatnaşdy.

Bu abraýly intellektual bäsleşikleriň şahsy birinjiliginde matematika fakultetiniň talyplary Röwşen Hajyýew we Ýusupbaý Ermetow, şeýle hem himiýa we biologiýa fakultetiniň talyby Eziz Naryýew ýokary taýýarlyk derejesini görkezip, bürünç medallara mynasyp boldular. Halkara olimpiadasynda toparlaýyn bäsleşikde geljekki türkmen matematikleri hormatly üçünji orny eýelediler.

Her ýyl halkara derejesindäki olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolýan türkmen talyplarynyň täze üstünligi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdep ylmynyň artýan kuwwatyny we Türkmenistanyň ýaşlarynyň köpugurly zehinini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn aladasy netijesinde ýurdumyzyň ýaşlary ukyplaryny doly açyp görkezmäge mümkinçilik aldylar.

Bu üstünlikler milli Liderimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän giň möçberli özgertmeleriniň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli amala aşyrmagyň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň ýaşlary bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe gitmegi baradaky wezipeleriň çözülmegine saldamly goşant goşýarlar.