Bu gün ýurduň ähli künjeklerinde iň ýokary derejeli bilim desgalarynyň onlarçasy ulanmaga berildi. Göz öňünde tutulyy ýaly, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda täze ýokary okuw mekdebiniň – Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň dabaraly açylşy boldy, ýurduň dürli sebitlerinde altmyşa golaý umumy bilim berýän orta okuw mekdepleri we ýigirimi sany çagalar mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary ulanmaga berildi.
Meselem, bu günki gün bilim desgalarynyň kyrkdan gowragynyň gurluşygy alnyp barylýan ýeri bolan Ahala welaýatynda Altyn asyr, Baharly, Gökdepe etraplarynda we Garabogaz şäherçesinde iň häzirki zaman mekdepleri öz okuwçylary üçin gapylaryny giňden açdylar.
Balkan welaýatynda umumy bilim berýän orta okuw mekdepleriniň we mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin niýetlenen edaralaryň 50-den gowragy gurulýar. Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde her biri 500 orunlyk bolan mekdepleriň ikisi özleriniň ilkinji okuwçylaryny kabul etdi. Esenguly, Magtymguly etraplarynda we Garabogaz şäherinde hemmetaraplaýyn bilim bermek we sazlaşykly ösmek üçin zerur gerek bolan enjamlar we iň häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler guruldy.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Galkynyş, Garaşsyzlyk, Garabekewül, Köýtendag, Serdarabat etraplarynda umumy bilim berýän orta okuw mekdepleri hem-de çagalar baglary welaýatyň ýaşajyk ýaşaýjylary üçin öz gapylaryny giňden açdylar.
Mary welaýatynda orta okuw mekdepleriniň we çagalar baglarynyň ýüzden gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar. Olaryň bir bölegi şu ýylyň täze okuw ýylyna ulanmaga tabşyryldy. Sebtiň dürli etraplarynda täze okuw-terbiýeçilik toplumlary öz täze okuwçylaryny kabul etdiler.
Ýurduň demirgazyk sebtinde hem täze okuw ýylyna oňat hilli taýýarlyk görüldi. Bu ýerde - Daşoguz şäherinde, Boldumsaz, Gurbansoltan eje adyndaky, Görogly, S.A.Nyýazow adyndaky, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etraplarda eýýäm orta okuw mekdepleri we mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary ulanmag berildi hem-de bu ugurda gurluşyk işleri üstünlikli dowam etdirilýär.
Öz göwrümi boýunça örän uly we täsir galdyrýan birinji sentýabra bagyşlanyp geçirilýän bu örän uly başlangyçlar çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalar, orta okuw mekdeplerinde okaýanlar, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar üçin güýz paslynyň ilkinji gününde bellenilýän – Bilimler we talyp ýaşlar güni baýramçylygy olaryň ýatdan çykmajak gününe öwrüldi.