Şu gün Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralaryň ýaýbaňlandyrylan pursatlarynda paýtagtymyzda saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny kanun esasynda goramak, olary mynasyp durmuş şertleri bilen üpjün etmek, körpe nesilleriň döwrebap bilim, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýe almaklary, sazlaşykly ösmekleri we kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda edýän tagallasynyň nobatdaky netijesidir.
Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň sebitlerinde umumybilim berýän orta mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, mekdep-internatlaryň Gökderede we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda häzirki zaman çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň we sport toplumlarynyň yzygiderli gurulmagy. ozal hereket edýän bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynynyň berkidilmegi, mekdep okuwçylarynyň çagalar baglaryndaky körpeleriň, talyplaryň ýokary hilli okuw kitaplary, okuw usuly gollanmalary bilen üpjün edilmegi, 1-nji synpa barýan mekdep okuwçylaryna netbuk kompýuterleriniň sowgat berilmegi hormatly Prezidentimiziň başyny başlan bilim özgertmeleriniň oňyn miwesidir.
Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda çagalaryň saglyk mümkinçilikleri we aýratynlykylary nazara alnyp ýörite okuw kitaplary, usulyň gollanmalaryň toplumy neşir edildi. Iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen we körpeleriň döwrebap bilim almaklary, saglyklaryny dikeltmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilen Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzda her bir çaganyň döwletimiziň we hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen gurşalandygyna şaýatlyk edýär.
Ertekilerdäki köşgi ýadyňa salýan we umumy meýdany 53 müň 100 inedördül metrden gowrak bolan bu toplumy Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda “Çeper gurluşyk” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Toplumyň öňündäki baýramçylyk äheňinde bezelen meýdançada aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Ýanaşyk ýerleri göwnejaý derejede abadanlaşdyrylan toplumyň binagärlik keşbi paýtagytmyzyň şu künjegindäki desgalar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi.
Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň açylyş dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzyň körpe nesilleriniň hemmetarpalaýyn we sazlaşykly ösmegi, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy we saglyklaryny berkitmekleri üçin yzygiderli alada edýän milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Toplumyň 8 sany binasy bolup, olarda saglygy dikeldiş toplumynyň dolandyryş edarasy, lukmanlaryň iş otaglary, dermanhana, saglygy dikeldiş merkezi, okuw-önümçilik ussahanalary, 215 orunlyk mejlisler zaly, sport zaly we ýapyk suw howzy, 200 orunlyk naharhana, şeýle hem mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň saglyk derejesine laýyklykda dürli binalar, şeýle hem üç sany mekdebe çenli ýaşly çagalar bölümleri ýerleşýär.
Ähli amatlyklary özünde jemleýän Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň ähli binalary dünýäniň iň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary, ösen tehnologiýalar we häzirki zaman innowasion gazananlary bilen enjamlaşdyryldy.
Toplumyň saglygy dikeldiş binalarynda Germaniýanyň, Türkiýäniň, Gollandiýanyň, Polşanyň, Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň bejeriş-dikeldiş çärelerini geçirmek üçin niýetlenen iň kämil enjamlary oturdyldy. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň türgenleşik geçmekleri üçin hem ýöriteleşdirilen otaglar hereket edýär. Binalarda bejeriş-sagaldyş suw howzy bolup, olaryň bejeriji we rahatlandyryjy häsiýete eýedigini bellemeli. Munuň özi çagalaryň bedenlerini berkitmekde, saglygyny dikeltmekde, kesellere garşy göreş ukyplaryny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan çärelerdir.
Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde her bir çaganyň özüni oňaýly duýmaklary üçin ähli zerur mümkinçilikler döredildi. Onda üpjün edilen ýagdaýlar öý şertlerine has ýakynlaşdyrylypdyr. Şeýlelikde, bu ýerde döredilen amatlyklar, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri öz işine ussat bilim we saglygy goraýyş işgärleriniň yhlasly zähmeti bilen utgaşyp, çagalaryň saglyklarynyň tiz wagtda dikeldilmegini, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyny şertlendirer.
Umuman aýdanyňda, täze Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzda gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen beýik geljegimiz üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli, sagdyn, belent ruhly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, ýaşlarymyzyň sazlaşykly bilim-terbiýe almaklary, hemmetaraplaýyn ösen hünärli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet tarapyndan ägirt uly tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, onuň bilim binýadynyňy kuwwatlanmagy bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýaşlarymyzyň belent ynsanperwerlik we watançylyk ruhunda terbiýelenmegi ugrunda alnyp barylýan işler özleriniň oňyn netijesini berýär.
Dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi, onda çagalar üçin aňrybaş mümkinçilikleriň üpjün edilmegi milli Liderimiziň körpe nesilleriň saglygy, olaryň sazlaşykly bilim-terbiýe almagy babatda edýän aladasynyň aýdyň netijesidir.